stella_🖤
16.06.2024 01:01
Ölüleriň arasynda (Fantastiki hekaýa)


Aýlar şeýlebir owadan gyz. Ol 24 ýaşynda. Kakasy ýok bu dünýeden ir gitdi. Ejesi ýarawsyz zordan durýa. Aýlar özi işläp ejesine seretýär. Öýde ejesi bilen ýaşaýa. Ol gaty gorkak, çekinjeň.
Bir gün agşam ýatyrka ejesi titräp däli ýaly bolup ýatyr. Aýlar görüp gorkup goňşularyndan kömek soramana gitdi. Aman aga hassahana getirdi we ýanyndan aýrylmady. Aýlar aglap özüne gelip bilmedi. Lukman Aýlaryň ýanyna baranda, Aýlar ýerinden turup.

Aýlar-Ejem gowymy?

Lukman- Arkaýyn bolyň, ejeňiz ýatyr. Derman ýazdym şolary alyň.

Aýlar-Bolýa, bolýa lukman bu wagt dermanhanalar ýapykdyr ertir alaryn.

Lukman-Ýok ýok biziň hassahanamyzda dermanhana bar alyň şondan şu wagt.

Aýlar-Bolýa.

Aýlar dermanlary aldy ejesi ir bilen hassahanadan çykdy, hemmezat öňküsi ýaly. Ýöne 2-3 günden ejesi öňküsindenem beter boldy. Ýene hassahana getirdiler. Lukman Aýlardan "Biziň dermanhanamyzdan aldyňyzmy?" diýip sorady. Aýlar "howa" diýip jogap berdi. Lukmanyň ýanynda ýene bir lukman bardy. ikisem biri-birine seredip gözleri bilen bir zatlar edişdirdiler. Aýlar muňa üns berip durdy. Kerim lukman otaga girip gitdi. Aýlar hem birdan gapyny açyp ejesiniň bolýan otagyna girdi. Görse ejesi titräp gorkunç bolyp ýatyr lukmanlar bolsa kofe içip gülüşip otyr. Aýlar muňa gahary gelip. Siz näme etýäňiz? Ejem bärde öljek bolýa siz bolsa kofe içip otyrsyňyzmy? Siz nähili lukman?" diýip gygyryp başlady. Lukmanlar ol ýok ýaly edip gürleşip durlar. Aýlar sizi "polisiýa aýtjak" diýende, Lukmanlar Aýlara "aýtma hiç kime hiç zat diýip daşyna üýşdiler. Aýlar ejemi halas ediň soň aýtjak däl diýip ýalbardy. Lukmanlar "indi giç derman hemme ýerine ýaýrapdyr" diýdiler. Aýlar "nämäň dermany" diýip hiç zada düşünmän galdy. Lukmanlar " Aslynda şu taýdaky dermanlary alýan hassalar ölýäler ol dermanlar kimiň näme hassalygy bar bolsa şol güýçlendirýär. Öldürýär." Aýlar bulary eşdip 2 minut doňup şok bolup galdy. Özüne gelende gygyryp " Sizi polisiýa aýtjak siz hemmäňizi näme üçin beýtýäňiz?" Lukmanlar" Bizem bilemzok Kerim Lukman bize aýtýa bizem etýäs we ol bize pul berýär" Aýlar eline telini alyp polisiýa jaň etjek bolanda Lukmanlar elinden telini alyp çaşyrdylar.


Dowamy bar .......
23
143
stella_🖤
16 Iýun 2024
@Arslan_Alaýew, sagbolyñ minnetdar. :)
stella_🖤
16 Iýun 2024
@gulia_maksatmyradowna, nm boldy yarawsyzmy 🤔
Arslan_Alaýew
16 Iýun 2024
@stella_🖤, Gowy çykypdyr malades dowamly bolsun 👌👍
gulia_maksatmyradowna
16 Iýun 2024
🤒😁
stella_🖤
16 Iýun 2024
@okyyjy, diri adam galyp galmaýanyny
stella_🖤
16 Iýun 2024
@okyyjy, Soňyny okap bilersiň 😉
stella_🖤
16 Iýun 2024
@garlawac, gaty gorkunç dälä indikide beýle surat goýmaryn
stella_🖤
16 Iýun 2024
@sadajaaa_, 🤗🤗
stella_🖤
16 Iýun 2024
@sadajaaa_, howa gowy menem
stella_🖤
16 Iýun 2024
@garlawac, yzy gorkunç şondan goýdym.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.