tsoltanova
19.01.2024 23:29
Artyk görünýär

Öýkeleseň öýkeleşip ýörmeli,
Kölegäňem käte artyk görünýär.
Hiç ýama tutanok göwün diýeniň,
Müň ýama ýapsaňam ýyrtyk görünýär.

Bir-birekden görlüp ýeriň gatysy,
Käte süýtdeş dogan seýrek görünýär.
Bir garynda ýatanymy, hatasy?!
Ara çöp atana baýrak görünýär.

Samanyň astyndan suw goýberýänden,
Ýere bakandan ýer gorkak görünýär.
Dişleri döwse-de gyşyň şatysy,
Goşa ýazy buşlap pyntyk görünýär.

Saglar sagynýança ýeke öýermän,
Oglun iki öýeren tentek görünýär.
Bilbil ýaly saýrap durýanlar käte,
Nadanlaň ýanynda peltek görünýär.

Özünde ýok zady ile satýanlar,
Ýitib-ä gidenok, entek görünýär.
Suwlar akýar, daşlar ga:lýar ýuwulyp,
Agras daşlar misli erkek görünýär.

Agzynda aş gatyklanlar ýumlugyp,
Säher şuwlap geçen ýel dek görünýär.
Dag dag bolýar, ýakynlaşsaň beýgelýär,
Depeler daşlaşsaň ýer dek görünýär.

Togalansa watan üçin kelleler
Bir namysly-arly ser dek görünýär,
Gyňaja baglansa nebir selleler,
Itiň boýnundaky zer dek görünýär.

Gulak ynanmasa eşiden zadyna,
Dünýeden bihabar ker dek görünýär,
Lal bolsaňam, jim bolsaňam günüň ýok,
Üsti gömülmedik gör dek görünýär.

Bugdaý nanyň bolsa bugdaý söz bilen,
Hatarda ýük çekjek ner dek görünýär.
Arkaýyn uklaýar munda az bilen,
Köpe kowalaşsaň har dek görünýär.

Monjuklar gözlensin monjuk bazarda,
Siňe seret, süýtde gan ýok görünýär,
Dilleri saklalyň dişden aňyrda,
Il gözünden düşseň san ýok görünýär.

#Sädi Sädiýew.
28
81
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.