strawberry
28.10.2023 01:03

Allam seni ýazypdyr ykbalyma

Sen meniňki men seniňki bolmagy

Aýlanyp dolanyp gelip yanyma

Sen meniňki men seniňki bolmaly.


İki yürek birleşip bir ganatda

Yaşaly biz göwünleri ganatman

Kyn günde şat günde her bir halatda

Sen meniňki men seniňki bolmaly.


Durmuşda hökmanmy kän pul uly jaý

Gezeli biz mala dälde göwne baý

Agzybir, asuda yaşatsyn Hudaý

İn Şa Allah sen meniňki bolmaly.


Guwanyp gezeli çagalarmyza

Baldanam tagamly balalarmyza

Allam rysgal döwlet eçilsin bize

Ömür boýy sen meniňki bolmaly.


Hal soraşyp her günde her hepde-de

Diller hökman dälä göwün geplese

Allam nesip etse ahyrýetde-de

Sen meniňki men seniňki bolmaly.

24
37
strawberry
22.10.2023 08:31

Soygüliň saňa "like" goýmagy - men hemme zady görüp durun diýmegi aňladýar. 😊🙈

29
278
strawberry
19.10.2023 00:09

Her eje öz talyp perzendin gutlap,

Oňa sowgat edýär bir çemen güli.

Şeýle şowhun bilen dowam edýärdi,

'Bilimler we talyp yaşlaryň güni'


Emma ýetim göwnüm kemsinip barha,

Daşardaky şowhun syganok içe...

Başka ejelerdek bir bogdak gül däl,

Eliň boş bolsa-da gelsediň eje...

23
31
strawberry
18.10.2023 01:29

Meni salma, sen öz duşen günüňe,

Baý bolsaňam, duşduň kynlaň müňüne.

Mugt geleniň kän basdylar ýüzüňe,

Bay durmuşly pikiriňden dön eje,

Söyenime beriň meni jan Eje?!


Kemsitme sen, goy bolsunlar obaly,

Obalylar yalňyşsa-da tobaly.

Pula satmak "dessuryndan" galaly,

Garyp bilen iyjek gaty nan eje,

Söyenime beriň meni jan Eje?!


Maňlaý derden çykan çörek süýji bor,

Ana şolam çyn söyginiň güýji bor,

Şu wagt oylan,

Arman etmek ajy bor,

Söyenine yetmän ýanan kän eje,

Söyenime beriň meni jan Eje?!


Men ätlejek diňe halal gapydan,

Hökman bolar yzymyzdan gep eden...

Gybat dälmi hak söýgini dep eden,

Gybatçylar ýaşap ýören san eje,

Söyenime beriň meni jan Eje?!


Men ynanýan saýlap seçen yigdime,

"Janym berip" jandan geçen yigdime,

Mellegmize ekip-dikip bag, düme,

Yazyşarys biz berip yana-yan eje,

Söyenime beriň meni jan Eje?!


Pataňy ber, öz durmuşym guraýyn,

Yara beren päk wadamda duraýyn,

Namarda däl Haka elim sereyin,

Çünki bizde çäksiz söýgi bar eje,

Söyenime beriň meni jan Eje?!

21
42
strawberry
17.10.2023 00:19

Hassalary sagaldyp, eşidip sagbolsun 🤲

Keşbimizde ukyply bolarys lukman 🤲👩🏻‍⚕️

Onuň üçin unudup yşk we söýgüni❤️🥴

Diplom üçin göreşip okamaly hökman📚

21
42
strawberry
16.10.2023 08:17

Maňa ynanmayan adama men hiç wagt hakykady ynandyryp bilmerin, yöne maňa ynanýana hiç wagt yalan sözlemen.

21
32
strawberry
15.10.2023 01:31

Bugün ýene gözyaş meniň ýoldaşym

Aýralyk aýdymy meniň syrdaşym

Seni kuyseyanim sen bir bilsediň

Indi sen bagtyňy özgä bagladyň.


Belki owadandyr saýlap söyeniň

Belki sylaýandyr açýandyr göwnüň

Saňa yeke arzuw sag bolsun janyň

Diňe şol gyz bolsun dünýäde baryň.


Unut indi menli geçen günleri

Sen unutdyň beren wadalaryňy

Bugün ýere çaldyň beren sözlemi

Gynamany ýaraladyň yüreğimi.

24
33
strawberry
14.10.2023 00:32

Durmuş pikir edişimçe däl eken!

Käsi adam, käsi ýöne san eken!

Çyn ýürekden söýýänlerem bar eken!

Ýalandan söýýanler juda kän eken!

22
42
strawberry
13.10.2023 00:29

Diňle sen söygülim aýdaýyn halym.

Garagözlim sensiň söygüli yarym.

Tä ömrüm ötinçä söyjegim hakdyr.

Özgelere gaş kakmaryn dildarym.


Şemallardan eşidýärin halyny.

Göwnümi dik tutyan yykman rayymy.

Sebäp şu günlere baglandy yolum.

Nenen bor şeyleke durmuş ahyry.

22
49