timm
07.10.2024 09:43
Siz ýaşap ýören bagtly durmuşyňyzyň gadyr-gymmaty hakda pikir edip gördüňizmi?
Ýatara-turara jaýyň, demiňi-dynjyňy alara öýüň, ojagyňda gaýnap duran naharly gazanyň, öýüňde ýorgan-düşegiň, egniňde bir-laý egin-eşigiň bar bolsa, onda sen baýsyň.
Kisäňde geregiňi alara puluň, sandygyňda günüňi aýlara gazanjyň bar bolsa we şonuň ujundan hem gyssagly günüň üçin az-owlak süýşürip bilýän bolsaň, onda sen baýlaryň birisiň.
Bu gün irden sag-aman ören bolsaňyz, siz uly nygmata eýesiňiz. Öý-iliňiz abadan, ýurduňyz asuda bolsa, uruş tüssesi gözüňizi awatmadyk, pitne gowgasy ýüregiňizi ajatmadyk bolsa, garaňky zyn-danlarda tenhalyk tagamyny datmadyk bolsaňyz, onda siz bagtlysyňyz.
Mekdeplerde ine-gana bilim alýan bolsaňyz, metjitlerde arkaýyn namaz okaýan bolsaňyz, ýolda-yzda her kesden arkaýyn gezýän bolsaňyz, nähak daralma gorkusy ýok bolsa, onda siz bagtlysyňyz.
Ene-atalaryňyz, çagalaryňyz, maşgalaňyz bilen bir ojakdan agzy-bir örýän bolsaňyz, onda siz Biribaryň ýalkan bendeleriniň birisiňiz.
Ýürekden ýylgyryp bilýän bolsaňyz, nygmata şükür edýän bolsaňyz, diýmek, siz tapylgysyz nygmatyň başynda otyrsyňyz.
Dünýäde millionlarça adam, bu ýagdaýy islese-de, başaryp bilýän däldir.
Siz ýene-de köp zatlar hakda oýlanyp, näderejede uly bagtlydygyňyza göz ýetirip bilersiňiz.
Eger şu ýazgylary okan we oňa düşünen bolsaňyz, onda siz «oka-mak we düşünmek» diýen iki sany uly nygmata eýesiňiz. Eger siz şu ýazgylary okan bolsaňyz, onda dünýädäki okap-ýazyp bilmeýän adamlardan bagtlydygyňyzy ýadyňyzdan çykarmaň!
9
62
timm
7 Oktýabr 2024
📌 "Halallyk Kyssalary" kitabyndan.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.