timm
07.10.2024 09:43
Siz ýaşap ýören bagtly durmuşyňyzyň gadyr-gymmaty hakda pikir edip gördüňizmi?
Ýatara-turara jaýyň, demiňi-dynjyňy alara öýüň, ojagyňda gaýnap duran naharly gazanyň, öýüňde ýorgan-düşegiň, egniňde bir-laý egin-eşigiň bar bolsa, onda sen baýsyň.
Kisäňde geregiňi alara puluň, sandygyňda günüňi aýlara gazanjyň bar bolsa we şonuň ujundan hem gyssagly günüň üçin az-owlak süýşürip bilýän bolsaň, onda sen baýlaryň birisiň.
Bu gün irden sag-aman ören bolsaňyz, siz uly nygmata eýesiňiz. Öý-iliňiz abadan, ýurduňyz asuda bolsa, uruş tüssesi gözüňizi awatmadyk, pitne gowgasy ýüregiňizi ajatmadyk bolsa, garaňky zyn-danlarda tenhalyk tagamyny datmadyk bolsaňyz, onda siz bagtlysyňyz.
Mekdeplerde ine-gana bilim alýan bolsaňyz, metjitlerde arkaýyn namaz okaýan bolsaňyz, ýolda-yzda her kesden arkaýyn gezýän bolsaňyz, nähak daralma gorkusy ýok bolsa, onda siz bagtlysyňyz.
Ene-atalaryňyz, çagalaryňyz, maşgalaňyz bilen bir ojakdan agzy-bir örýän bolsaňyz, onda siz Biribaryň ýalkan bendeleriniň birisiňiz.
Ýürekden ýylgyryp bilýän bolsaňyz, nygmata şükür edýän bolsaňyz, diýmek, siz tapylgysyz nygmatyň başynda otyrsyňyz.
Dünýäde millionlarça adam, bu ýagdaýy islese-de, başaryp bilýän däldir.
Siz ýene-de köp zatlar hakda oýlanyp, näderejede uly bagtlydygyňyza göz ýetirip bilersiňiz.
Eger şu ýazgylary okan we oňa düşünen bolsaňyz, onda siz «oka-mak we düşünmek» diýen iki sany uly nygmata eýesiňiz. Eger siz şu ýazgylary okan bolsaňyz, onda dünýädäki okap-ýazyp bilmeýän adamlardan bagtlydygyňyzy ýadyňyzdan çykarmaň!
9
62
timm
01.10.2024 19:17
BARMYKA
Iliň teýenesi artyk derdimden,
Gybatym etmedik dil bir barmyka?
Seňem ýalan sözläniňi gördüm men,
Şu dünýäde dogruçyl bir barmyka?
Puşman tygy biziň bagrymyz dilýän —
Şu günki işime ertesi gülýän.
Kä bilip ädýäris, käte-de bilmän,
Bir gara ýokmadyk el bir barmyka?
Atamyz Adamdyr bizi ýaýradan,
Ajy aýralykdyr süýji saýradan.
Bir ilerden öwser, birem gaýradan,
Bir tarapa öwsen ýel bir barmyka?
Esasy sapagy durmuş ylmynyň —
Ýürekleriň açarydyr: dil biliň.
Azaby reýganmy akmak bilbiliň,
Ýagny bir aýypsyz gül bir barmyka?
Gojalykda ýanmak dälmikä uslyp?!
«Söýgi, söýgi...» diýip, sanaýan tesbyh.
Ulular edipdir Söýgini tassyk,
Aldanyp ýörmükäk, şol bir barmyka?
Italmaz Akmyradow
23
249