tm_girl
08.04.2024 14:48
Biri vardir ama yokdur.
Biri hem sizindir hemde asla değil.
Biri hem hissettikleriniz hemde hissizliğinizdir.
Hem içinizdeki kahkaha hem sessizliğinizdir.



(Farid Farjad)
19
37
tm_girl
20.03.2024 14:17
Hayatda kalabilmek için bir ömür veriyoruz.
Bir ömür karşiliği, bir ömür yani.
Ne saçma....
Bahar midir bizi bu hale getiren? Galiba..
Ben her bahar âşik olmam ama
Her bahar gitmek isterim...
Gitdiğim olmadi hiç,
Ama olsun.... Istemekde güzel :)
28
95
tm_girl
19.03.2024 17:06
SÖÝGI (Sonetler çemeni).

Kämil bolup, aklym ýetdi bir zada:
Mydam köñül arzuwyna ýetme ýok.
Bir gezek söýmek bar ýagty dünýäde,
Ýaşamagam iki gezek berlenok.

Her günüñ - bir ömür, bir uly sene -
Söýgi günleriniñ adaty, ine...

Gurbannazar Ezizow.
30
50
tm_girl
18.03.2024 17:13
DÜNÝÄNIÑ HASRATLY ÝADYGÄRLIGI.

1-nji surat. «Ýama» memorialy — 1947-nji ýylda Minskiň Melnikaýte köçesinde gurlup, Holokostyň pidalaryna bagyşlanan ýadygärlikdir. Bürünçden ýasalan heýkel kompozisiýasy (2000-nji ýylda döredilen, iş 8 ýyllap ýerine ýetirildi) ýadygärligiň merkezine barýan basgançakda 1942-nji ýylyň 2-nji martynda faşistler tarapyndan atylan 5 müň tussagyndan ybarat topar görnüşinde ýerleşýär.

2-nji surat. Ölýän ýolbars (Lýusern, Şweýsariýa) — muny dünýäniň iň bir meşhur hem-de hasratly ýadygärligi hasap edip bolar. XIX asyryň başynda gaýada döredilen ýaraly ýolbarsy şekillendirýän heýkel jandaryň agyryny we yzany agyr başdan geçirýändigini görkezýär. Ýadygärlik Fransiýanyň 1792-nji ýylda hüjüm edilen Týuilri köşgünde pida bolan şweýsar gwardiýaçylaryna bagyşlanypdyr.



Peýdalanylan çeşmeler: 2010.livejournal.com; aif.ru; ru.m.wikipedia.org;  interesnoznat.com; travelask.ru; pikabu.ru.
26
120
tm_girl
18.03.2024 05:44
DÜNÝÄNIÑ HASRATLY ÝADYGÄRLIGI.

Budapeştiň kenaryndaky aýakgap — ýadygärlik 2005-nji ýylda Holokostyň («holokost» sözi giň manyda II jahan urşy döwründe jöhit halkynyň köpçülikleýin ýakylmagy, ýok edilmegi diýen manyny aňladýar) pidalarynyň hatyrasyna açyldy. Ikinji jahan urşunyň ahyrlarynda Dunaýyň kenarynda jöhitler köpçülikleýin atyldy. Faşistler adamlaryň aýakgaplaryny çykardyp (soň olar satylypdyr), olary biri-birine daňmak bilen, jöhitlerden birini atypdyrlar. Ol suwa ýykylan mahaly beýleki adamlary hem özi bilen alyp gidipdir.
28
80
tm_girl
17.03.2024 13:14
DÜNÝÄNIÑ HASRATLY ÝADYGÄRLIGI.

Hatiko — akita-inu tohumyndan bolan it baradaky bu hakyky waka 1987-nji ýylda döredilen ýapon filminiň remeýki bolan «Hatiko: Wepadar dost» atly britan-amerikan kinofilmi üçin esas bolup hyzmat etdi. Hatiko atly it her gün Tokio uniwersitetiniň professory bolup işleýän hojaýyny Hidesaburo Wenony işinden çykansoň, stansiýada garşy alypdyr. Emma günlerde bir gün it näçe garaşsa-da, onuň infarkt zerarly ýürek keselinden ýogalan hojaýyny stansiýa gelmändir. It bolsa wepadarlygy bilen bu ýere 10 ýyllap hojaýynyna garaşmak maksady bilen gatnamagyny dowam edipdir. 1934-nji ýylda Sibuýa şäherinde Hatikonyň hormatyna wepalylygyň hem-de söýginiň nyşany hökmünde bürünç ýadygärlik bina edildi.


Peýdalanylan çeşmeler: 2010.livejournal.com; aif.ru; ru.m.wikipedia.org;  interesnoznat.com; travelask.ru; pikabu.ru.
28
52
tm_girl
16.03.2024 16:12
DÜNÝÄNIÑ HASRATLY ÝADYGÄRLIKLERI.

1-nji surat. Hatyýn ýadygärlikler toplumy — bu ýadygärlik 1943-nji ýylda Belorussiýanyň Hatyn obasynda faşistler tarapyndan atylyp, soňra bolsa ýakylan 149 sany şehidiň, şol sanda 75 sany çaganyň pajygaly wakasy baradaky ýatlamalary özünde jemleýär.

2-nji surat. Merhum çagalaryň hatyrasyna döredilen ýadygärlik — 1978-nji ýylda Wengriýanyň Balaton kölünde mekdep okuwçylary bilen barýan gämi suw heläkçiligine sezewar boldy. Granit daşyndan ýasalan aýasy açyk we barmaklary ýokaryk uzap duran eliň keşbi kömek soramagy alamatlandyrýar.
32
182
tm_girl
16.03.2024 05:32
DÜNÝÄNIÑ HASRATLY ÝADYGÄRLIGI.

Hasrat gözýaşy — 2006-njy ýylyň 11-nji sentýabrynda Nýu-Ýorkdaky Gudzon derýasynyň kenarynda binagär Sereteliniň döreden ýadygärligi açyldy. Ol terrorçylyk hüjümlerinde şehit bolanlaryň hatyrasyna bagyşlanyp döredildi. Bürünç pilon (terrorçylykly hüjüm bolan Bütindünýä Söwda merkeziniň — ekiz gökdiränleriň biriniň daşky görnüşi) boşluk bilen iki bölege bölünýär, onuň ortasynda bolsa nikelden döredilen 4 tonnalyk 11 metre barabar bolan gözýaş ýerleşdirildi. Bu ýadygärligiň beýikligi 30 metr, agramy bolsa 176 tonnadyr.

 
34
90
tm_girl
15.03.2024 19:14
SÜÝT🥛:peýdasy we zyýany. SÜÝT BARADA BERILÝÄN 8 SORAGYÑ JOGABY.

Çagalykdan süýdüň saglyga diýseň peýdaly içgidigini bilip gelýäris. Onda süňkleriň we dişleriň berkemegi üçin zerur bolan kalsiý bar. Ýöne ulaldygymyzça süýdüň zyýanly taraplary barada hem käte-käte gulagymyza ilýär. Käbir adamlar semizlige, deriniň garramagyna we çişmegine sebäp bolýandygyny, 65 ýaşdan soň ony içmegiň maslahat berilmeýändigini aýdýarlar.

🥛Süýdüň nähili peýdasy bar?
Süýt ýokumly maddalaryň gorudyr. Onuň düzüminde antibakterial häsiýetlere eýe bolan süýt kislotasy we içegäniň saglygyny goldaýan laktoza bar. Süýtdäki kalsiý süňkleri, dişleri güýçlendirýär. Şeýle-de bolsa, gözlegler süýt içmegiň 34 ýaşdan 59 ýaş aralygyndaky zenan maşgalalarda süňkleriň döwülmek howpuny azaltmaýandygyny görkezýär.

Süýtde myşsa dokumasynyň emele gelmegine gatnaşýan beloklar bar. Süýdi fiziki maşklar bilen bilelikde içmek myşsanyň massasynyň we işiniň ýitmegi bilen häsiýetlendirilýän ýaş bilen baglanyşykly sarkopeniýanyň döremegini gijikdirip biler.

Mundan başga-da, süýt Alsgeýmer we Parkinson ýaly beýni bilen baglanyşykly käbir keselleriň döremeginiň öňüni alyp biljek okisleýji stresleri peseldýär. Süýt bagyr üçin hem peýdaly, sebäbi ol bagryň zyýanly maddalardan arassalanmagyna kömek edýär, aşgazan-içege ulgamynyň ýagdaýyna peýdaly täsir edýär we kislotalylygy azaltmak arkaly gastrit we aşgazan ýaralaryna garşy göreşip bilýär.

Süýdüň düzümindäki witaminler we minerallar immuniteti ýokarlandyrýar, gan basyşyny kadalaşdyrýar, gan damarlarynyň diwarlaryna peýdaly täsir edýär. Süýt şeýle hem rahit we beýleki keselleriň döremek howpuny peseltmäge kömek edýär.

🥛Laktozasyz süýt adaty süýtden peýdalymy?

Laktoza ilkinji gezek 1619-njy ýylda italýan alymy Fabrizio Bartoletti tarapyndan açyldy. 1780-nji ýylda şwesiýaly himik Karl Wilgelm Şeýele laktozany süýt şekeri diýip kesgitledi.

Lukmanlar laktozaly süýdüň hem, adaty süýdüň hem saglyga peýdalydygyny aýdýarlar. Şeýle-de bolsa, laktoza çydamsyzlygy bolan adamlarda yzygiderli süýt içmek aşgazan-içege müşgilliklerine sebäp bolup biler. Bu ýagdaýda olar üçin laktozsyz süýdi saýlamak has gowudyr.

Laktozasyz süýt süýt allergiýasy bolan adamlar üçin howply däl. Bu ýagdaýda beden laktozsyz süýtde bar bolan süýtli beloklara we kazeine täsir edýär.

🥛Pasterizirlenen süýt tebigy süýtden gowumy?

Pasterizasiýa zyýanly bakteriýalary öldürmek üçin süýdüň belli bir temperaturada gyzdyrylmagydyr. Pasterizasiýany goldaýanlar munuň süýdüň sarp edilmegi üçin howpsuzdygyny we tagamyny, ysyny goraýandygyny tekrarlaýarlar ynanýarlar. Pasterizasiýa garşy çykýanlar, süýdüň düzümindäki peýdaly bakteriýalary, witaminleri, minerallary we fermentleri hem ýok edýändigini öňe sürýärler.

Bir tarapdan, çig süýt içmekde bakterial ýokuşma howpy dogrudanam pesdir. Şeýle-de bolsa, şeýle ýokuşma ýüze çyksa, örän kynçylygy döredip biler.

🥛Süýt immuniteti güýçlendirýärmi?

Süýt beloklary öýjükleri, şol sanda immun öýjüklerini döretmäge gatnaşýar. Süýtdäki polidoýgun bolmadyk ýag kislotalary nerw ulgamy üçin möhümdir. Süýtdäki kalsiý bilen fosforyň sazlaşykly utgaşmagy süňkleri we dişleri berkitmäge kömek edýär. Laktoza ýa-da süýt şekeri içege mikroflorasy üçin iýmitdir.

🥛Ýyly süýt uklamaga kömek edýärmi?

Uky üçin beden uky gormony bolan melatonini öndürmek zerurdyr. Melatonin serotoninden öndürilýär, bu bolsa öz gezeginde aminokislotaly triptofandan sintez edilýär. Süýt triptofanyň iň oňat çeşmelerinden biridir.

🥛Ululara süýt içmek bolmaýarmy?

Uly adamlaryň köpüsinde arassa süýdüň gaýtadan işlenilmegi üçin fermentatiw işjeňlik peselýär. Şonuň üçin laktoza çydamsyzlygy bolan adamlar üçin süýt içmek, esasanam, täze süýt içmek içgeçmä we içiň ýellenmesine getirip biler. Bu bolsa olaryň bedeniniň süýt şekerini, laktozany siňdirip bilmeýändigi bilen baglanyşyklydyr. Ösümlik esasly süýtlerde laktoza bolmaýar we şonuň üçin-de olar bu hili müşgilliklere getirmeýär.

🥛Süýdüň zyýany nämede?

Süýt — ýokumly maddalaryň gymmatly çeşmesi, ýöne ony aşa köp içmek ýürek-damar keseliniň, 1-nji görnüşli süýji keseliniň, osteoporozyň, sklerozyň we beýleki keselleriň töwekgelçiligini ýokarlandyryp biler.

Erkeklerde süýt prostat mäziniň, aýallarda bolsa ýumurtgalyk we döş mäziniň döremek howpuny ýokarlandyryp biler. Süýt köp mukdarda holesteriniň derejesini ýokarlandyryp, çişi döredip, iýmit siňdiriş ulgamyny bozup biler.



🥛Her gün bir litr süýt içseňiz näme bolar?

Lukmanyň sözlerine görä, bir litr süýtde möhüm iýmitlerden başga-da 25 gram ýag bar, şonuň üçin günde bir litr süýt içmek köp bolýar.

Çagalara sagdyn ösmegi we kalsiý kabul etmegi üçin günde azyndan 300 ml süýt içmek maslahat berilýär. Adaty laktoza çydamlylygy bolan ulular bir günde 300-400 ml çenli mukdarda süýdi arkaýyn içip bilerler. Süýdüň aşa köp içilmegi içegäniň çişmegine, ýürek bulanmagyna we içiň ýellenmegine sebäp bolup biler.

Çeşme:Fontanka.ru
26
23
tm_girl
14.03.2024 14:50
WATIKANYÑ MUZEÝLERI BARADA TÄSIN FAKTLAR.

Bu ýerdäki ähli muzeýleri ýekänme-ýekän öwrenip çykmak üçin Rim şäherine her gezek gelnende 3-4 sagatlyk wagt aýyrmak zerurdyr;

Her aýyň ahyrky ýekşenbe güni hem-de 27-nji sentýabrda — Bütindünýä syýahatçylyk gününde Watikan muzeýlerine tölegsiz gezelenç edip bolýar;

Muzeýiň girelgesinde audio ýolgörkeziji satylýar. Onda 200 töweregi audioýazgy bolup, muzeýlerdäki gymmatlyklar barada gürrüň berilýär;

Watikan muzeýleriniň resmi saýty arkaly bu ýerdäki muzeýleriň ählisine wirtual görnüşde tölegsiz syýahat edip bolýar;

Muzeýleriň zallarynda gezmek birtaraplaýyn hereket boýunça ýola goýlandyr;

Watikan muzeýlerinde kiçi ýadygärlikleriň we kitaplaryň dükanlary, birnäçe sany kafe, şeýle-de ýollamalar we papalyk döwletiň aýratynlyklary satylýan Watikan poçta bölümi bar.


Peýdalanylan çeşmeler: italy-insider.ru; www.tourister.ru; italyme.ru.
29
66