violinist
05.11.2023 22:34

Ýuwaş-ýuwaş çekdi gussa özüne,

Balaryny çekişi deý gülleriň.

Ertirlerne gorkup bakdy gözlerem

Şatlygyny unudan dek günleriň.


Kim men?

Näme üçin bu hala düşdüm?

Bardygyny unutdymmy hasratyň?!

Eger bagtym derdim bolsa başymda,

Birmahallar em tapylmaz hassadym.


Arzuw etmek aňsat bolýar ýeterden,

Ýöne derdin çekip bilseň beýiksiň.

Gözi köpe düşen harsydünýä deý,

Bu dünýäni gözlem bilen geýipdim.


Öz-özüme gysganamok göwünlik,

Günlerem ahyryn soňlugyn biler.

Gülküden soň gussa gelse günlere,

Gussadan soň bir gün gowlugam geler.


...Howluksa-da dar gursakda terpinip,

Ýürek günleň gowulykda durarna.

Pikir etmän uzaklygny ýollaryň,

Öwredip dur garaşmagy duralga.

23
75
okan
5 Noýabr 2023
👍👍👍
violinist
5 Noýabr 2023
@Kmg gurt, :))
violinist
5 Noýabr 2023
@Kmg gurt, Näme zat?!
violinist
5 Noýabr 2023
Bozmandy wadasyn dillenen ähtim, Unutsa-da garaşmagyň parhyny. Ykbalyma talaň salan sen bolup, Goja dünýä silterläp dur çarhyny.
violinist
5 Noýabr 2023
...Sen ýollaryň aldawyna çolaşma, Hakykat bar bir ýalana degmeýän: Dünýesi bu — gözýaşyňa sebäpliň Gözýaşyňy süpürmäge gelmeýän.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.