Söýgi
Bir-birini biçak gowy görýän bir är-aýal bar eken. Günlerde bir gün aýal erbet bir kesele uçrapdyr. Kesel aýalyň ýüz-gözüni edil mama dişän ýaly edip, ony görkden gaçyrypdyr. Bir gün bolsa, ýaňky aýalyň adamsy işden gelýärkä ulag heläkçiligine uçrap, kör bolupdyr. Muňa garamazdan olar ýene-de bir-birini gowy görüp ýaşapdyrlar.
Wagtyň geçmegi bilen aýal keselden gutulyp bilmän, hasam beter bedroýlaşypdyr. Adamsy bolsa, ony edil öňküsi ýaly söýmegini dowam etdiripdir. Ine, onsoň ahyry bir gün aýaly aradan çykypdyr. Adamsy muňa erbet gynanypdyr. Ol aýalyny jaýlap, ýas sadakasyny sowandan soň, şäheri terk etjek bolup durka egindeşleriniň biri ýanyna gelip:
– Halypa, seniň gözüňem-ä görenok. Öň näme-de bolsa, ýanyňda aýalyň bardy, indi olam-a ýok – diýipdir. Şonda ýaňky adam şeýle jogap beripdir:
– Men kör däl. Ýöne aýalymy «Kör boldum» diýip aldamaly boldum. Sebäbi endam-jany gan-gabarçyk bolup, meniň gözüme görünmek oňa hasam agyr degjekdi. Men ony diňe owadan bolany üçin söýmändim ahyry. Men onuň mähir-muhabbetden doly ýüregine aşyk bolupdym.
Iki adam bir-birini söýende, olar hergiz aýra düşmejek bolar. Şonuň üçin hem birek-biregiň kemçiligini görmejek bolar. Görse-de, görmezlige salar. Söýýän adamyňy bagtly etmek üçin, käte kör ýaly bolmagy hem başarmak gerek.