wselennayaa
18.10.2023 18:03

Haýyş



Beýik wagtyň pese gülme,


Pesdiňä öň senem ahyr.


Goşgy ýazyp agyr bolma,


Her ynsandan bolmaz şahyr.



Kemsitme ynsany alsa,


Ynsan göwni ýykylmasyn.


Bir ýerde ýazgarlap ony,


Ejize at dakylmasyn.


Mert bol mertler bilen tirkeş,


Namartlara mydam gapyl.


Çenden artyk gürleme kän,


Sözüň bitmez ýerde ýapyl.



Çakdan aşa gürrüň edip,


Gep-gybaty kalba salma.


Sagdan dönüp, sola gidip,


Haýyş sen bir ýaman bolma.



Dawut Hojageldiýew

17
63
wselennayaa
18 Oktýabr 2023
🤞
yanabayeva
18 Oktýabr 2023
Beyik wagtyn pese gulme beyikligin pesce bolmaz
gurbanowa
18 Oktýabr 2023
👍🏻👏🏻
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.