Nowça iki awçyny bir towşan bilen öldürip bilýär. Nowça iki barmagyny rozetka dykyp, togy öldürdi. Nowça partlaýjy granady atyp 50 adamy öldürdi. Ondan soň granat partlady. Putin ýene azajyk gaýrat etse, abraýy boýunça Nowçadan geçip biler. Bir wagtlar Nowça atyň äňiniň aşagyna ýokarlykgan urupdyr. Şondan soň ol atlara žiraf diýipdirler. Eger-de Nowça oglan bolsady, ol 27 ýaşaýança woýenkomat ondan gaçardy. Nowça "Öwrenmeli"-ä agza bolan bolsa D.S.-iň özüni bloklardy. Nowça şeýlebir betinden boldy welin, indi zombiler, ruhlar we ýene arwahlar gije ot ýakyp, bir-birini gorkuzmak üçin Nowça hakda bolan wakalary aýdyp berýärler. Nowça janpena (охрана) gerekdäl, janpenalaň özüne Nowça gerek. Haýsy agza "Öwrenmeli"-de ýaryş gurnamak kellesine gelse, ol ýaryş hakda entäk agzalara aýtman Nowça "Sen ýaryşda ýeňdiň, baýragyňy al" diýip şahsy hat ýazýar. Mobil telefony ilkinji gezek oýlap tapanlarynda, onda eýýäm Nowçadan 2 sany propuşenny zwonok bar eken. Nowça şeýlebir bet, ol ýöremek islese, ýöremek isleýän tarapyna seretse boldy, planetanyň özi Nowçaň barmaly ýerine görä aýagynyň aşagynda aýlanyp başlaýar. Nowça "Öwrenmeli"-de post açanynda, sözdäki harp ýalňyşlaryna üns bermeýär. Eger-de ýazan sözleri "türkmen sözlügine" deň gelmeýän bolsa, ylymlar akademýasynda türkmen dili alymlar sözlükdäki şol sözi Nowçaň ýazyşyna görä düzetýän ekenler. Kalendarda 31-nji martdan soň 2-nji aprel geler. Hiç kim Nowçany aldap bilmezýaly. Nowça çaga wagty monopoliýa oýnuny kän oýnaýar eken. Munuň täsiri Ilon Maska bildirip ugrady. Nowça lampa çalşanda otagy pyrlaýa, lampany däl. Nowça şeýlebir gaty ylgaýa welin dünýäň daşyndan aýlanyp öz yzyndan ýetip bilýär. Apple kompaniýaň almasyny nowça dişläpdir. Kä bir göz bagçylar suwda ýöräp biler, Nowça bolsa ýerde ýüzüp biler. Nowça diňe gardan däl, ýagyşdanam adam ýasap biler. Nowça sagat dakynmaz, wagt Nowça görä hereket eder. Men şol gyzy şahsy tanamasam sylagym gaty uly. Degişgen we hiç zady göwnüne alanok. Nädip ýaryşda ýeňdi diýip otyrmaň, başarsaňyz sizem Nowça ýaly ýeňiş gazanyň. Sylag saňa Nowça!
@Garagüjük