violinist
15.01.2023 22:49
Indi bize duşuşmaga ýok sebäp,
Çünki menzil uzak, göwünem sowuk.
Bir mahalky didara zar göreçlem,
Senden uzaklaşdy ýüzüni sowup,

Indi menziller däl, ýyllaram ýatyr,
Goja baglaň başlaryny yradan.
Bagtyna gol bulap egni gysylan,
Öz yşkyňa seredip gör gyradan.

Indi bize ýar bolmadyk duýgydan,
Ýatlara sebäp ýok, ýatlama yşky,
Ykbalyň oýnudyr pelege boýun,
Çekmeli bolarys durmuş keşigi.

Indi bize ökünjiňem haýry ýok,
Wysala ýetmedik bagty agladan.
Gedemlikden näme tapdyň tutarlyk
Bir mahallar seniň göwnüň çagladan.

Ýöne ýyllar geçip ykbal duşursa,
Şol pursat sen meni bilmersiň tanap,
Çünki men bagtly ýylgyryp durkam,
Aýaklaň ädilmez asla men tarap...


Gunça Orazowa
19
166
Relax
15 Yanwar 2023
Kmg gurt, sag bol minnetdar:)) nesip bolsa
Relax
15 Yanwar 2023
Kmg gurt,ýok ...
Myhman Myhman
15 Yanwar 2023
Nadip post paylasmaly bilyanizmi???😶😶😶
Relax
15 Yanwar 2023
Kmg gurt,howa 1000 bal yeten son 2
Relax
15 Yanwar 2023
Kmg gurt,aýtmasañ nädip bileli😅
Relax
15 Yanwar 2023
Kmg gurt,nac ýaşynda sen
melek06
15 Yanwar 2023
November05,Sagbol:))
okayjy
15 Yanwar 2023
Indi bize ýar bolmadyk duýgydan 👍
November05
15 Yanwar 2023
Bitter,😁
November05
15 Yanwar 2023
melek06,Bolýa sagbol
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.