stella_🖤
27.07.2024 21:20
Ekizjeler

Olar biynjalyk we gaharly. "Gemini halkynyň negatiw taraplaryny üýtgedip bolýan, dyngysyz, mekir, bikanun bilesigeliji, karar bermeýän ikiýüzli, nerwine gözegçilik edip bilmeýän, gybatçy, ýüzleý, gyrada ýaşaýan ýaly sanap bileris.Onuň ykjam we hiç wagt ýadamaýan gurluşy bu aýratynlygy goldaýar. Gemininiň oňyn taraplarynyň arasynda akyl we bilesigelijilik şöhle saçýar. Bu aýratynlyklary bilen maglumat paýlaýan şahsyýet bar. Şadyýan tebigaty bilen tanalýan jyns gymmatlyklary, jemgyýetçilik durmuşynda şatlyk hem ýaýradýar.


Stella_🖤
9
39
stella_🖤
27.07.2024 17:30
Hemmäňize salam mähriban agzalar. Men siziň üçin "Aries" ýyldyzy hakynda gysgaça maglumatlar öwrendim. Kimiň ýyldyzy "Aries" bolsa ünsli okaň.

Aries, Zodiakyň ilkinji alamaty we iň sabyrsyz alamat hökmünde bellidir. Aries alamaty bilen doglan adamlar, başlaýan zatlaryny tutanýerli alyp barşy bilen tamamlamagy halaýarlar. Güýçli erk we fiziki güýç, şeýle hem dolandyrmak ukyby bar. Adamlara özlerini görkezmegi halaýarlar.

Aries elmydama iş şertlerinde-de, dost-ýarlarynda-da hereket, tizlik we bäsdeşlik gözleýär; Hemme zatda birinji bolmaga synanyşýarlar. Aries iň işjeň alamatlaryň biri, sebäbi olaryň dolandyrýan Mars planetasy ot elementine degişlidir. Käwagt pikirlenmese-de hereket etmek olaryň tebigatynda.


Googldan soran😁: Stella_🖤
13
66
stella_🖤
26.07.2024 18:08
Mongoliýanyň Prezidenti Türkmenistana döwlet saparyny amala aşyrar


Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow mongol kärdeşi hanym Batseseg Batmunhiýniň bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Taraplar iki ýurduň arasynda adaty dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gönükdirilen giň meseleler toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.

Söhbetdeşler Mongoliýanyň Prezidenti Uhnagiýn Hurelsuhyň Türkmenistana amala aşyrjak ilkinji döwlet saparyna taýýarlyk meselelerine aýratyn üns berdiler.
11
17
stella_🖤
26.07.2024 13:32
Şols Germaniýanyň Kansleri wezipesine gaýtadan saýlanmak pikiri barada habar berdi.

Germaniýanyň Kansleri Olaf Şols 2025-nji ýylda ýurduň Hökümet başlygy wezipesine gaýtadan saýlanmak meýli barada beýanat berdi diýip, «MIR 24» ýazýar.

Onuň: «Kansler bolmak bilen, ýene-de Kansler bolmak üçin saýlawlara gatnaşmakçy» diýip, däp bolup gelýän tomusky metbugat maslahatynda aýdan sözlerini «RIA Nowosti» getirýär.

Öň Şols Germaniýanyň Sosial-demokratlar partiýasynyň we dolandyryjy koalisiýasynyň pes reýtingine, şeýle-de partiýanyň Hristian-demokratik we Hristian-sosial bileleşiklerden we «Germaniýa üçin saýlamak» partiýasyndan ýeňlip Ýewropa parlamentine saýlawlarda şowsuzlyga uçramagyna garamazdan, şeýle islegi barada birnäçe gezek habar beripdi.
12
6
stella_🖤
09.07.2024 16:02
Makron Fransiýanyň Premýer-ministrinden wagtlaýyn wezipesinde galmagyny haýyş etdi


Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron Premýer-ministr Gabriel Attaldan ýurtda durnuklylygy üpjün etmek üçin häzirlikçe wezipesinde galmagy haýyş etdi. Bu barada fransuz habar beriş serişdelerine salgylanýan «Interfax.ru» ýazýar.

Attal duşenbe güni Prezidentiň Diwanyna iş başyndan gitmek barada ýüz tutmak üçin geldi. Şu ýylyň ýanwarynda wezipä bellenen hökümet başlygy geçen ýekşenbede Parlamentiň aşaky palatasynda Prezidentiň tarapdarlarynyň sesleriň köplügini gazanmandygy belli bolandan soňra, özüniň iş başyndan gitmek meýli barada yglan etdi.
Saýlawlarda çepçi partiýalaryň topary bolan «Täze halk fronty» sesleriň iň köpüsini alyp, deputat orunlarynyň 182-sini gazandy. Prezidentiň «Bilelikde» koalisiýasy 168 mandat gazandy. Jordan Bardellanyň «Milli bileleşik» partiýasy orunlaryň 143-sini aldy.

Saýlawlarda syýasy güýçleriň hiç biri parlament köplügini gazanyp bilmedi. Munuň üçin 577 deputat ornunyň 289-syny almak gerek.
9
28
stella_🖤
09.07.2024 00:09
Ýapon işewürligi ýurduñ garraýan ilatyna uýgunlaşýar.

Ýaponiýanyň iri kompaniýalary ýurduň barha gartaşýan ilatyna uýgunlaşmaga mejbur bolýarlar diýip, «24KZ» habar berýär.

Gartaşan adamlaryň sanynyň artmagy sarp ediş bazaryny öxgerdýär. Mysal üçin, durmuş tehnikasyny öndüriji iri kompaniýalaryň öndürýän çäýnekleri indi öz hakyky eýeleriniň elektron poçtalaryna ulanylýan wagty habarnama iberýärler. «Panasonic» korporasiýasy hem garrylaryň durmuşyny ep-esli ýeňilleşdirjek täze önümleriň üstünde işleýändigini habar berdi.
Ýaponiýada çaga dogumynyň görkezijisi iň pes derejä düşdi. 2023-nji ýylda ol ýerde 700 müňden sähel köp çaga dünýä indi. Görkeziji eýýäm sekiz ýyldyr, yzygiderli pes gaçýar.
8
23
stella_🖤
08.07.2024 09:51
Manyly sözleriň manylysy.


Özüňi adamlara ynanýan ýaly alyp bar. Ýöne hiç haçan ynanma.


Kämillik
"Men olara gerek dälden." "Maňa olar gerek däle" geçiş.


Durmuşda
duşan hemme kişi seniň ýagdaýyňy, işiňi, durmuşyň barada soraýar. Ýöne hiç kim sen bagtlymy diýip soranok.




Şul manyly sözlerem adamlar ýazýar ýöne manyly ýaşamak üçin ýazanlaram manysyz hereket etýär.
21
157
stella_🖤
08.07.2024 00:00
1-nji suratdaky meniň üçin birinji ýerde. Koreýa kinosy. Temasy hakyky söýgi owadanlykda däldigini düşündirýär. Gaty gyzykly.


2-nji suratdaky Tayland kinosy. Baý mes oglanyň garyp gyza aşyk bolansoň üýtgeýşi. Gülüp hezil edersiňiz komedia.

3-nji suratdaky koreýa kinosy. Zombilerden gaçýarlar. Gorkunç däl ýürekbulaç iç organlaryny hezil edip iýýärler. Men ýaly nahar iýip otyrkaňyz görmäň iýip bilmersiňiz🤢
13
50
stella_🖤
07.07.2024 21:36
"Okko" Ýewrokuboklary göni ýaýlymda görkezmek hukugyny satyn aldy.

Kompaniýanyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, Okko onlaýn kinoteatry futbol boýunça Ýewropa kuboklarynyň duşuşyklaryny göni ýaýlymda alyp görkezmek hukugyna eýe boldy.

2024/25-nji ýyllaryň futbol möwsümlerinden başlap UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň, Ýewropa ligasynyň we Konfederensiýalar ligasynyň duşuşyklaryna bu platformadan tomaşa edip bolar. Ilkinji göni ýaýlym 14-nji awgust güni «Real Madrid» (Ispaniýa) bilen «Atalantanyň» (Italiýa) arasyndaky Naýbaşy kubok ugrundaky duşuşyk bilen başlanar.

«Okkonyň» abunaçylary duşuşyklaryň göni ýaýlymy bilen bilelikde olaryň ýazgylaryna tomaşa etmek, teswirlemeleri dürli dilde diňlemek, esasy pursatlary gaýtalap görmek we seljerme gepleşiklerini diňlemek ýaly mümkinçiliklere hem eýe bolup bilerler.

Ýeri gelende aýtsak, täze möwsümden başlap, UEFA-nyň Çempionlar ligasy täze görnüşe geçýär. Gatnaşýan toparlaryň sany 32-den 36-a çykýar.
18
46
stella_🖤
06.07.2024 12:47
Öwrenmeli agzalaryň manyly sözleri. part 2.


Akyl+Sylag hormat+söýgi=♾️
@atomic


Hemmämiziň içinde gowlygam bar erbetligem. @zina


Bu dünýäde kimiň gepini diňläp ýaşajak. @gormegeyje


Herkim özüň ýaly bolmaýa her kim üýtgeşik. @baby_lady


Ehh çagalyk ýönekeýje zada gülen wagtlaň gyzykly eken. @flower_


Dünýä syganok, uly dünýä bir garaýsa degenok. @d.s


Ýalňyşyp çyksaňam öňümden tanamadyksyra meni göreňde, gawanmagyň manysy ýok indi bu gözlerde söýgi sönende. @angelface




Haýsy vpn işleýär? @Stella_🖤 (bulam meniň manyly soragym😁)
19
96