wselennayaa
18.10.2023 18:03

Haýyş



Beýik wagtyň pese gülme,


Pesdiňä öň senem ahyr.


Goşgy ýazyp agyr bolma,


Her ynsandan bolmaz şahyr.



Kemsitme ynsany alsa,


Ynsan göwni ýykylmasyn.


Bir ýerde ýazgarlap ony,


Ejize at dakylmasyn.


Mert bol mertler bilen tirkeş,


Namartlara mydam gapyl.


Çenden artyk gürleme kän,


Sözüň bitmez ýerde ýapyl.



Çakdan aşa gürrüň edip,


Gep-gybaty kalba salma.


Sagdan dönüp, sola gidip,


Haýyş sen bir ýaman bolma.



Dawut Hojageldiýew

17
62
wselennayaa
17.10.2023 15:37

Baharda gül ýagdy,Gyşda garymyz.

Güýüzde gussa batdyk durna geçende.

Biziň täleýlerimiz

Ykballarymyz

Aýlanyp dur dört pasylyň içinde.


G.Ezizow

25
69
wselennayaa
16.10.2023 08:19

Dyzymyň üstüne tirsegim goýup

Ýada aldym biraz başdan geçeni.

Oňalmajak ýerine birini söýüp,

Telim gezek agladypdym ejemi.


Ölçemek ökünjiň kyndr göwrümin,

Näçe hatam bardr bilemok jemin.

Iň uly ýalňyşym geçen ömrümiň,

Kiçeldenim dik başyny ejemiň.


Heçallygym näzik göwnüne degip,

Agartdym käbämiň näçe saçyny.

Agladym,gygyrdym ýüregim bogup,

Agladypdym,agyrdypdym ejemi.


Günälerim ýüregime kir bolup,

Ýagyp dur ýyllaryň toplandy çaňy

Aýagynyň astynda gara ýer bolup

Gezeýin Allajan gora ejemi.

19
44
wselennayaa
15.10.2023 11:08

Kalbinizle yaptığınız her şey size geri dönecektir.

27
57