strawberry
18.10.2023 01:29

Meni salma, sen öz duşen günüňe,

Baý bolsaňam, duşduň kynlaň müňüne.

Mugt geleniň kän basdylar ýüzüňe,

Bay durmuşly pikiriňden dön eje,

Söyenime beriň meni jan Eje?!


Kemsitme sen, goy bolsunlar obaly,

Obalylar yalňyşsa-da tobaly.

Pula satmak "dessuryndan" galaly,

Garyp bilen iyjek gaty nan eje,

Söyenime beriň meni jan Eje?!


Maňlaý derden çykan çörek süýji bor,

Ana şolam çyn söyginiň güýji bor,

Şu wagt oylan,

Arman etmek ajy bor,

Söyenine yetmän ýanan kän eje,

Söyenime beriň meni jan Eje?!


Men ätlejek diňe halal gapydan,

Hökman bolar yzymyzdan gep eden...

Gybat dälmi hak söýgini dep eden,

Gybatçylar ýaşap ýören san eje,

Söyenime beriň meni jan Eje?!


Men ynanýan saýlap seçen yigdime,

"Janym berip" jandan geçen yigdime,

Mellegmize ekip-dikip bag, düme,

Yazyşarys biz berip yana-yan eje,

Söyenime beriň meni jan Eje?!


Pataňy ber, öz durmuşym guraýyn,

Yara beren päk wadamda duraýyn,

Namarda däl Haka elim sereyin,

Çünki bizde çäksiz söýgi bar eje,

Söyenime beriň meni jan Eje?!

21
42
ones
18 Oktýabr 2023
Jaaanaaa❤❤❤❤
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.