ttr_we_kbdk
08.01.2024 22:51

Bu mübärek günlerde ybadat edip agyz bekläp ýagşylyk etseň adaty gündäkiden has köp sogap ýazylar.

18
49
ttr_we_kbdk
01.01.2024 17:43
Salam hormatly ildeşler! Birje zada ünsüňizi çekmek isleýän. Bize ençeme ýyllar bäri şu goşgy Magtymguly Pyragynyňky diýip aldapdyrlar aslynda ol Magtymguly Pyragynyňky däl ekeni. Ine ol goşgy;

Döwür geler dogan dogandan geçer,
Demirler asmanda ganatlap uçar,
Gelinler oturyp meý, şerap içer
Her öýde bir tamdyr bolar ýaranlar.

Bu goşgy Magtymgulynyň neşirden çykan kitaplarynyň hiç birisinde hem ýok eken.
22
427
ttr_we_kbdk
31.12.2023 23:25

Men bir zada begenýän bir zada-da gynanýan. Gynanýanym 2023 tamamlanyp gelýä 2024 em ýetip gelýä. Täze ýyl saglykly ýyl bolsun, bereketli rysgally hemde şatlykly ýyl bolsun.

16
22
ttr_we_kbdk
19.11.2023 17:27
Haçanda elime syýa alyp şygryýet äleminiň gapysyny kaknymda meni bir zatlar biynjalyk edýärdi. Görýän zatlaryňy kagyza geçirmek aňsat ýaly görünsede munuň üçin tebigy taýdan berlen güýç we irginsiz çekilen yhlasly zähmet gerek. Şahyrçylyk bize görä däl gardaş. Şeýlede bolsa durmuşyň dört tarapyny gaplap alan wakalary ýazmazlyk hem diýseň kyndy. Meniň pikir ýöretmelerim bir zada bolan garaýyşym öwrenen maglumatlarym belki birine peýdasy deger diýen umyt meni elime galam almaga iterdi. Adamlaryň biri beýlekisine meňzeş bolmaýşy ýaly olaryň dünýagaraýşy hem biri birine meňzeş däldir. Meselem adaty adamlar hassalygy erbetlik diýip hasap etseler ylymdan ýüki ýetik alymlaryň garaýşy bolsa düýbünden başgaçadyr. Her bir fakta sowukganly çemeleşmek, erk ygtyýaryňy gaharyňdan belentde tutmak, bir zadyň diňe gowy tarapyndan garamak her bir işi gowulyga ýormak hemme adama başartmaýar, emma bu ugurda öňüňe maksat goýup, goýan şol maksadyň ugrunda yhlasly çejilen zahmetiň netijesinde maksadyň amala aşmagy ikiuçsyzdyr. Beýik akyldaryň aýdyşy ýaly:
Jahanda ýaman işdir gury gelip boş gitmek
diýip ol bize ylym bilim öwrenmekligi ündeýär. Indiki aýtjak sözüm bilen oýlanmamy jemläýin. Pikirlenip gör sen öz isleýän zadyňy hakykatdanam isleýärsiňmi ýada ony isleýänligiň üçin isleýärsiňmi. Şu soragyň jogabyny tapyp bilseň durmuşda hem öz ornuňy tapyp bilersiň. A ýöne tapyp bilemseň welin ...
16
52
ttr_we_kbdk
16.11.2023 09:17

Bir talyp mollyma sorag beripdir:

-Mollym asmanda näçe ýyldyz barka. Mollym:

-Kelläňizde näçe sany saç bolsa asmandada şonça ýyldyz bardyr.

Yzyrakda oturan bir kel talyp aýdýa diýä:

-Mollym siz ýalňyşýan bolaýmaň.

24
153