vekil_city
18.09.2023 21:31

Adamçylyk hemme zatdan ýokarydyr...


Finlýandiýanyň Prezidenti aýalynyň çykyşyna tomaşa etmek üçin teatra barýar, emma boş ýer ýokdugy sebäpli beýleki tomaşaçylar ýaly basgançakda oturyp spektakla tomaşa edýär.

24
141
vekil_city
17.09.2023 08:15

Ýolbarsyň çagajygy kakasyndan soraýar:

— Kaka, seňem gorkýan zadyň barmy?

— Koneçno oglum!

— Nätdiň-aý, kimden?

— Ejeňden 😬

😁🤣

24
275
vekil_city
16.09.2023 07:36

Hawa-da, men bir garry enäniň garry gyzy. Ýaşyň geçdigi saýy, edil olaryň depesine çykyp oturýan ýaly öz öýüňde oturanyňam köp görýänler köpelýän eken. Nirde görseler:


—Aýsaparjan, haçan toý? Bir tans edäýjekdik-dä heh-eh —diýen bolarlar. \"Ölüp barýan bolsaň öýüňde aýdym açda oýnaber-da, näme Aýsapar toý etmese tans oýnajak däl diýip ant içdiňmi\" diýesim gelýär, ýöne:


—Nesibeli gün bardyr-da daýza — diýip oňaýýan. Ýogsa olaryň aladasy meniň bagtymy tapmagym dälem welin...


Käşge şol ýerde gutarsa gürrüň, ýo-ok dowamam bar. Men geçip gidemsoň yzymdan bolýan gürrüňler hasam gyzykly. Özüm-ä hezil edip diňleýärin.


—Heh, nesibeli gün diýen bolan bolşuna seretsene. Mynnan soň nesibeli günden tamasyny üzäýmese. Yntyrneda girip, surat goýup ýörşi şü bolsa kime gerek şü.


—Howwa-dey, dogry aýtýeň, ýüzüniň kraskasy dagy, heh.


Ömrüňde görmedik zatlaryňy geýer özem moda diýen bolup. Modaňa ot düşsün.


—Howw-e-eý, özi tikip geýýemiş, ýalandyr-deý, elinden tikin-çatyn gelýemi şuň.


—Ýak-de-eý, zat gelýemi elinden. Gaýtam biziň gyzlarymyza-da ot berýe şü köp zady. \"Aýsapar geýipdir, bizim geýjek. Aýsapar saçyny beýdip toýa bardy, bizem şeýtjek\" diýip gün berenaklar. Terbiýesi bozulup barýar çagalarymyzyň.


—Onnan-a, birini tafyp, äre gitse bolmyýemy-ka...


Pikirlenýärin! Men üýtgeşik näme geýdimkäm?


Meň geýenim moda bolar ýaly men näme Ivana Sertmikäm?!


Mundan 1-2 ýyl öňki eşiklerimi giňeldip, oňaryp geýip ýörün. Geýýän köwüşimem daýzamyň gyzyndan alypdym, aýlyga. Sepinýänimem daýzamyň geçen ýylky doglan günüme beren atyry. Gutaraýmasyn diýip, özümdenem gysganyp, her wagt toý-tomaşa bolsa sepinäýmesem...


Dogrudanam şol atyry nirede gizläp goýdumkam?


Garaz obaň \"Günäkäri\" men ekenim. Hut, men ýok bolsam moda ýitip, köýnekler giňelip, ýüze çalynýan reňkler aýyrlyp, gaşlar ütülmän hemme gyzlar akylly bolaýjak ýaly.


Özlerem çalt-çaltdan, bir-birine gezek bermän gürleýämişler welin Eminem görse haýrany hekgerjekden... Bäh dogrudanam şeýlemik-ä, ýa maňa gep getirýänçiň toslamasymyk-a? Bilemok!


Meniň geň galýan ýerim — olaryn çagalaryna beren şunça ýyllyk terbiýesine göwünleri ýetýän bolsa, iki sagatlyk toýda şeýle berk terbiýäniň bozulmagyndan näme sebäpden gorkýarlar-ka? Adamyň terbiýesiniň üýtgemegi biriniň geýen geýimine baglymyka aslynda? Gep getirýäniň gürrüňine görä olar tüýküligine düwnükse-de \"Aýsapar günäkär\" diýjekmiş.


Ähä, gep getirýänçi jaň edýär. Hawa-da, daşary sowuk bolansoň gelip ýörmän jaň edäýeýin diýendir. Bolmanam telefon bar wagty gelip ýörmek nämä gerek?! Döwrümiziň mümkinçilikleri il hatary gepçilerimiziňem işini aňsatlaşdyrdy tüweleme! Daýzalar-a: \"Şü tilpuny çykaranyň jany sag bolawersin, hezil edip gybatlaşýes öz-ä\" diýip begenýärler. Gör näçe meň ýalakyň maňlaýyny garaltdy ol gybatlar.


—Alo!


—Aýsaşka gowumy?


—Gowy, mes, özüň nähili?


—Ey, edil sen ýaly mes bolmasagam gezip ýörüs.


Meň iki dogulyp bir galanym ýaly, adymy suwjaryp tutan bolup. Gowy gürrüň aýtmajagy şondanam belli-da. Aýtsa aýdyp dynsyn diýip derrew gürrüňe geçdim:


—Osoň, näme täzelik?


—Täzelig-ä bar-eý, özem sen barada.


—Ähä, aýdyber.


—Toýuň barmyş?


—Kim aýtýe ony?


—Pylany klasdaşymyz bar-a, şoň ejesi ejemiň ýanyna geldi. Şol aýtdy. \"Aýsapar ýaglyk daňyb-a bir ýere barýen eken. Toýy bamyka diýen. Şunça oturup kime barýe-ka, oturanyna degýemik-ä özi, toýuna çagyrsa barjak. Bir göreýin kime barýenini\"


—Seň ejeň näme diýdi osoň?


—Bagty bolsun! Toýdan bolsun! diýdi.


Hm-m-m, diýendir, diýendir. Gyzy sen boljak bolsaň.


Garaz meniň ýok toýumyň gürrüňini edipdirler. Galyňymy kesipdirler. Pylan toý mekanda toýumy tutupdyrlar. Gepiň gysgasy şo günki gep ýassyklary men bolupdyryn.


Enem pahyry ýatladym. \"Goňşyň gowy bolsa kel gyzyň äre gider, goňşyň ýaman bolsa gül gyzyň göre gider\" diýerdi. Ýylgyrdym!


Wi-i-i, süýtli çaý gaýnapdyr, geliň içseňiz!




Aýsapar EMELOWA.

20
112
vekil_city
15.09.2023 08:07

Hepdäň şenbe güni gündiz öýde elektrik togy bilen işleşip ýördüm. Jaýymyzyň öň tarapynda ýekeje lampa bardy, şony aýyryp jaýymyzyň 3 tarapy ýagty bolar ýaly patronlary köpeldip ýördüm. 4 patron etmelidi, etdimem. Ýöne tas ölüpdik. Hawa, ýalňyş okamadyňyz, ölüpdim däl, ölüpdik...


Köpümiziň bilşimiz ýaly elektrik togy üstüňden akmasa hiç zat etmeýär, ýagny sen ýere massa bermeli däl, şonda seni tok urmaýar. Menem tokly kabel bilen işläp otyrdym merdiwanyn üstünde. Merdiwan agaç bolansoň meni tok uranokdy. Ýöne gelmän geçen iň ýakyn dostum şol gün öýe geldi, gelende ölümiň gapysyny ikimiz bile kakyp gördük. Gapy açylmanka öýdäki awtomat tarp edip atyldy... Iň gyzykly ýerini aýdaýynla, size:


Ol bize gelýärkä toga dümtünip oturanymy görüp pişik basyşyny edip maňa bildirmän golaýyma gelipdir. Menem makaw ýaly şoň gelenini bilmändirin. Merdiwanda işläp otyrkam meni gorkuzmak maksady bilen gorkunç ses edip meni elleýär, mende-de 228 V naprýaženiýe tok bardy. Tok ikimiziň üstümizden ýere akdy, bary-yogy 4 sekunt dowam edendir bolan waka, ýöne ikimizem gatadyp taşlady ))) Sähnä şeýlebir gaharym gelýär, hem gülkim tutýar bolup ýatyşyny görüp ))) Öleris öýtdüm welin, nagruska awtomat çydaman \"tarp\" edip atyldy. Ana şonda tok bizi goýberdi, bolmasa dostumyn eli maňa, meň elim bolsa kabele warid (swarka) edilen ýaly aýyryp bilmedik ))) Tok öçen badyna merdiwandan gütüläp ýere düşdüm, nämede bolsa hiç kim görmedi bolup ýatyşymyzy ))) Bäş minut ýaly gymyldamaga ýaraman ýatdyk, soňra dostum ýatan ýerinden söze başlady:


— Eý men-ä oýun etjek boldum.


Bar diýenem şu boldy. Men bolsa:


— Ejen a*** si***** piderazy, şular ýaly oýun edilýämi? Mal doganyň si******ñ çagasy, awtomat atylmadyk bolsa ikimiziň öýümize gowurdak iýmäge gelerdiler.


— Bagyşla dost!


— Ejen a** zaýbal etme!


Ikimizem zordan ýerimizden turduk, ýüzümize seretdik, saçymyz syh-syh, ýüz-gözümiz görer ýaly däl, gara-gura, hapa, beň çeken ýaly gülüp ugradyk )) Nämä  gülýänimizem bilemzok, ýöne ýerden gülüp-gülüp ikimiziňem içimiz gyryldy. Endamymyzdaky togy aýyrmak maksady bilen banýa girdim (suwa düşdüm). Soňra dostumada gir diýýän welin, erkeksirän bolup girmejek bolyar. Üç sagat wagtyň bar, hassahanada ýatasyn gelmeýän bolsa suwa düş — diýip zordan onam banýamyzda suwa düşürdim. Özümizi dürsäp geçip oturdyk welin:


— Salowmaleykim — diydi.


Hem gaharym gelýär, hemem gülkim tutýar, gaharyma hapa-hapa sögünýän:


— Ejeň a** gand** doganyň si****** piderazy! Sökýänime hezil edip gülýär, menem gaharymam gelýär gülkimem tutýar. Garaz, şeýleräk waka boldy, tok uran son ozumizi gaty sagdyn duyduk. Ertesi irdene çenli düýşümde-de tok urup geçdi hazan almyş. Irden oýanamda endam janym pytrap gelýär, zordan özüme geldim, şähere işe gaýtdym. Işimiz bitmedi, keýpsiz halda öýe gelýädim, ýanymda 6 TMT pulum bardy, Wekilbazar Täze Durmuş awtobusa ýetişjek bolup peşehod ýok ýerden ylgadym Zelýonnyda. Ylgap awtobusyn yanyna bardym welin, 1 metr gapdalymda sienna maşyn durup iki sany polisiýa işgäri gelýär, \"Şäher polisiýa, maska hem peşehod jerimäňiz bar\" — diýip dur. Muňa-da bir içim ýandy jenaýat edendigime garamazdan olara gepimi düşündirjek bolýan, olaram diňlänok, diňe \"mün\" diýýär. Iki bolup maşyna zor bilen dykjak bolup süýräp ugradylar, menem muňa gaharym gelip sögünip başladym: \"Wapşe kim-ow siz-ow, ilki özüňizi tanyşdyryň, doklat ediňdä\" — diýdim welin, \'\'şäher polisiýa diýdik ýetenokmy\" — diýdi welin, menem \"ýetenok\" — diýdim. Resminamalaryny görkezdi, hakykatdanam şäher polisiýa eken. Indi näme etjegimi bilemok, ýanymda 6 TMT pul bar, peşehod jerime 21 TMT, maska (örtük) jerime 31 TMT. Islesen islemesen münäýmeli, başga variant ýok. Ýa ikisinem urup gaçmaly ýa-da münäýmeli... Şonda-da olara gygyrýan, \"şeýdip raýat äkidilýärmi, eliňizi aýyryň, özüm münjek\" — diýip. 15 minutlap garşylyk görkezip durdum münmejek bolup welin, ratsiyadan başlyk çykdy \"epläp dykyň nämä dursyňyz?\" — diýip. Tutuş Zelýonnydakylar maňa we polisiýa seredýärler kino görýän ýaly. Ahyr ylalaşdym, \"eliňizi aýyryň özüm münjek, bolmasa münjek däl\" — diýip, ellerini aýyrdyp mündüm. Barynçaam sögüşip geçdim. \"Gor atdele\" äkelip dykdylar, girip görenler bilýändir, zakona burnumy sokmaýyn. Serowna tölemän çykdym, töläýin diýemde-de ýanymda ýeterlik pulum ýok, pul äkeldirjek bolsaňam Wekilbazar etrabynyň Türkmenistan d/b-den äkeldirmeli. Men bolsa şäherde. Şol wagt ejem jaň edýär:


— Arma oglum?


— Bar-bol eje, özüňem arma? Şu wagt başagaýrak, soňurrak jaň ederin — diýip goýdum trupkany. Ejeme men gor atdelde (Mary şäher polisiýa bölümi) diýsem ýüregi ýarylýar, şonuň üçin aýtmadym. Ýöne 3-4 sagat wagtymy aldylar, başga zada bolmady, şol sagatlarda-da dek oturmadym, eňegime jaň kakylan ýaly. Bizar bolan bolaýmasalar, öýlän goýberdiler. Indi dakyngyn, bolmasa ýene gelersiň diýdiler ))) Garaz günüm şeýleräk geçýär öz-ä )))



\"Täzelikler, Ahmedik_97 tarapyndan 3 year ago\"



15.09.2023, 02:31.



©Ahmet Gurbanmyradow.

26
486
vekil_city
14.09.2023 07:09

Ylham gelen wagty şeýle gelermiş,


Joşuberýän eken ýürek tolgunyp.


Kä gussaly, kä begençli kyssadan,


Joşuberýän eken akyl gyssanyp.




Hawa,


Menem joşdum şeýle kyssadan,


Sözler aljyrady, setirler akdy.


Galamym ejizläp şarta döwüldi,


Ajy hakykata daýanyp bilmän.




Döwülen galamym ýüzüme garap,


Diýdi: \"Seňem döwülesiň gelmese,


Görünme hakykatyň çepi-sagynda\"


Doňup galdym, gözüm açyk şok bolup...



14.09.2023ý, 05:07.



Ahmet Gurbanmyradow.

16
44
vekil_city
13.09.2023 07:40

Adamlary agyr işe gul eden,

Adamlary haram işe başladan,

Ynsaby ýok edip nebissiz goýan —

Pul eken adamlar, kirli pul eken.



Jelepçilik işe itergi beren,

Wokzallarda küntileri döreden,

"Daça"-larda haram işi ýöreden —

Pul eken adamlar, haram pul eken.



Adamlara men-menligi öwreden,

Mesligi döredip, Haky ýok eden,

Beýhuş edip, azgynlyga ýol eden —

Pul eken adamlar, nejis pul eken.



Din-imana dil ýetirip garalan,

Ençesini Hak ýolundan çykaran,

Ynsanlaryň kellesini üýtgeden —

Pul eken adamlar, şeýtan pul eken.



Parahorluk diýen sözüň açary,

Adamlary "brazzere" meýl eden,

Şu iki setiri, hakykata geçiren —

Pul eken adamlar, iblis¹ pul eken.



Adalaty masgaralap kowalan,

Kazyýeti satyn alyp ýok eden,

Şu döwürde, özün "Hudaý" hasaplan —

Pul eken adamlar, "Dollar" pul eken.



Bary bidereklik. Hem-de hapalyk.

Pula däl, Muhammete uýalyň!

Din imany kirli pula çalyşmaň —

Şunam edäýmese,

Ynam galmady...




Iblis — şeýtan.




01.03.2023, 09:12.




Ahmet Gurbanmyradow.

12
58