ttr_we_kbdk
19.11.2023 17:27
Haçanda elime syýa alyp şygryýet äleminiň gapysyny kaknymda meni bir zatlar biynjalyk edýärdi. Görýän zatlaryňy kagyza geçirmek aňsat ýaly görünsede munuň üçin tebigy taýdan berlen güýç we irginsiz çekilen yhlasly zähmet gerek. Şahyrçylyk bize görä däl gardaş. Şeýlede bolsa durmuşyň dört tarapyny gaplap alan wakalary ýazmazlyk hem diýseň kyndy. Meniň pikir ýöretmelerim bir zada bolan garaýyşym öwrenen maglumatlarym belki birine peýdasy deger diýen umyt meni elime galam almaga iterdi. Adamlaryň biri beýlekisine meňzeş bolmaýşy ýaly olaryň dünýagaraýşy hem biri birine meňzeş däldir. Meselem adaty adamlar hassalygy erbetlik diýip hasap etseler ylymdan ýüki ýetik alymlaryň garaýşy bolsa düýbünden başgaçadyr. Her bir fakta sowukganly çemeleşmek, erk ygtyýaryňy gaharyňdan belentde tutmak, bir zadyň diňe gowy tarapyndan garamak her bir işi gowulyga ýormak hemme adama başartmaýar, emma bu ugurda öňüňe maksat goýup, goýan şol maksadyň ugrunda yhlasly çejilen zahmetiň netijesinde maksadyň amala aşmagy ikiuçsyzdyr. Beýik akyldaryň aýdyşy ýaly:
Jahanda ýaman işdir gury gelip boş gitmek
diýip ol bize ylym bilim öwrenmekligi ündeýär. Indiki aýtjak sözüm bilen oýlanmamy jemläýin. Pikirlenip gör sen öz isleýän zadyňy hakykatdanam isleýärsiňmi ýada ony isleýänligiň üçin isleýärsiňmi. Şu soragyň jogabyny tapyp bilseň durmuşda hem öz ornuňy tapyp bilersiň. A ýöne tapyp bilemseň welin ...
16
52
ttr_we_kbdk
19 Noýabr 2023
Owadan ekeniňiz! 😘
ttr_we_kbdk
19 Noýabr 2023
@gula, Bagyşlaň suratdaky özüňizmi?
seneca
19 Noýabr 2023
Ýazmak aňsat, gürlemek kyn.
ttr_we_kbdk
19 Noýabr 2023
@gula, Berekella
gula
19 Noýabr 2023
Tapyp bilmeseň velin... Bu dunyade sebapsiz ve maksatsyz yashayanlygyňdyr
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.