suray94
11.05.2024 12:38
Allanyň özi keremini eçilsin hem tä kyýamat-magşar günune çenli belent at-owaza bersin! Ondan soň bolsa, hakykatda, adamyň özünden ozalky nesilleriniň başlaryndan nähili wakalaryň geçendigine göz ýetirip hem öwrenip bilmegi üçin, onsoň-da ötengeçenler hakdaky taglymatlara hem-de olara nämeler bolandygyna çuňdan düşünmek bilen adamyň günä etmekden saklanmagy üçin, ozalky nesiller hakyndaky rowaýatlar soňkulara öwüt-nesihat bolup galyberipdir. Gadymkylar hakyndaky rowaýatlary soňraky halklara sapak bolar ýaly etmegi başarana berekella! «Müň bir gije» diýen hekaýalar-da, onuň içindäki bady belent namalar hem öwütündewli gürrüňler-de şol hili rowaýatlardyr. Halk rowaýatlarynda gadym zamanlarda bolan, birwagtlar geçen hem bireýýäm ötüp giden zatlar hakynda gürrüň berýärler (Allatagala bolsa pynhan syrly zatlardan hasam habarlydyr hem hemmeden pähimdardyr, onuň şan-şöhraty agdykdyr, perwerdigärlikde hem sahylykda oňa taý ýokdur, ol merhemetlidir hem rehimdardyr); gadym zamanlarda hem geçmiş asyrlarda ýüzlerçe ýyl mundan ozal, Hindistan hem Hytaý welaýatlarynda lek-lek goşunly, wezir-wekilli, saklawly-perraçly bir patyşa bolanmyş. Sasan1taýpasyndan bolan bu patyşanyň iki ogly bar eken: ulusy kemsiz ýetişen uly adam ekeni, kiçisi bolsa heniz ýaňy jahyl çykan ýigit ekeni; ogullarynyň ikisi-de batyr hem pälwanmyş, ýöne kiçisindenem ulusy has edermen ekeni. Şu boluşdada ol öz ýurdunda patyşa bolup, öz raýatlaryna adyl häkimlik edipdir, şonuň üçinem onuň topragyndaky hem patyşalyk edýän ýerindäki ilat ony gowy görýär eken, onuň adyna-da Şähriýar diýerler ekeni; onuň özünden kiçi doganyna bolsa Şahzaman patyşa diýerler ekeni, ol hem parsy Samarkandyna patyşalyk eder ekeni. Olaryň ikisi-de öz ýerli-ýerinde ýaşap ýören ekeni, her haýsy öz patyşalygynda ýaşap, öz raýatyndaky ilatyň üstünden ýigrimi ýyllap adalatly häkimlik sürüp, bol-telkilik hem şadyýanlyk içinde ýaşapdyr. Şeýdip ýaşap ýörkäler, olaryň ulusy bir gün öz inisini göresi gelipdirde, ony gidip alyp gelmegi öz wezirine buýrupdyr. Wezirem onuň buýrugyny berjaý edip, ýola rowana bolupdyr-da, tä Samarkant şäherine sag-aman baryp ýetýänçä ýol ýöräpdir. Onsoň ol Şahzamanyň huzuryna baryp, patyşanyň salamyny gowşurypdyr hem-de ony öz doganynyň göresi gelendigini hem onuň öz ýanyna gelip gaýtmagyny isleýändigini habar beripdir. Şahzaman hem razylyk bildirip, ýol şaýyny tutupdyr. Ol öz çadyrlaryny ýola çykarmagy, düýeleriň, gatyrlaryň, hyzmatkärleriň hem nökerleriň ýola ugramaga taýýar bolmalydygyny buýrupdyr, özi gelýänçä, ýurda häkimdarlyk etmegi bolsa öz wezirine tabşyrypdyr, özi bolsa çykypdyr-da, öz doganynyň şalyk edýän welaýatyna bakan ugrapdyr. Emma gijäniň ýary bolanda, köşgünde bir zadyny ýadyndan çykaryp gaýdandygy birdenkä ýadyna düşüpdir-de, yzyna dolanypdyr, gelip köşge girip görse, aýaly özüniň gullaryndan biri bolan bir gara (negr) gul bilen öz düşeginde gujaklaşyp ýatan ekeni. Şahzaman patyşa bu ahwalaty görende, onuň gözleriniň öňi garaňkyrap, depe saçy syh-syh bolupdyr-da, öz ýanyndan: «Men heniz şäherden çykmankam, beýle-beýle zatlar bolýan bolsa, eger men esli wagt doganymyňkyda saklansam dagy, bu äteňenälet heleý gör nämeler ederdikä!» diýip, içini gepledipdir. Ol gylyjyny syraga-da, olaryň ikisini-de şol ýatan ýerlerinde çapyp öldüripdir, ondan soň bolsa şol sagadyň hem şol minutyň özünde yzyna hyrra öwrülip, ýene ýola düşmeli diýip buýruk beripdir hem tä öz doganynyň bolýan şäherine barýança, äginmän ýol ýöräpdir. Şähere ýakynlaşan wagtynda bolsa, özüniň gelýändigini doganyna habar bermek üçin öňden çapar iberipdir, onsoň Şähriýar hem onuň öňünden çykypdyr, biçak begenip, gujak açyp salamlaşypdyr. Doganynyň hormatyna bütin şäheri bezepdir, onuň bilen oturyp, şadyýan gürrüň edipdir, emma Şahzamanyň weli aýalynyň eden etmişi ýadyna düşüp duransoň, ol biçak tukat bolupdyr, ýüzi saralypdyr, bedeni gowşap ysgyndan gaçypdyr. Uly dogany onuň bu hili ýagdaýyny gören wagtynda, ol öz ýurdundan hem patyşalygyndan aýra düşeni sebäpli tukatlanýandyr öýdüp, gel şuňa azar bermäýin diýipdir-de, ondan hiç bir zat soraşyp-da durmandyr.
16
101
suray94
10.05.2024 01:21
Hakyky soygi (bolan waka)
Aslynda hakyky soygi diymeklik, satlykda we gaygyda, bilelikde biri- birine goldag berip yasamaklyk diymekdir. Yone gynansakda bizin jemgyyetimizdaki adamlar koplenc halatda, adamyn ykdysady yagdayy, isi we dasky gornusi bn has kop gyzyklanyarlar. Bu gun size sonky yylarda internetde ginden yayran bolan wakany gurrun bermekci. Yone munyn kimin cap edendigi barada hic hili maglumat yok. Yone awtor maksadyna yetmekligi we hakyky soygunin namedigini adamlara gorkezmegi basarypdyr . Onno waka seylerak baslanyar: Waka ady nabelli bolan bir adamyn is gozlemek un uly sahere gelende baslapdyr. Ol adam is tapyp gurlusyk isgari bp ise baslayar. Birnace gunden son, ol owadan gozleri bolan uzyn sacly bir gozel gyz bn tanysyar. Bu oglany esasan hem gyzyn asyllylygy, mylayym hasiyeti ozune cekyar. Derrew oglan ol gyza asyk bolyar we tiz wagtdan ozune durmusa cykmaklygy hayys edyar. We ahyrynda seydip olaryn toyy tutulyar. Olar bagtly durmusda yasasalaram, das towerekdaki adamlar, olary tankytlayadylar. Beyle owadan gyzyn duybunden basga bir gursawdaky yasayan garyp adama nadip durmusa cykandygy barada goz onune getirip bilmeyadiler. Nace wagt gecenson isi gutaryar we ol adam tiz wagtdan obasyna dolanmaly bolyar. Onun ayaly butin omruni saherde yasasada subhesiz adamsy bn taze yere gocup gitmane razy bolyar. Oba baransonlar pul gazanmaklyk un adamsy bn gelni meydanda islap baslayarlar. Yone bir gun ol adam ayalynyn beyle agyr is un gaty ejizdigini gorup oyunde galmany hayys edyar we ona durmusda hemme zadyn in gowysyny bermeklik un elinden gelenini etjekdigini aytyar. Basda ayaly biz bir masgala ikimiz bilelikde hereket etsek gowy bolar dp yuz owuryar. Yone ahyrynda adamsynyn hayysyna gulak asyar. Sondan birnace gun gecyar, ol adam ise ir bn gidip gic bolanda-da oyune dolanyp gelyardi. We her gunem ayalyna iymit almak un pul goyup gityan ekeni. Emma gynansakda koplenc halatda, pulun yeterlik dal gunleri hem bardy. Gunlerde bir gun ol adam ise gitmezden ozal ondan ayaly taze darak almak un pul sorayar. Adamsy muna oran gynanyar we ol ozinin sagadyny bejertmeklik un hem yeterlik pulynyn yokdugyny aydyp, pul berip bilmejekdigini aytyar. Ayaly adamsynyn yagdayyna dusunip ikinji gezek soramayar we adamsy isine gityar. Sol gun ol adam isden ir cykyp gaydyp, sagat dukanyna gityar. We ol ayalynyn hayysyny yadyna dusurip sagadyny onartmagynyn yerine sagadyny arzan bahadan satyp ayalynyn hayysyny yerine yetirmekligi yuregine duwyar. We ol seylede etyar. Ayaly un taze darak alyp, yany bn ayna we iymit zat alysdyryp oyune tarap yola dusyar. Oyune ol adatdakysyndan ir gelyar. We ol oyune girip ayalyny gorip gozune ynanmayar. Ayalynyn saclary kesilip gysgaldylandy. Ol adam ayalyndan: "ezizim nm un sacyny kesdin dp sorayar"? Ayaly hem yuzini asak bakyp dursuna ona seyle jog beryar:"Sacymy kesendigimin sebabi, mn sana taze sagat alyp bermek un sacymy kesip satdym dp aytyar". Seydip ayaly adamsyny begendirmek un ozinin in bir gymmatly zadyny gurban eden eken. Ayaly sonra adamsynyn eline seredip ozi un satyn alan zatlaryny goryar. Bular biri- birine seredip duruslaryna gozlerine yas aylanyar. Sebabi olar ozlerinin pidalary sebapli dal-de, eysem soygulerinin seyle guyclidigini yene bir gezek goz yetirendikleri un begenjinden yana gozleri yasaryardy
21
37
suray94
08.05.2024 22:48
Söýgi
Bir-birini biçak gowy görýän bir är-aýal bar eken. Günlerde bir gün aýal erbet bir kesele uçrapdyr. Kesel aýalyň ýüz-gözüni edil mama dişän ýaly edip, ony görkden gaçyrypdyr. Bir gün bolsa, ýaňky aýalyň adamsy işden gelýärkä ulag heläkçiligine uçrap, kör bolupdyr. Muňa garamazdan olar ýene-de bir-birini gowy görüp ýaşapdyrlar.
Wagtyň geçmegi bilen aýal keselden gutulyp bilmän, hasam beter bedroýlaşypdyr. Adamsy bolsa, ony edil öňküsi ýaly söýmegini dowam etdiripdir. Ine, onsoň ahyry bir gün aýaly aradan çykypdyr. Adamsy muňa erbet gynanypdyr. Ol aýalyny jaýlap, ýas sadakasyny sowandan soň, şäheri terk etjek bolup durka egindeşleriniň biri ýanyna gelip:
– Halypa, seniň gözüňem-ä görenok. Öň näme-de bolsa, ýanyňda aýalyň bardy, indi olam-a ýok – diýipdir. Şonda ýaňky adam şeýle jogap beripdir:
– Men kör däl. Ýöne aýalymy «Kör boldum» diýip aldamaly boldum. Sebäbi endam-jany gan-gabarçyk bolup, meniň gözüme görünmek oňa hasam agyr degjekdi. Men ony diňe owadan bolany üçin söýmändim ahyry. Men onuň mähir-muhabbetden doly ýüregine aşyk bolupdym.
Iki adam bir-birini söýende, olar hergiz aýra düşmejek bolar. Şonuň üçin hem birek-biregiň kemçiligini görmejek bolar. Görse-de, görmezlige salar. Söýýän adamyňy bagtly etmek üçin, käte kör ýaly bolmagy hem başarmak gerek.
30
97