DÜNÝÄNIÑ HASRATLY ÝADYGÄRLIGI.
1-nji surat. «Ýama» memorialy — 1947-nji ýylda Minskiň Melnikaýte köçesinde gurlup, Holokostyň pidalaryna bagyşlanan ýadygärlikdir. Bürünçden ýasalan heýkel kompozisiýasy (2000-nji ýylda döredilen, iş 8 ýyllap ýerine ýetirildi) ýadygärligiň merkezine barýan basgançakda 1942-nji ýylyň 2-nji martynda faşistler tarapyndan atylan 5 müň tussagyndan ybarat topar görnüşinde ýerleşýär.
2-nji surat. Ölýän ýolbars (Lýusern, Şweýsariýa) — muny dünýäniň iň bir meşhur hem-de hasratly ýadygärligi hasap edip bolar. XIX asyryň başynda gaýada döredilen ýaraly ýolbarsy şekillendirýän heýkel jandaryň agyryny we yzany agyr başdan geçirýändigini görkezýär. Ýadygärlik Fransiýanyň 1792-nji ýylda hüjüm edilen Týuilri köşgünde pida bolan şweýsar gwardiýaçylaryna bagyşlanypdyr.
Peýdalanylan çeşmeler: 2010.livejournal.com; aif.ru; ru.m.wikipedia.org; interesnoznat.com; travelask.ru; pikabu.ru.