SABYR
Gün dogar, aý dogar öz wagty bilen,
Öz wagty gelende süýjär almalar.
Bu başagaý durmuşda darykma, kalbym,
Gyssanma, hemme zat ýerbe-ýer bolar.
● ● ●
Bir ömürde müň alada-gaýgy bar,
Adamlaryň garasy bar agy bar.
Şükür, ýöne ähli zadyň çägi bar,
Gyssanma, hemme zat ýerbe-ýer bolar.
● ● ●
Bugdaýa suw tutsaň, çaýyr-da ganýar,
Laçyna öýkünip, garga-da gaýýar.
Çybyklar çüýreýär, töňňeler galýar,
Gyssanma, hemme zat ýerbe-ýer bolar.
● ● ●
Eşegiň yzyna tirkelen düýe,
Namysdan ölenmiş öz etin iýe...
Urpak tozap gider, butnamaz gaýa,
Gyssanma, hemme zat ýerbe-ýer bolar.
● ● ●
Mydam bolup durmaz dokuzyň doly,
Başyňy belen tut, pesde tut päli.
Küşdüň mallarynyň düzilişi ýaly,
Gyssanma, hemme zat ýerbe-ýer bolar.
● ● ●