violinist
violinist
16.01.2023 00:46
Seni görsem, niredendir bir ýerden Mylaýym sabalar düşýär ýadyma. Seni görsem, niredendir bir ýerden Humarly sapalar düşýär ýadyma. Seni görsem, niredendir bir ýerden Dowamly ýagyşlar düşýär ýadyma.
violinist
violinist
15.01.2023 22:49
Indi bize duşuşmaga ýok sebäp, Çünki menzil uzak, göwünem sowuk. Bir mahalky didara zar göreçlem, Senden uzaklaşdy ýüzüni sowup, Indi menziller däl, ýyllaram ýatyr, Goja baglaň başlaryny yradan.
violinist
violinist
14.01.2023 23:59
Hemme şahyr saňa aşykmydy?! Her okan goşgymda sen barsyň..)
violinist
violinist
14.01.2023 16:58
Bagtly pursatlaryňy hemme bilen paýlaşyp bilersiň, emma, dertleriňi paýlaşýan ynsanlaryň aýratyndyr..🤍
violinist
violinist
13.01.2023 22:21
Mydar edýän ýürek bilen Müň ýamaly. Aglasyň gelende aglap bilmeseň Iň ýamany. Aýaň, yşka duşmadygy, Synlap öň ýanany. Aşyk ýöne ýerden gysmaz Galamy. Undup bolýa ähli derdem, Unutma ýok, Dert salany.
violinist
violinist
13.01.2023 10:48
Demiň gutarýança ylgap baryp bilmedik ýerleriňe elleri jübüsinde ýöräp gidenleriň baranyny göreniňde hemme zatdan göwnüň geçýän ekeni...
violinist
violinist
12.01.2023 10:59
Gaýtdym düňderilip, ýüzme urlan dek, Orun tapman seniň köňül törüňden. Ýalňyzlykda ot bolamda nädeýin — Diňe öz-özümi ýakyp ýörün men...
violinist
violinist
12.01.2023 00:42
Saýrak diller bärden gaýdýan ekeni, Şol ses bilen kän zat aýdýan ekeniň. Bilmedim ikimi, ýa-da ýekemi, Seniň pyşyrdyňy eşdesim gelýär...
violinist
violinist
11.01.2023 20:03
Bagtyñ damjalary öwrülse köle, Söýgüniñ ölçegi dälmişin ýaşda, Adyña meñzeşi taparyn ýöne, Saña meñzejek ýok bir senden başga...
violinist
violinist
11.01.2023 08:52
Tomusky dynç alyş, Hemem dynç güni, Şol bolupdy aýrylyşan senämiz. Aýra derýaň suwun içdik diýmeseň, Gör-ä, ykbal babatynda deň-ä biz. Senem şygyr ýazýaň, Meňem küýüm şol. Ýöne bir galamy tutup