tsoltanova
19.01.2024 23:29
Artyk görünýär

Öýkeleseň öýkeleşip ýörmeli,
Kölegäňem käte artyk görünýär.
Hiç ýama tutanok göwün diýeniň,
Müň ýama ýapsaňam ýyrtyk görünýär.

Bir-birekden görlüp ýeriň gatysy,
Käte süýtdeş dogan seýrek görünýär.
Bir garynda ýatanymy, hatasy?!
Ara çöp atana baýrak görünýär.

Samanyň astyndan suw goýberýänden,
Ýere bakandan ýer gorkak görünýär.
Dişleri döwse-de gyşyň şatysy,
Goşa ýazy buşlap pyntyk görünýär.

Saglar sagynýança ýeke öýermän,
Oglun iki öýeren tentek görünýär.
Bilbil ýaly saýrap durýanlar käte,
Nadanlaň ýanynda peltek görünýär.

Özünde ýok zady ile satýanlar,
Ýitib-ä gidenok, entek görünýär.
Suwlar akýar, daşlar ga:lýar ýuwulyp,
Agras daşlar misli erkek görünýär.

Agzynda aş gatyklanlar ýumlugyp,
Säher şuwlap geçen ýel dek görünýär.
Dag dag bolýar, ýakynlaşsaň beýgelýär,
Depeler daşlaşsaň ýer dek görünýär.

Togalansa watan üçin kelleler
Bir namysly-arly ser dek görünýär,
Gyňaja baglansa nebir selleler,
Itiň boýnundaky zer dek görünýär.

Gulak ynanmasa eşiden zadyna,
Dünýeden bihabar ker dek görünýär,
Lal bolsaňam, jim bolsaňam günüň ýok,
Üsti gömülmedik gör dek görünýär.

Bugdaý nanyň bolsa bugdaý söz bilen,
Hatarda ýük çekjek ner dek görünýär.
Arkaýyn uklaýar munda az bilen,
Köpe kowalaşsaň har dek görünýär.

Monjuklar gözlensin monjuk bazarda,
Siňe seret, süýtde gan ýok görünýär,
Dilleri saklalyň dişden aňyrda,
Il gözünden düşseň san ýok görünýär.

#Sädi Sädiýew.
28
81
tsoltanova
16.01.2024 18:20
Her ýürek, öz içinde ýetişdiren güliniñ ysyny berer...
33
148
tsoltanova
13.01.2024 15:45

Salam agzalar güniñiz haýyrly bolsun! Düýn şeýle ýagdaý bolupdyr goñşymyz doma girip gelýärkä iki sany ýaş gyz we bir aýal duruzyp oña din barada maglumatlary diýipdir, aý garaz köp zatlar... Olam diýipdir indi men näme etmeli kitap satyn almalymy? siz meni näme üçin saklaýarsyñyz? diýipdir. Olaram ýok sen diñe bize nomeriñ berseñ we bize goşulsañ boldy we.ş.m zatlar, goñşymam olary hukuk goraýjy edarasyna tabşyrypdyr sebäbi özi şol bölümleriñ birinde işlänsoñ. Şeýle dini guramalar bar, asuda parahat ilimizi agzalyk etmek üçin gaýrat ediñde dini maglumatlar paýlaşmazlygyñyz sizden haýyşt edýärin.

46
715
tsoltanova
11.01.2024 08:57
Biri var sarildiğimda ne derdim kaliyo, ne tasam...
Varliğiyla bana güç veriyo...
Sevgisiyle içimi isitiyo...
Bu da mutlu olmak için bana yetiyo...
36
250
tsoltanova
29.12.2023 22:41
Söýýän adamyñy diñlemek, hormatlamak peslik (heleýguly)däldir, wepalylykdyr...
37
197
tsoltanova
27.12.2023 12:18
Ýene bir täze türkmen programma işlenilýär @tsoltanov tarapyndan. Siziñ goldawyñyz bolsa has minnetdar bolardyk Älemsesi we Öwrenmeli platformalary üçin...
30
282
tsoltanova
27.12.2023 08:37
Şu gün tik tokda bir söz okadym şu ýeri täsirli boldy : " sevmek bazi fedakarliklar ister."
30
80
tsoltanova
23.12.2023 08:48
Bir ynsanyñ saña nämeler berip biljegi däl-de, seniñ üçin nämelerden geçip biljegi möhümdir aslynda...
33
169
tsoltanova
01.12.2023 11:53
Salam @Öwrenmeli-niñ mähribanlary:). Gyş paslynyñ 1-nji güni bilen sizi gutlaýaryn. Ak garlar ýaly kalbyñyzam arassa we päk bolsun. Maşgala agzybirligi, üstinlik, bagt arzuw edýän ähliñize....❄️❄️❄️
52
613
tsoltanova
30.11.2023 20:28
Salam, giç ýagşy agzalar. Arada sorag we beýleki meseleleri agzap biraz iş-güýç bilen başagaý boldum, gelip bilmedim programma kän. Indi siziň bilen bile:) haçan sorag ýaryşy geçirsek we kim birinji sorag taýarlamakçy?
39
419