stella_🖤
22.06.2024 00:58
Dostym. (Fantastiki hekaýa)


Aly meniň ýakyn dostym. Aly gaty gorkak oglan. Bir gün Aly bilen mezarlygyn ýanhndan geçip barýarkak, mezarlygyň içinden aglama sesi eştdik.

Aly- Dos biri aglaýa gidip görelimi.

Men-Ýok how agşam başymyza iş alyp oturmaly ýör.

Aly- Dos menä gitjek seret nähili aglaýa.

Men- Menä gidemok.

Aly-Galyber.

Aly mezarlyyyň içine girip gitdi. Men bolsa daşynda gataşdym. Aglama sesi üýtgäp elhenç sese öwrüldi. Men gorkup "Aly" diýip gygyryp başladym. Aly geldi.

Men-Näme boldy dos.

Aly-Hiç zat ýör öýe gideli

Men-Kim aglaýa.

Aly- Hiç kim diýdimä. Diýip gygyrdy we çalt ýöräp başlady men gaharyma "aýtman geç" diýip öz öýüme gitdim. Göni ýatyp galdym. Ertesi ejem ýanyma gelip. "Oglum aly janyna kast edipdir" diýfi welin men ylgap ìýüne gitdim. Çyndanam janyna kast edipdir. Aglap başladym özümi saklap bilmedim. Son näme üçin janyna kast edenini bilesim gelil başladym. Ilki polisiýa bilen gürleşip görjekdim welin meni aralaryndan kowdylar. Menem Alyň ejesinden soraşdyryp başladym.

Men- Gülbahar gelneje düýn agşam ogluňyz öýe geldimi.

Gülbahar gelneje- Ýok, ol gelip köne towuk ketege girip janyna kast edildir. diýip aglap başlady.

Men- Goýuň aglamaň meniň pikirimçe ogluňyz özüni asmady.

Gülbahar gelneje- Näme diýjek bolýaň

Men- Şu wagt anyk bir zat gürläp biljek däl ýöne men bar zady çözern.

Gelneje ýene aglap başlady. Men bolsa polisiýalaryň arasyna goşuljak bolýadym bolanok. Men ketege girmek umydy bilen gidip barýarkam polisiýalar şotaýda-da arasokuldy. Men agşam gije gelme planyndadym. Agşama çenli öýe gidip düşündim. Gijäň ýary boldy hiç kim ýok sessizlik. Ýuwaşlyk bilen towuk ketege bardym. Içine girsem hiç kim ýok yşyklandyryjyny ýakyp gözleşdirip başladym welin gapy açyldy seretsem Polisiýa işgärleri.


Dowamy bar......


Awtory: Stella_🖤





Like hökman däl esasy pikiriňiz postym hakynda pikiriňizi ýazyň tankyda taýyn. Ýalňyşlyklarym bar bolsa teswirlere ýazyň.
27
358
stella_🖤
21.06.2024 23:09
Haýat gülünçe güzel. Her zaman gülümse :)
19
227
stella_🖤
20.06.2024 10:20
Ýylgyr :)
18
220
stella_🖤
20.06.2024 00:31
Gije gelen ruh (Fantastiki hekaýa)


Şeý gorkunç waka bul. Bu wakany ýazyp otyrkam hem gözlerimden ýaş aýlanýa. Bolýa men gepi köpeltmän başlaýyn. Bir gije 3:00 çenli tele gçýmenip otyrn. Ejem we jigim ýatdylar. Kakam iş sebäpli öýe giç gelýär. Aýnany kakýa, menem açýardym. Şol gün kakam ejeme jan etdi, işi kän bolany sebäpli öýe gelmejegini aýtdy. Menem telimi oýnap otyrkam aýna kakyldy. Kakam gelendir diyip gapyny açdym welin hiç kim ýok. Gapyny ýapyp ýene tele güýmendim. Ýene gapy kakyldy ýene açdym we ýene hiç kim ýok. Kaka oýun etýäňmi diýdim ses ýok. Ýatmagy karar berdim. Geçip ýatdym welin ýene gapy kakyldy. Men gorkup başlap ejeme aýtdym. Ejem çykyp seretse hiç kim ýok. "Gyzym bolýa degme gel geç ýataly" diýdi. Ejem ýene geçip ýatdy. Menem ýataýyn diýip ýerime geçdim welin yzymda biri ýatyr ýalak duýup basladym yzyma seretsem hiç kim ýok. Gorkup ýatjak bolup gözümi gatydan ýumdum. Bir ýerlerden biri maňa seredip duran ýaly göründi. Telimi açdym ukym tutýança gülkünç zatlary göreýin diýip durkam telimiň zarýady gutardy. Ertir irden goýaryn diýip teli ýanymda goýdum. 10-15 minut soň telime jaň geldi. Gorkdym nädip bolanyny düşünmän galdym 15-16 ýaş gyz munuň ýaly wakada doňup galdym. Saçymy çekip "Nädip" diýip gygyryp aglap başladym sesime ejem gelip "Näme boldy gyzym" diýip köşeşdirjek boldy. Meň bolşyma 3 ýaşly jigim hem aglap başlady men köşeşip ejeme bar zady aýtdym. Ejem kakama jan etdi. Kakam geldi. Sagat eýýam 5:47 bolupdyr. Biz goşlarymyzy alyp bul öýden çykdyk başga jaýa göçdik telimi zyňdyk. Indi çala gaharym gelse ýa-da gorksam saçymy çekýän. Elimde däl birdan dälireýän. Şu wagt 18-ýaşymda öňküsinden gowy ýöne garaňkydan gorkunç zatalry görmekden, eşitmekden gorkýan. Kän tebiblere doktarlara gitdim. Mollalar kän doga berdiler. Şol günki waka käwagt düýşlerime girýä.



Bolan waka däl.



Awtory:
@Stella_🖤
25
127
stella_🖤
19.06.2024 15:43
Ýylgyr
28
210
stella_🖤
19.06.2024 09:33
Tarihte bugün

19 Haziran:



1867 - Meksika imparatoru I. Maximilian, Santiago de Querétaro'da kurşuna dizilerek infaz edildi.

1910 - Dünya Babalar Günü, ilk kez ABD'de kutlandı.

1961 - Kuveyt, Birleşik Krallık'tan bağımsızlığını ilan etti.

1978 - Garfield karikatürleri yayımlanmaya başladı.

1991 - Sovyetler Birliği'nin Macaristan'ı işgali sona erdi.
18
20
stella_🖤
18.06.2024 11:58
Islenen.ru

+18. Gijeki elhençlik (Gorkuly hekaýa. Çagalar we gyzlar okamasyn).

Gije sagat 01:00. Oglanlar üýşüp kart oýnaýarlar. Olar Mergen, Çary, Nurmyrat we öý eýesi Merdan. Ahyry Çary dillenýär:
-Oglanlar, boldy edäýeliň, Merdanam dynjyny alsyn, ertir işine gitmelidir.
Hemmeler ony goldady:
-Boldy karty ýygnaşdyralyň diýdiler. Şol wagt Mergen penjireden olara seredip duran, bir zady gördi.
-Eý waý, o zat nämaý.
Oglanlar muňa ünsem bermediler.
-Hä Merik užas gördüňmi?
-Howwa, howwa, serediň diýip ol barmagyny penjirä uzatdy.
Oglanlar seretse ol ýerde hiç zadam ýokdy.
-Ýaňyjada bardy, birden ýitirim boldy.
Oglanlar gülüşdiler. Mergen utandy. Ýöne ýaňky elhenç zady görenligi hakykatdy. Oň daşaryk çykasy gelenokdy. Oglanlar Merdan bilen hoşlaşyp, daşaryk çykdylar. Mergeniň el-aýagy saňňyldaýardy. Olar üç bolup ýöräp barýardylar. Şonda Nurmyrat:
-Oglanlar, bu gün asman bulutly, tüm garaňky gije, men Size bir wakany gürrüň bereýin. Goňşymyz Anna pahyr 10 ýyl mundan öň edil şular ýaly gijede, dosty bilen, myhmançylykdan gelýän eken. Näme bolanyny hiç kimem bilenok, ýöne ertesi olary, jansyz ýagdaýda ýabyň içinden tapypdyrlar. Obaň ýaşulularynyň aýtmagyna görä, her 10 ýyldan bir elhenç ruh obaň adamlarynyň kastyna çykýan eken, bu günem şeýle gün öýdýän, "WÄÄÄÄÄÄÄÄÄ" diýip gygyrdy.
Mergeniň zähresi ýaryldy, öňem saňňyldap gelýän aýaklary oňa diýenini etmedi, oturyp galdy. Muňa Çary bilen Nurmyrat hezil edip güldüler.
-Turow dost, bizä saňa erkekmikä diýip ýörsek, sen-ä gutaran züwwetdin ekeniň diýip gülüp hezil etdiler. Şol wagt Çara Merdandan jaň geldi.
-Alo, gowumy Merdan.
Aňyrdan gorkunç, eýmenç ses geldi:
-Indi Merdan ýok, basym Sizem bolmarsyňyz, men häzir Siziňem ýanyňyza barýaryn. Şeý diýip telefon öçdi. Merdany yzyna jaň etdi. Oň eli öçürlen. Nurmyrat:
-Eýgilikmi Çary, Merdan näme diýýär?
-Ol Merdan däl, ol Merdan däl. Çary aljyrap özüni ýitirip ugrady.
-Näme boldy, kim ol?
-Ol Merdan däl, oň sesi telefondan çykmady, meň gulagymyň içinde ýaňlandy, bu şol elhenç ruh, ol häzir biziň ýanymyza gelýär.
-Aý dost, hiç hili ruh ýok how, ikiňize näme bolýar düşünmedim.
Şol wagt bir nätanyş el Nurmyradyň boýnundan sypalap geçdi. Yzyna seretse hiç kim ýok. Nurmyradyň ýüzi ak tam boldy.
-Oglanlar şol ruh diýýäniňiz eýýäm şu taýda, ol maňa elini degirdi, oň buz ýaly eliniň yzy entegem boýnumdan gidenok.
Oglanlaryň üçisem bir ýere jemlendi. Mergen:
-Indi näderis oglanlar diýip aglamaga durdy. Oň agysyna Çary bilen Nurmyradam goşuldy. Seretseler aňyrdan Merdan gelýär, üst-başy gan. Nurmyrat oň öňünden çykdy, seretse Merdanyň gözleriniň garajygy ýok, gözi tutuşlygyna ak bolup dur. Gelşine gorkunç ses bilen:
-Sizem meň bilen gidersiňiz diýip özüni Nurmyradyň üstüne atdy, Nurmyrat ýykyldy, ýatan ýerinde gygyryp başlady:
-Oglanlar kömek ediň bu Merdan däl, bu şol ýowuz ruh.
Oglanlaň ikisem ylgap gaçyp gitdi. Yzlaryndan Nurmyradyň zaryn sesi ýaňlanyp durdy. Olar şeýle bir ylgaýardylar. Ahyryn Nurmyradyň sesi ýatdy. Şol barşyna Çaram büdüräp ýykyldy. Mergen bolsa şol ylgap barýardy. Çary oň yzyndan gygyrdy:
-Mergen, ol gorkunç zat meni heläk edýär, kömek edäýdä dost. Mergen bu sözleri eşitsede yzyna gaýtmaga ýüregi etmeýärdi, Şol barmana ol bir öýüň howlusyna girdi. Bat bilen gapyny urup başlady.
-Kömek ediň, kömek ediň.
Emma ýüregi hälki elhenç zadyň ýakynlaýandygyny duýýardy. Birdenem içerde yşyk ýandy. Ol begenjine gapyny has batlyrak urdy, göwnüne jaýa girip ýetişmejek ýalydy. Gapy açyldy. Ol begenjine içerik uçup girdi. Seretse garşysynda şol penjirede gören ýowuz mahlugy durdy.

Maksat Esenow.
21
160
stella_🖤
17.06.2024 01:04
Ölüleriň arasynda 2-nji bölüm (Fantastiki hekaýa)

Aýlar çaşyryp bir otaga getirdiler. Aýlar 1 sagatdan soň özüne gelende näme bolýandygyna düşünmän galdy. Daş-töweregine seretse hemme ýeri ýapyk we 4 sany adam ýatyr. Ol adamlary hem çaşyrandyrlar öýtdi. Ýöne adamlaryň üstünden gaty erbet ys gelýädi ol ysa zordan çydady. Aýlar gapyň ýanyna baryp açmagy synanyşdy ýöne gapy gulply. Aýlar gorkup bu bolan zatlara aglap başlady. Ertesi gün 2 lukman girip Aýlara nahar uzatdy. Lukman " Ölüleriň arasynda iý iýip bilseň" diýip gülüşip çykdylar. Aýlar bu sözleri eşidip has hem gorkup başlady. Ýüregi bulaşyp gusup başlady. Ysgynsyz ýerde ýatyr. Ölüleriň arasynda bolany ýadyna düşüp gorkup aglaýa. Ertesi Lukmanlar ýene geldiler we üsti ýapylgy adam bilen. Aýlar ylgap çykjak bolanda gapyny ýene gulpladylar. Lukmanlar o adamyň üstündäkini alypdyrlar. Aýlar o adamyň kimdigini görüp özünden gitdi. O adam ejesi eken. Ol ýene aglap ejemjan diýip gujaklady. Näçe gün geçdi. Aýlar indi ölüler bilen oýnap başlady. Ölüler bilen gürleşip olaryň saçlaryny gowlaýar. Soň birdan özüne geleninde gorkup ýene aglaýar. Ol öz özi tans edip ölüleň ýanynda ýatyp oýnaýar. Ol indi däliräp başlapdy. Lukmanlar onuň bu bolşyny syn edip Kerim lukmana aýtdylar. Kerim lukman indi Aýlary dälihana äkidiň diýdi. Lukmanlar içeri girdi.

Lukman- Aýlar ýör indi gitmeli.

Aýlar-Ýok, gitjek däl. Men bärde joralarym bilen galjak olar dirilende sizi öldürjek.

Dälihanada işleýän işgärler gelip muny äkitdiler. Ýolda Aýlar diňe "Men däli" dibýär başga hiç zat diýenok. Dälihana baranda Hiç kim bilen gürleşenok diňe "Men däli" diýip gezýär. Bir gün Aýlary daşaryk çykarýarlar. Aýlar beýleki dälileriň arasynda gezip diňe "Men däli" diýýär. Aýlar birdan daşlary alyp beýleki dälere zyňyp, ýene şol sözi aýtýa. Ony zordan durduryp otagyna saldylar. Aýlar iki gün diňe otagynda diwary, gapyny urup gije-gündiz diňe şol sözüni diýýär. Ol köşeşip indi hiç zadam diýmän diňe aýna seredip otyrýar. Aýlary ýene daşyna çykarýarlar. Aýlar güne seredip otyr soňra. Aýnaň öňçndäki duran pyçaga gözi düşdi we "Men däli" diýip gatydan gygyryp özüni öldürdi.



Dowamy bar.........
26
132
stella_🖤
16.06.2024 11:07
Güldürýäniski.com
28
225
stella_🖤
16.06.2024 01:01
Ölüleriň arasynda (Fantastiki hekaýa)


Aýlar şeýlebir owadan gyz. Ol 24 ýaşynda. Kakasy ýok bu dünýeden ir gitdi. Ejesi ýarawsyz zordan durýa. Aýlar özi işläp ejesine seretýär. Öýde ejesi bilen ýaşaýa. Ol gaty gorkak, çekinjeň.
Bir gün agşam ýatyrka ejesi titräp däli ýaly bolup ýatyr. Aýlar görüp gorkup goňşularyndan kömek soramana gitdi. Aman aga hassahana getirdi we ýanyndan aýrylmady. Aýlar aglap özüne gelip bilmedi. Lukman Aýlaryň ýanyna baranda, Aýlar ýerinden turup.

Aýlar-Ejem gowymy?

Lukman- Arkaýyn bolyň, ejeňiz ýatyr. Derman ýazdym şolary alyň.

Aýlar-Bolýa, bolýa lukman bu wagt dermanhanalar ýapykdyr ertir alaryn.

Lukman-Ýok ýok biziň hassahanamyzda dermanhana bar alyň şondan şu wagt.

Aýlar-Bolýa.

Aýlar dermanlary aldy ejesi ir bilen hassahanadan çykdy, hemmezat öňküsi ýaly. Ýöne 2-3 günden ejesi öňküsindenem beter boldy. Ýene hassahana getirdiler. Lukman Aýlardan "Biziň dermanhanamyzdan aldyňyzmy?" diýip sorady. Aýlar "howa" diýip jogap berdi. Lukmanyň ýanynda ýene bir lukman bardy. ikisem biri-birine seredip gözleri bilen bir zatlar edişdirdiler. Aýlar muňa üns berip durdy. Kerim lukman otaga girip gitdi. Aýlar hem birdan gapyny açyp ejesiniň bolýan otagyna girdi. Görse ejesi titräp gorkunç bolyp ýatyr lukmanlar bolsa kofe içip gülüşip otyr. Aýlar muňa gahary gelip. Siz näme etýäňiz? Ejem bärde öljek bolýa siz bolsa kofe içip otyrsyňyzmy? Siz nähili lukman?" diýip gygyryp başlady. Lukmanlar ol ýok ýaly edip gürleşip durlar. Aýlar sizi "polisiýa aýtjak" diýende, Lukmanlar Aýlara "aýtma hiç kime hiç zat diýip daşyna üýşdiler. Aýlar ejemi halas ediň soň aýtjak däl diýip ýalbardy. Lukmanlar "indi giç derman hemme ýerine ýaýrapdyr" diýdiler. Aýlar "nämäň dermany" diýip hiç zada düşünmän galdy. Lukmanlar " Aslynda şu taýdaky dermanlary alýan hassalar ölýäler ol dermanlar kimiň näme hassalygy bar bolsa şol güýçlendirýär. Öldürýär." Aýlar bulary eşdip 2 minut doňup şok bolup galdy. Özüne gelende gygyryp " Sizi polisiýa aýtjak siz hemmäňizi näme üçin beýtýäňiz?" Lukmanlar" Bizem bilemzok Kerim Lukman bize aýtýa bizem etýäs we ol bize pul berýär" Aýlar eline telini alyp polisiýa jaň etjek bolanda Lukmanlar elinden telini alyp çaşyrdylar.


Dowamy bar .......
23
143