stella_🖤
09.07.2024 16:02
Makron Fransiýanyň Premýer-ministrinden wagtlaýyn wezipesinde galmagyny haýyş etdi


Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron Premýer-ministr Gabriel Attaldan ýurtda durnuklylygy üpjün etmek üçin häzirlikçe wezipesinde galmagy haýyş etdi. Bu barada fransuz habar beriş serişdelerine salgylanýan «Interfax.ru» ýazýar.

Attal duşenbe güni Prezidentiň Diwanyna iş başyndan gitmek barada ýüz tutmak üçin geldi. Şu ýylyň ýanwarynda wezipä bellenen hökümet başlygy geçen ýekşenbede Parlamentiň aşaky palatasynda Prezidentiň tarapdarlarynyň sesleriň köplügini gazanmandygy belli bolandan soňra, özüniň iş başyndan gitmek meýli barada yglan etdi.
Saýlawlarda çepçi partiýalaryň topary bolan «Täze halk fronty» sesleriň iň köpüsini alyp, deputat orunlarynyň 182-sini gazandy. Prezidentiň «Bilelikde» koalisiýasy 168 mandat gazandy. Jordan Bardellanyň «Milli bileleşik» partiýasy orunlaryň 143-sini aldy.

Saýlawlarda syýasy güýçleriň hiç biri parlament köplügini gazanyp bilmedi. Munuň üçin 577 deputat ornunyň 289-syny almak gerek.
9
27
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.