vekil_city
12.11.2023 23:55

3 chagam bar. 1njisi menin yashymyn ilkinji belgisi yashynda, 2njisi menin yashymyn ikinji belgisi yashyndadyr, 3njisi bu iki belgin jemi yashyndadyr. Hichbirinin yashy birmenzesh daldigine gora we hemmamizin yashymyzyn jemi 45 bolsa, menin we chagalarmyn yashy nacheka?


@Vekil_City

15
208
vekil_city
12.11.2023 12:47

Duşmanyňdan beter dostuňdan çekin! Çünki dostluk bozulsa, saňa nähili zyýan berip boljagny iñ gowy dostuň biler!

Söýgi barada ýapon ýazyjysy Masumi Toýotome şeýle soragy orta atýar: «Her kim söýülmek isleýär, bu dogry, emma söýgi näme we ol haçan, nireden tapylan zat, bilýärismi?». Bu sowala onuň öz düşündirişi hem bar. Masuminiň pikirine görä, dünýäde söýginiň 3 sany görnüşi bar. Olar «şert bilen», «sebäp bilen» we «her ýagdaýa garamazdan» söýmekdir.


Şert bilen söýmek — biz şeýle söýgä mynasyp bolmak üçin, bizden edilýän nähilidir bir tamany ödemeli bolýarys. Meselem: «Eger akylly bolsaň, kakaňam, ejeňem seni gowy görer»; «Eger başarjaň we abraýly adam bolup ýetişseň, men seni gowy görerin»; «Eger ýanýoldaş hökmünde sen meniň isleýşim ýaly bolsaň, men seni söýerin» ýaly sözler durmuşda kän eşidilýär. Bu söýginiň belli-belli şertlere bagly we garşylyklaýyn görnüşi bolup, söýginiň bu üç görnüşiniň arasynda dünýäde iň köp duş gelýän görnüşidir.


Şeýle pikirdäki adamyň söýgüsine mynasyp bolmak üçin onuň islegini kanagatlandyrmaly. Belli bir şerte bagly bolany üçin, onuň ýasawynda men-menlik bardyr. Maksat hem belli bir derejede söýginiň esasynda bir zat gazanmakdyr. Masumä görä, durmuş gurýanlaryň köpüsiniň maşgalasy hut şertli söýgi zerarly dargamak bilen bolýar.


Sebäp bilen söýmek — Masumi söýginiň bu görnüşi hakynda şeýle diýýär: «Söýginiň bu görnüşinde adam haýsydyr bir zada eýe bolany üçin ýa-da haýsydyr bir zady başarany sebäpli söýülýär. Meselem: «Men seni söýýärin, sebäbi sen juda owadan»; «Men sizi gowy görýärin, sebäbi siz örän baý hem meşhur»; «Men seni söýýärin, sebäbi sen maňa ynam berýärsiň».


Ýazyjy kimdir birini belli bir «sebäp bilen» söýmegi belli bir «şert bilen» söýmekden has ileri tutmagy ündeýär. «Şert bilen» söýülmek belli bir şerte bagly bolany üçin, ol bir agyr ýük bolup, adamyň egninden basýar. Nähilidir bir zadyň eýesi bolanymyz üçin söýülmek ynsanyň göwnüni göterýäni sebäpli, bir tarapdan, ýakymlydyr. Muňa görä, biziň özümiz nähili bolsak, adamlar bizi şoňa görä ölçeýär. Adam ogly öz ýasawyna görä, söýülmek isleýär. Söýginiň bu görnüşi olara ýük bolmaýanlygy üçin, iki tarapam rahatdyr. Aslyna seretseňiz welin, «sebäp bilen» söýmegem «şert bilen» söýmekden känbir tapawutly däldir. Her niçik-de bolsa, «sebäp bilen» söýmegem adama ýükdür. Her bir adam elmydama başgalar tarapyndan söýülmek isleýär. Ol özüne haýran galýanlary özi-de haýran galdyrmak üçin elinden gelenini aýamaýar. Birden dagy söýgä mynasyp tarapy özüniňkiden köpräk adam peýda bolanda, ol özüniň däl-de, şol adamyň söýlüp başlanmagyndan gorkýar. Şeýlelikde, durmuşda tükeniksiz söýgi gazanmakda bäsdeşlik hem basdaşlyk ýüze çykýar. Şonuň üçinem, maşgalanyň iň kiçi gyzy täze doglan çagadan, synpyň iň owadan gyzy synpa täze goşulan gyzdan, öýli-işikli bolup ýaşaşyp ýören zenan öz adamsynyň işdeş gelin-gyzlaryndan gorkýar.


Masumi: «Onuň ýaly bolýan bolsa, belli bir «sebäp bilen» söýýän adamyň söýgüsine ynanyp bolarmy?!» diýip soraýar. Diýmek, «sebäp bilen» söýmeklik hem dogry hem dürs däldir. Onuň pikirine görä, söýginiň bu görnüşine bil baglap bolmaz. Onuňam esasan iki sany sebäbi bar:


1. «Biz hakykatdan-da bizi söýýän kişiniň arzuwyndaky adammykak?» diýen gorky. Her bir adamyň iki tarapy bardyr. Biri töweregindäkilere görünýän tarapy, beýlekisi bolsa özgelere äşgär bolmadyk, onuň diňe özüniň bilýän tarapy.

2. «Adamlar bizi göz öňüne getirişleri ýaly däl diýip taşlap gider» diýen gorky. «Birdenkä bir gün üýtgesem, adamlar meni söýmese, şonda näderin?» diýlip edilýän alada.

Jemgyýetiň köp bölegi biri-birini belli bir «sebäp bilen» söýýär, şonuň üçinem şeýle söýginiň näçe uzaga çekjekdigi hakda oýlanyp, adamlar uly alada galýarlar. Beýle bolýan bolsa, bil baglap boljak hakyky söýginiň aýratynlyklary nämelerden ybarat?! Hakyky söýginiň nähili bolmalydygy barada ýapon filosofy, ine, şeýle diýýär: «Hakyky söýgi kimdir birini «her ýagdaýa garamazdan» söýmekdir».


Munuň sebäbi onuň belli-belli şertlere bagly däldigi hem-de öwezine hiç zada garaşylmaýanlygydyr.


Ol belli bir «şert bilen» söýmekden düýpgöter tapawutlydyr. Söýülýän kişiniň owadanlygyna ýa-da baýlygyna görä hereket etmeýänligi üçin, ol belli bir «sebäbe» hem bagly däldir. Söýginiň bu görnüşinde adam nämedir bir zada tamakin bolany üçin däl-de, beýleki kişini onuň kemçiliklerine garamazdan söýýär. Aşyk öz magşugyny dünýäniň iň görmeksiz adamydygyna garamazdan söýýär, çünki aşyk magşugynyň kemçiligini görmegi başarmaýar.


Her bir adam (dünýädäki iň pes we gedaý adamam bolsa) söýülmäge mynasypdyr. Adamyň söýülmegi üçin hökman görmegeý ýa-da barjamly bolmaly diýen zat ýok ahyryn! Islendik adamy aýbyna, çöňňeligine, ýaramaz endiklerine hem hüý-häsiýetlerine ýa-da geçmişdäki etmişlerine garamazdan söýmek mümkindir.


Adamlar bütin durky bilen gereksiz ýaly görnüp biler, emma şonda-da ony söýüp bolar. Ýapon ýazyjysynyň pikirine görä, köňülleriň küýseýän söýgüsi hem, ine, şeýle söýgüdir.


Makullamasaňyzam, makullasaňyzam şeýle söýgi iýgi-içgi, geýim-gejim, jaý, awtoulag, baýlyk, üstünlik – hemmesinden möhüm. «Ol nähili beýle bolýar?» diýýän bolmagyňyzam mümkin.


Ýazyjy öz pikiriniň dogrudygyny tassyklamak üçin, bizi şu sowala jogap bermäge çagyrýar:


«Eger-de dünýäde hiç kimiň sizi söýmeýändigini we hiç hili pitiwa etmeýändigini çyn ýüregiňiz bilen syzsadyňyz, iýgi-içgi, jaý, maşgala, baýlyk, üstünlik, şan-şöhrat ýaly zatlaryň ähmiýeti bolardymy?! «Beýle boljak bolsa, ýaşaýşyň manysy näme?» diýip oýlanmazdyňyzmy?


Aýdaly, siz bir adaty durmuşda ýaşap ýörsüňiz. Haçan-da bolsa bir gün hakyky, synmaz hem tutuş süňňüňizi gurşap alýan söýgä uçramak umydyňyz bolmasa, galan ömrüňize nähili ýaşardyňyz?» diýýär we jogap berýär:


«Şeýle adamlaryň ömrüniň soňy pajygaly bolýar ýa-da olaryň ýüreklerini paralap ýaşap ýören öli adamdan känbir tapawudy bolmaýar. Häzir ýaşaýyş dowam edýän bolsa, bu gönüden-göni «her hili ýagdaýa garamazdan» söýüp bilmek bilen baglanyşyklydyr. Ýaşaýşyň häzirki hem-de geljekki maksady, ine, şeýle söýgini tapmaga bolan ynamdyr. Şu günki günde jemgyýetde hemme kişiniň teşneligini gandyrjak şeýle söýgini tapmak örän kyn. Sebäbi şeýle söýgä her kim mätäç we hiç kimde özgä berer ýaly artykmaç söýgi ýok. Her birimiz töweregimizdäkileriň bize şeýle söýgi bilen garamagyna garaşýarys, emma olaram bizden ýa-da başga adamlardan şeýle söýgä garaşýar ahyryn».


Onda, şu dünýäde näçeräk söýgi bar?! Ýazyjynyň pikirine görä, ölmezödülik, ýa bolmasa dadymlyk. Ana, şojagaz işdä hem bizi örän ullakan söýgä iterýär hem-de bizde oňa bolan höwes döredýär. Şol ujypsyz işdä, aslynda, biziň nä derejede söýgä mätäçdigimizi görkezýär. Naharyň saçaga goýlaryna we bizi doýraryna işdämenlik bilen garaşyşymyz ýaly, biz söýgä-de garaşýarys… Hany, beýle söýgi nirede bar?!


Ine, ýapon ýazyjysynyň jemleýji sözi:


«DÜNÝÄDÄKI IŇ ULY GYTÇYLYK BIZIŇ BIREK-BIREGI ÝETERLIK DEREJEDE «HER ÝAGDAÝA GARAMAZDAN» SÖÝÜP BILMEÝŞIMIZDIR.


KEMÇILIKLERINE GARAMAZDAN SIZ DURMUŞDA NÄÇE KIŞINI SÖÝÜP BILÝÄRSIŇIZ?!»


Taýýarlan: Kätip Myradow

20
214
vekil_city
11.11.2023 07:58

Geliň indi bolsa Ýagşy Goşunowyň degişmelerini ýatlalyň ))


1. Aslynda "aýal" — bu kim? Aýal — bu düşünip bolmaýan, ýaranyp bolmaýan, çözgüdi ýok mesele.


2. Horlanmak üçin "ony iýmeli däl, muny iýmeli däl" diýip oturmaly däl. Horlanmak üçin dieta saklamak gerek däl. Horlanmak üçin diňe öýlenäýmeli. Sebabi näme iýeňde-de ol seň etiňi iýip dura🤣🤦‍♂️


Öýlenmedik ýigitler, bu bir degişme. Çyndyr öýdüp öýlenmän ýörmäň 😁


Kerim aga aýdýara:

"Diňe bir adama ýalbar diýdiler,

Onuňam adyna dilber diýdiler.

Aýyp däl näzin çekmek diýdiler,

Näzden ýüzün sowan, akmak diýdiler"


@Vekil_City

21
147
vekil_city
08.11.2023 07:54

Bu nahili duygudyr?! Aydyn menem duyayyn,

Hich ganyp bilmedim, eziz kaka mahrinden.

Gowumy ya erbetmi?! Aydyn gadyrdan dostlar —

Ön ganmadym, indem ganman, eziz kaka mahrinden...


Aytsam sekiz yyl boldy. Kakam we biz — ayralyk,

Arkadagsyz galypdy, mashgalamyz, ojagymyz.

Bu nenensi duygudyr?! Hich dushunip bilmedim—

Ön ganmadym, indem ganman, eziz kaka mahrinden...


Kaka yamanlamak bir, gelshiklimi gelshiksiz?!

Hich aklym alanok, telekmi ya duzuw ish.

Durmush, durmush, ah sen durmush meni kakasyz goyan—

Ön ganmadym, indem ganman, eziz kaka mahrinden...


Yalanchy sen, kezzap sen, adalatsyz ah durmush,

Nechun yetim goydun sen?! Munlap ynsan balasyn.

Duyup bilmen, bilip bilmen, asla hijem duymaryn—

Ön ganmadym, indem ganman, eziz kaka mahrinden...


Ahmet diyer, gynanma sen, kemsinme sen durmushda,

Yetim bolup yashamakda gunan yokdur hich senin.

Ön duymadyn, indem duyma, wapshe duyman otgunin—

Ön ganmadym, indem ganman, eziz kaka mahrinden...


07.12.2020, 03:11.


@Vekil_City

13
25
vekil_city
07.11.2023 16:51

»®« Telefon bilen ýaşamaga şeýlebir öwrenişipdirin welin, ýöräp barýarkam "pikirler-de" ýazamda ýykylyp bir ýerimi agyrtmakdan dälde, harp ýalñyş göýbermekden gorkýan.


»®« Howa gyzgyn, balyklar hem derleýändir diýip, akwarýuma buz ýaly kola guýdum. Göräýdä bulary. Begenjinden ýaña hemmesi arkan ýüzüp başlady.


»®« Jalaý gözler bilen gapdalymdaky stolda kokteýl içip oturan gyza seredip durkam: «Nämä seretýäñ, haýwan?» - diýende, göz ýetirdim men Shah Rukh Khana dälde, Betnyşanhana meñzeýän ekenim.


»®« Tok sönende «bä, diñe biziñki söndimi-kä» - diýip, daşaryk çykyp seretýän adamdan zyýan gelmes.


»®« Eneme oýun edip: «Ene! Sen dagy ýaşa entäk, Öwrenmeli saýtyna girmelä. Deñ-duşlaryñam bar» - diýsem, Wiii, sen meni tanaňokduňmy? Nigim "Crazy girl"» - diýdi. Men häzirem şokda. :shok:


»®« - Jora, sakgyjyñ barmy?

- Bar, ýöne saña ýok.

- Mugallym, Maýa sakgyç çeýneýär.


»®«  Erkekler, bir gyz «üşedim» - diýende: gujaklaýanlar, kastýumyny berýänler we «menem» - diýip, jogap berýän kemallary hasaba alsak, üç topara bölünýär.


»®« Giren gabynyñ şekilini alýan madda suwuk madda diýilýär. Ýöne, bul esasda alsak arak suwuk madda däldir, Sebäbi arak adama täzeden şekil berýän.


»®« Telefon belgiñi "kontaktdan" pozdym, Birden ýalñyşyp jañ edeñde ekranda adyñy okap, tolgunmakdan ýaña ýüregim ÿarylmasyn diýip.

Bolmasa maña näme unutdym elbetde.


»®« Awtobusda, filmlerdäki ýaly duýguly sahnalary janlandyrmak isläp kellämi aýna ýasladym...

minutda altymyş gezek kellämi aýnana urdym.


»®« Pulyny töläp kursa gatnardyr, Mugallym gelmese "urraaa" - diýip begenerdik. Baýmydyk, kemalylmydyk? bizä düşünmän galdyk.



terjime: @Allaberdi T.Ç

çeşme: sevilensozler.com

29
183
vekil_city
07.11.2023 07:55

✅️Durmuşda iň gymmatly sowgat — wagtdyr. Kime we nämä berýäniňe üns ber!


✅️Durmuş elmydama saňa ikinji pursaty berer we adynada "Ertir" diýer.


✅️Adamlary bagyşlamagy öwrenmeli. Sebäbi haçanda bolsa bir wagt bizem ýalňyşyp bileris...


✅️Altyn bolsam gadyrymy her kim biler. Emma men ýönekeýje demir bolaýyn, gadyrymy diňe düşünýän bilsin...


✅️Ýürek ýadan wagty der gözden akar...


✅️Bir teňňe haramy terk etmek, 100 teňňe sadaka bermekden has haýyrlydyr.


✅️Başgalaryň bagtyna begenýän adam hemişe bagtly bolar...

✅️Söýýänleriňize wagt aýyryň. Ýogsa wagt sizi söýýänleriňizden aýyrar...


✅️Seni terk edip gideniň yzyndan nokat goý. Goý indiki geleniň ady baş harp bilen ýazylsyn!


✅️Adamkärçilik gyzyldan gymmatdyr. Kimem bolsaň, nirde bolsaňam ony ýitirmejek bol!


Galareýadan jemläp taýýarlan: @Vekil_City


Onda näme, häzirlikçe sagboluň! Esasy zat janyňyz sag bolsun, galan zady google-dan ýükläp alarys 😁🤭


07.11.2023, 05:41.

15
62
vekil_city
06.11.2023 08:37

✅️"Pylanydan gaçarak dur" — diýýän adamlaryň käte özünden gaçarak durmaly.


✅️/HAKYKAT/ entek aýakgabyny geýip ýetişmäkä /ÝALAN/ dünýäniň ýarsyny gezer...


✅️Aljak gyzyň geçmişi seni gyzyklandyrýan bolsa, almajak gyzyň geljegi bilen oýun etme!


✅️Söýýän zadyňyzy aljak boluň, bolmasa alan zadyňyzy söýmeli bolarsyňyz.


✅️Eliň işli bolandan maňlaýyň güýçli bolsun!


✅️Adamlar bilen araň oduňky ýaly bolsun! Kän ýakynlaşma ýanarsyň, kän daşlaşma üşärsiň.


✅️Sen nähili dogruçyl bolaý, şonda-da dogruçyl bolana däl, owadan aldaýana ynanarlar.


✅️Hemme zady täzeden dogry başlamak üçin eýýäm giç. Ýöne dogry gutarmak üçin öňe gitmek giç däl.


✅️Wagtym ýok diýýäňmi? Çynyňmy? Islegiň ýokdur. Wagt hemişe-de bar.


✅️Dünýäde iki kemsiz adam bardyr. Biri ölendir, beýlekisi entäk doglan däldir.


Galareýadaky suratlardan jemlän: @Vekil_City 🙂🙃


06.11.2023, 03:17.

20
64
vekil_city
05.11.2023 11:28

✅️Bir "Öý" satyn alyp bilersiň,

❌️Ýöne bir "Maşgala" satyn alyp bilmersiň.


✅️Pul bilen sagat alyp bilersiň,

❌️Ýöne wagty alyp bilmersiň.


✅️Pul bilen bir haly alyp bilersiň,

❌️Ýöne ukyny alyp bilmersiň.


✅️Pul bilen nahar alyp bilersiň,

❌️Ýöne işdäni alyp bilmersiň.


✅️Pul bilen doktor alyp bilersiň,

❌️Ýöne saglyk alyp bilmersiň.


✅️Pul bilen ätiýaçlandyrma alyp bilersiň,

❌️Ýöne ynam alyp bilmersiň...


— bu hemmämizde bolan, bolýan, boljak bir problema. Bular maddy baýlyk bilen satyn alyp bilmejek zatlarymyzdyr.

Internet sahypalaryndan.

@Vekil_City

24
219
vekil_city
04.11.2023 00:55

Hemmä salam, giç ýagşy! gowumy ýagdaýlaryňyz? Bu postumam güýmenje bölüminde açmagy makul bildim. Şu sorag üçin ýarym sagat kelle döwdüm, belki siz anyk bilýänsiňiz, kim nähili pikirde?

26
175
vekil_city
03.11.2023 07:42

Kimiň okuwçy nähili geçdi ))

Geliň okuwçy döwrümizi ýatllyň ))

Post güýmenje bölümde açyldy, gülüşeliň, degişeliň ))

24
77