✅️Durmuşda iň gymmatly sowgat — wagtdyr. Kime we nämä berýäniňe üns ber!
✅️Durmuş elmydama saňa ikinji pursaty berer we adynada "Ertir" diýer.
✅️Adamlary bagyşlamagy öwrenmeli. Sebäbi haçanda bolsa bir wagt bizem ýalňyşyp bileris...
✅️Altyn bolsam gadyrymy her kim biler. Emma men ýönekeýje demir bolaýyn, gadyrymy diňe düşünýän bilsin...
✅️Ýürek ýadan wagty der gözden akar...
✅️Bir teňňe haramy terk etmek, 100 teňňe sadaka bermekden has haýyrlydyr.
✅️Başgalaryň bagtyna begenýän adam hemişe bagtly bolar...
✅️Söýýänleriňize wagt aýyryň. Ýogsa wagt sizi söýýänleriňizden aýyrar...
✅️Seni terk edip gideniň yzyndan nokat goý. Goý indiki geleniň ady baş harp bilen ýazylsyn!
✅️Adamkärçilik gyzyldan gymmatdyr. Kimem bolsaň, nirde bolsaňam ony ýitirmejek bol!
Galareýadan jemläp taýýarlan: @Vekil_City
Onda näme, häzirlikçe sagboluň! Esasy zat janyňyz sag bolsun, galan zady google-dan ýükläp alarys 😁🤭
07.11.2023, 05:41.