Haçanda dostlar arz halyny aýtsalar, olar zeýrenenoklar, olar size ynanýar.
***
Iñ gowy budilnik-söwer ýaryñ og$ap turuzmagy.
***
Ýönekeý ýere bir-biriñiziñ gözüne hiç seredilmez.
***
Owadanlyk dünýäni halas edýän bolsa, pohhuizm nerwiden halas edýär.
***
Söýgi telefon ýaly herkimde bar ýöne orginaly ýok.
***
Hiç haçan diñleme, özleri üstülige ýetmedik adamlary.
***
Hakyky dostlar-señ üstüñden güli$er, degi$er ýöne kesekileñ gülmegine ýol bermez.
***
Ejizler diýer-nesibe däldir.
Güýçliler diýer-ýene bir synan$aýyn.
***
Her adamyñ söýülmäge haky bar,
Her adamyñ söýmägede haky bar.
Ýüregiñde ýapy$anda y$k derdi,
Ýa-ha däli eder, ýa-da akyldar
Internet sahypalaryndan toplan: @Miss_minnosh
Essalam aleýkum hormatly Öwrenmeli-niň mähriban agzalary, gadyrly myhmanlary. Bu gün 2-nji oktýabr, duşenbe. 2023-nji ýyl. Size şu gün edarada bolup geçen şeýle wakajygy gürrüň bermekçi. Gürrüň bermäkäm siz bilen saglyk amanlyk soraşaýyn diýdim. Gowumy ýagdaýlaryňyz? Onsaň, näme täzelik? Aýdyp oturyň. Wiii, men gürrüň bermelä, sizi söhbetdeşlige çagyryp otyrna🙄🤦 Garrasañam gowy däl-how. Akyl-huşam ýerini üýtgedýän bolmaga çemeli. Garradygyňça kemelýän bolaýmasa, anyk bilemok. Otursana @Miss_Minnosh
❤, menem bilýän akyl däl-de huşuň kemelýänini 😒 Sözüň gerdişine görä aýdaýypdyrynda. Başlajak bolup durkam @arzuv_shayymowa sözümi bölýärä —Postuňda göwher derejeli hormatlylar barka samsyklap durmada çaltrak başla diýenden @kowser alyp göterdi: Şony aýtsana joram. Şü wekil_sitimi, nämemi, şünden ibaly zada-ra garaşamok-gy, sözleýşinden billirip durannyr, it ýannakdan bökön ýaly, hällen bäri hiç many alan dälsiňiz — diýen bolup 😒 — Öňä narmalny zat paýlaşanokdy, bu gezegem şeýle borla — diýip, @ideallider -em alyp göterdi. Gürrüňe @senorita goşuldy: @ideallider, sen nä bu çagany tanaýaňmy? Öň gowy zat paýlaşanok, eýle-beýle diýýäň welin? @ideallider: Hawalaý, öňem — diýip, bir zatlara diýjek boldy welin, yzdakylar, ýagny, has takygy, @kmg gurt, @guzela_bay, @guldesse, @barlagcy, @melike, @gülhan, @lord, @moana, @guli_, @ylham_1989 — dagylar @ideallideriň sözüni böldüler: — ýumaýda 5 minut, çagaň ýüzüni aldyňyza, häzir posty taşlap gitse näme diýişen bolup )) Postuň içi agzalaň gohundan ýaňa oturar ýaly däl. Nobatçylar (moderler) dek oturmasaňyz anketaňyz bir-birden petiklenip başlanar diýdiler welin, dymp boldy, birem gürlänok. Moderleň biri menden "Aýtjak zadyň bamy ýa bar aýtjagyň şumy?" — diýende, — Aýtmana goýmadylara, meňä näme aýtjagymam ýadymdan çykyp gitdi — diýemde @ideallider ýene goşuldy: — Aýtdyma men size. Ynanmadyk bolduňyz. Biderek gelipdiris postuna. Men-ä ýoredim, sizem özüňiz biliň — diýip,çykyp gitdi. @gulshatayewa97 — muň postuna laýk basan bir tapylarmyka?! — diýip, @maralyň gulagyna çawuş çakdy. Men birinji bolup basjak, bulam özboluşlyja bir dünýä-how — diýip, @ylham_gurbanaly ýerinden turup ýöremekçi boldy we: Hormatly agzalar, eger rugsat berseňiz, biraz aladam bardy, men-ä ýöremekçi — diýdi-de çykyp gitdi. Yzyndan @Imissyou: — Dost, bulardana laýk hantama bolup oturma, mendenem birini al, şu ikisi bilen oňaýsana — diýip, olam çykyp gitdi. Ak köýnek, gara katýum-jalbar geýip gelip näme aýtjak bolduka gyz, men-ä şuny soraga tutjak — diýip @Paradise@senoritaň gulagyna pyşyrdady.— Bu günki dabaramyzy ýapyk diýip yglan edýäs. Menem ýöredim — diýip moderleriň biri postdan çykjak bolanda — Indiki postumda bir aýtsam bolarmy? — diýip soramda — Haý paňkelle! — diýişip, kellelerini ýaýkaşyp beýleki moderlerem çykyp gitdiler.
Waý, bu nähili boldaý, men bulara edaramyzdaky bolan gyzykly wakany gürrüň bermekçidimdä. Aý bolýa, zyýany ýok, indiki postumda hökman gürrüň bererin. Söz berýän. — diýip menem çykmakçy bolamda @elya bilen @medik_ jykyr-jykyr üstümden gülüp gapdalymdan geçip gitdiler. Men paňkelle içki pikirimi hindi kinolardaky ýaly daşymdan aýdaýypdyryn. Ýöne indiki postumda hökman gürrüň bererin, häzirlikçe hoş sagboluň 😁
03.10.2023ý, 02.03.