solty
11.01.2024 00:28
SABYR
Gün dogar, aý dogar öz wagty bilen,
Öz wagty gelende süýjär almalar.
Bu başagaý durmuşda darykma, kalbym,
Gyssanma, hemme zat ýerbe-ýer bolar.
● ● ●
Bir ömürde müň alada-gaýgy bar,
Adamlaryň garasy bar agy bar.
Şükür, ýöne ähli zadyň çägi bar,
Gyssanma, hemme zat ýerbe-ýer bolar.
● ● ●
Bugdaýa suw tutsaň, çaýyr-da ganýar,
Laçyna öýkünip, garga-da gaýýar.
Çybyklar çüýreýär, töňňeler galýar,
Gyssanma, hemme zat ýerbe-ýer bolar.
● ● ●
Eşegiň yzyna tirkelen düýe,
Namysdan ölenmiş öz etin iýe...
Urpak tozap gider, butnamaz gaýa,
Gyssanma, hemme zat ýerbe-ýer bolar.
● ● ●
Mydam bolup durmaz dokuzyň doly,
Başyňy belen tut, pesde tut päli.
Küşdüň mallarynyň düzilişi ýaly,
Gyssanma, hemme zat ýerbe-ýer bolar.
● ● ●
22
362
solty
10.01.2024 18:27

Degişmeler:

1) Bir adam bazara hyýar satmana barýar.Onsoñ ýañky adam bazarda gedaýyñ ýanyda oturmaly bolýar.Ikisem uzak gün bazarda oturýar.Ýañky adamyñ hyýardan gazanan pribli 26 manat.Gedaý bolsa hiç zat eltmän 82 manat gazanýar.

Gedaý aýtaýa diýýä:

Allajan Hudaýjan hyýar satmaly etmägörü!


2)Bir adam gidip barýarka öñünde çüýşe çykýar. Onsoň bu adam çüýşäniň gapagyny açýar welin içinden jyn çykýar.

Jyn aýtýar: agam näme ýykmaly ýumurmaly zadyň bolsa aýt diýýär.(bu jyn diňe ýykyp ýumurýançy eken)

Ýaňky adamam ýykmaly ýumurmaly zada ýok ýöne bolsa 4 jaý 1 eýwan plan salyp beräý diýýä

Jyn aýtýar: agam plan salyp bilýän bolsam men çüýşede ýaşajakmaý.


3) Biri nar iýip atrawleniýe bolýar (zäherlenýär) ýaňky adam nara söwünýär diýýä narmalny miwe bolsaň ruslar saňa гранат diýmezdi diýýär.

29
633