violinist
30.11.2023 10:59

Sen geldiň-de,

Garyp köňlüm baý etdiň.

Ýöne,

Nämüçindir,

Ynjalygym ýok.

Sen maňa bagt berdiň örän ullakan,

Ony nädip gorajagmy bilemok.


Ýöne

Säher-säher bagtymy öpüp,

Görýän öz-özümi seniň gözüňde.

Herhal, ýolda ýatan daş däl ekenim,

Artyk däl ekenim ýeriň ýüzünde

13
38
violinist
11.11.2023 11:47

Ýüregmiň sessizje aglamasyny,

Köne gussalarmyň ýatlamasyny

Ýatladýaň-da täzeläp derdim

Kalbymy ne beýle otlaýaň ýene.

Özümi mert saýyp gezýänem bolsam

Düşünemok hiç...

Bir Seniň öňünde ejizleýänme

Hemem Seni juda ezizleýänme.

Gözýaşlarym ýaly asla diňmejek

Seň has gussaly agras keşbiňe

Ýagyş damjalaň deý siňip gidýänme.

Ýogsam ýerem ýog-a

Aýdymdan,

Mukamdan, şygyrdan başga

Sary ýapraklarňa meňzeş dünýämde.

Nämüçinkä?!

Başgaça bolup bilmeýän.

Sary Güýzüm!

Sen bilýäň-ä...


Bilbil KAKABAÝEWA

18
33
violinist
10.11.2023 09:38

Aýsyz gije Aý dogupdy garşymda,

Aý dolupdy keşbin alyp perimiň.

Gujagymda dem alypdy ses-üýnsüz,

Gujagymda ýerleşipdi Zeminim.


Şonda men bagtlydym — kämil bagtdadym,

Duýgularym däliräpdi Jeýhun deý.

Gujagymda gobsunanda gara göz

Serim sermest bolup, göýä meý hum deý,

Meýe dönen hyjuwlarmy şagladyp,

Barlygymy bir şo gözde jemledi.

Adyn tutdum sandyradyp sesimi,

A ol bolsa ýuwaşjadan “hüm”-ledi.


Dünýäň ähli bagtyn alana dönüp,

Hatda, öz-özümem tanamandym men.

Bir gijede — Aý dogmadyk gijede

Aý gözeliň humaryndan gandym men.


Süýji düýşden soňky ýagdaý içinde

Gujagymdan sogrulanda aýňaldym.

Aýsyz gije Aý dogupdy garşymda.

...Dünýäm, hawa, şo gije sen Aý bolduň!


Sapa HOMMADOW

18
30
violinist
05.11.2023 22:34

Ýuwaş-ýuwaş çekdi gussa özüne,

Balaryny çekişi deý gülleriň.

Ertirlerne gorkup bakdy gözlerem

Şatlygyny unudan dek günleriň.


Kim men?

Näme üçin bu hala düşdüm?

Bardygyny unutdymmy hasratyň?!

Eger bagtym derdim bolsa başymda,

Birmahallar em tapylmaz hassadym.


Arzuw etmek aňsat bolýar ýeterden,

Ýöne derdin çekip bilseň beýiksiň.

Gözi köpe düşen harsydünýä deý,

Bu dünýäni gözlem bilen geýipdim.


Öz-özüme gysganamok göwünlik,

Günlerem ahyryn soňlugyn biler.

Gülküden soň gussa gelse günlere,

Gussadan soň bir gün gowlugam geler.


...Howluksa-da dar gursakda terpinip,

Ýürek günleň gowulykda durarna.

Pikir etmän uzaklygny ýollaryň,

Öwredip dur garaşmagy duralga.

23
75
violinist
05.11.2023 16:44

Menden hakykaty biljek bolýansyň,

Sensiz kynmy, bir ýalymy göwün ýa,

Heniz aýdylmaga ýetişilmedik

Datly sözler damagymda düwün ýa

Biparhmykam...

Saňa juda gerekdir

Bu zatlara düşünmegiň, syzýan men.

Wah, inçe däl boýun rugsat bermänsoň

Aýdyp bilmän, şu zatlary ýazýan men.


Bahanam kän öz-özümi aklara,

Dogry, ýekelige taşlanok dost-ýar.

Ýöne hakykaty aýtmaly bolsa,

Gizlemäýin: juda ýüregim gysýar...



Sapa HOMMADOW

23
32
violinist
04.11.2023 18:41

Dek düýnjigem seni ýatlap,

Bir azajyk agladym.

Ýöne näme kalbym otlan,

Düşünmedim, aňmadym.


Bilýän yşkdan saýradygym,

Gutulgysyz dertdigini.

Munda ajy aýralygyň,

Owal-ahyr şertdigini.


Indi seni düýşde görmek,

Galarmyka bagta dönüp.

Bar ekeni şeýle ölmek,

Ykbalyňy bölüp, bölüp...


Umyt gapysyndan ätläp,

Şol serimsal galgadym.

Dek düýnjigem seni ýatlap,

Bir azajyk agladym...

27
62
violinist
03.11.2023 13:01

Salam gadyrdanym.

Bügün ýalançy dünýäni gözelleşdirmek üçin dünýä inen günüň,has dogrusy meniň reňksiz,manysyz dünýäme reňk,ýaşamagyma sebäp döretmek üçin dünýä indiň we muny dolulygyna başardyň. Men söýmegi saňa seredip,seniň suratyňy çekmege meňzedýän. Söýgi bu-"Sen". Muňa başgaça iň gowy şekilde jogap bermek mümkin däl. Sebäbi men söýmegi saňa duşamdan soň öwrendim. Başgaça söýmegi başaramok men. Ömrüňden gidiren 20 ýylyň her bir pursadyna aýratyn hormatym bardyr. Sebabi bu wagt aralygynda özüňi akyl taýdan bütinleý kämilleşdireniňe ynanýan we muňa şüphe gözi bilen seretmegiňem geregi ýok,munuň sözsiz beýany-sensiň. Bügün ikinji ýubileýiňi garşy aldyň, bu möwsüm täze tanyşlaryň,dostlaryň sanyny hasam artdyrar. Olaryň arasynda seni söýjekler bolar,belkem olaryň söýgüsi seni "Senden" alarlyk derejede täsirli bolar. Belki senem şu möwsümde öz söýgiňe duşarsyň. Ýöne unutma, saňa bütinleý ömrüni bagş edip barlygy bilen söýjek ýekeje aşygyň men bolaryn,muňa ynanýan. Ikinji ýubileýiňi belläniňde maşgalaň bilen birlikde ýanyňda bolup şatlygyňa goşulmagyň wagty geldimi ýada ýok,bu ýeri meniň üçin garaňky.Emma mundan soňky ýubileýleriňde bile bolmaklyk bu meň üçin elýetmez arzuw... Edil sen ýaly. Hawa, sen meniň elýetmezim. Saňa gowuşmak aklyma gelende munuň ýerine elimi Aýa uzatsam ýetjek ýaly. Saňa "söz" bilen gowuşmaly bolýan bolsa günde bir kitap ýazardym we seni iň gowy şekilde saňa beýan ederdim,muňa doly ynanyp bilersiň. Saňa bolan söýgüm saňa "sen" diýip ýüzlenenimde "Sen" sözüniň baş harp bilen ýazylmagyny isleýär. Hawa ol söýgi şeýle päk. Seniň saýaňda dörän her bir duýgym,elbetde päk bolar.


Ýadyňdamy?Sen maňa:"Ruh ýoldaşym" diýipdiň.Şunça ýyllyk söýgüme jogap hökmünde mundan gowy söz tapylmaz. Belki din,resmi taýdan ýoldaş bolmarys. Emma sen hakykatdanam meniň "Ruh ýoldaşym". Muny hiç bir hakykat üýtgedip bilmez...Belki maňa:"şunça sözleri sen ýazdyňmy? Sen meni şeýle söýýäňmi?" diýen soragy bermek aklyňdan geçer. Hormatlym seni söýýänimi duýan günim ýaşaýanymy,dem alýanymy bildim. Sen meniň garaňkylygymy ýagtylyk bilen kimsesizligimi-barlygyň bilen,duýgusyzlygymy-duýgularyň bilen doldurdyň. Şeýlebir girdiň durmuşyma, durmuşymdaky ähli zat derbi dagyn boldy we täzeden gurdym durmuşymy,arzuwlarymy,hyýallarymy we hemmesinde sen bardaryň,barsyň,bolarsyňam...



Abat Aşyrgeldiýewa

32
150
violinist
02.11.2023 20:18

Saña mähirsiz diýýärin,

Isleýärin senden köp zat.

Men özümi akyl saýyp,

Saña diýýärinem bezzat.


Sen şonda-da geçirýärsiñ,

Meniñ diýýän sözlerimi.

Garaz söýýäniñ duýdurýañ,

Gizleseñem gözleriñi...


Hawa, bagt ahyry maña,

Seniñ söÿgüñde örlemek.

Señ ücin gaharda doñup,

Ýyly sözüñe derlemek.


Aslynda maña gelişmez,

Seniñ mähriñ, söýgiñ cenin,

Zenan halyma derñemek.


Özüñ gowy bilýäñ dünÿäm,

Söýseñ, söýülmäge razy.

Näme diýseñ çekibiýrin

Şol ahyry zenan parzy.

25
55
violinist
02.11.2023 10:32

Hiç garaşmadygyň bir günde, üstünden seneler geçirip garaşan bir habaryň geler:"Täzeden başlalymy?.."

Araňyzdaky boşluklary onsuz geçiren günleriň doldurýarka, garaşan habaryň geleninde hem indi seni täsirlendirmejegine ynanyp gün geçirýärkäň gelen bu habar ýüzüňde ýylgyryş,ýüregiňde ýylylyk döreder. Soňra oýlanarsyň, pikirleriň akylyň we ýüregiň arasynda belli bir karara getirmez. Akylyň bu habaryň ýalňyşdygyny,habary ýazanyň ýalňyş adamdygyny, ýalňyş adama ýazylandygyny, ýazgynyň ýalňyşdygyny aýdar, sebäbi gelip ýüzbe ýüz gürleşmek barka, her bir ýazylan habar ýalňyşlykdyr diýer. Akylyň oňa mümkinçilik bermezligi, sen ýaşan günleri, sen ýörän agyr,garaňky ýollary onuňam görmelidigini aýtsa, ýüregiň aklyň tonuna bütinleý ters sazy hiňlener. Sen öňem ýüregiňi diňläniň we kän ejir çekeniň üçin,aklyňa gulak asmalydygy barada karara gelersiň we ýüregiň her urgusy onuň ady bilen urýarka teklibini kabul etmekden ýüz öwürersiň we gün geçip ol seniň ýaşan günleriňi ýaşaýanyny, seniň ýörän agyr,kynçylykly,garaňky ýollaryňdan ýoreýänini bileniň üçin senem ol ýollardan täzeden ýöräp başlarsyň, kynçylyklary täzeden çekersiň, sebäbi onuň gynalmagyna sen sebäpçidigiň ruhyňy gynar.Gören kynçylyklaryňy onuňam görmegine dözmeýänligiň bir zada göz ýetirmegiňe elter:Aslynda şunça sene unutdym diýip ynanyp ýören ýalanlaň özüňi aldamakdan başga zat däl. Ol entägem ilkinji gezek göreniňdäki ýaly ýüregiňi tolgundyrýar. Entägem onuň aýdan sözleri kelläňde,sesi gulagyňda ýaňlanýar."Gelşikli görnüşi bardymy ýada gözlerim şeýle görýärdimi" diýen soragy özüňe beren bolubam ýatlaýaň keşbini. Gülüşini, gaharlanyşyny, gürleýşini, dymyşyny her ýagdaýyny söýýäniňi duýýaň we ahyrynda bir zada göz ýetirýäň we özüňe şeýle diýýäň: "Ýene-de ol ýeňdi"


Abat Aşyrgeldiýewa

25
76
violinist
01.11.2023 11:37

Gara gözlerine gurban boldugym,

Bilýäňmi kalbymda arman boldugyň,

Uçjak men söýýän diýp perman berdigiň,

Munda saňa söýgüm duýaýmak galdy.


Nije ýyldyr yzlaryňda men geda,

Sora şirin janym edeýin pida,

Söýýän diýsem senden çykmaz ses seda,

Saňa näme söýýän diýäýmek galdy.


Kürekledim yşk deňzinde gaýgymy,

Uçran derdim şatlykmy ýa gaýgymy?!

Saňa bersem kalbymdaky söýgümi,

Ýüregiň töründe goýaýmak galdy.


Jadylaýjy gözelligňe maýyl men,

Kowsaňda ýar yzlaryňda saýyl men,

Aýt şertiňi ähli zada kaýyl men,

Indi saňa diňe söýäýmek galdy.


Ahyr aýtdyň maňa söýýän sözüni,

Razy diýip güldüripdiň gözüňi,

Ömür ýoldaş edip maňa özüňi,

Gelinlik lybasyn geýäýmek galdy.


Söýgi syrly bolsa ömri uzalar,

Ýalňyşlyklar wagt bilen düzeler,

Bagtymyz taryplap aýdym düzüler,

Bize şol söýgüni aýaýmak galdy.


Süleýman Tekäýew

19
42