sofii
24.10.2023 09:56

Salam, agzalar!


Ertirleriňiz haýyrly bolsun!



Belki-de käbirlerimiz köp uklamak bilen birzatlar ýitirýändirin diýen pikiri hiç wagt kellesine getirmedik bolmagy hem mümkin. Emma durmuşda üstünlik gazanan adamlaryň ýaşaýyş şekili bilen gyzyklanyp görsek, olaryň aglaba böleginiň az uklaýan adamlardygyny görýäris. Aslynda biz näme üçin uklaýarys? Näçe sagat uklamak peýdaly?



Çenden aşa köp uklamak hem az uklamak hem beden saglygyna zyýanly.



Näçe wagt uklamak iň dogrysy?



Köp ýerde kämillik ýaşyna ýetenler üçin 6 sagat dogry uky aralygy diýip bellenilýär. Emma dogry uky aralygy ýaly dogry wagtda uklamak hem wajyp bolup durýar. Meselem gije 12:00 we 04:00 sagatlar aralygy hökmany. Munuň sebäbi bolsa 11:00 we 05:00 aralygynda beýnimiz ukynyň biologiki sagatlaryny tertipleşdirýän melatonin atly garmony bölüp çykarýandygydyr. Melatonin garmony elektromagnit tolkunlaryna ýa-da ýagtylyga sezewar bolanda mukdary azalýar. Şol sebäpli uklamazdan öň telefon ulanmak ýa-da telewizor görmek ukymyzy gaçyryp bilýär.



Ýene bir bilmeli zatlarymyzyň biri hem adamyň her 90 (1.5 sagat) minutda bir oyanmaga ýakyn ukyda bolýanlygydyr. Ýagny uklanymyzdan 3 ýa-da 4.5 sagat geçenden soň oýanmak 2.5 ýa-da 4 sagat geçenden soň oýanmakdan has aňsat bolýar.



Köp uklamakmy ýa-da gowy uklamakmy?



Käwagt 8-9 sagat ýatsagam ýene-de ýadaw turýan wagtlarymyz bolýar. Bu-da bize esasy zadyň köp ýatmak däl-de rahat we gowy ukynyň netijesinde has dynç alyp turýandygymyzy görkezýär. Gowy uky almak üçin ýatanymyzda üns bermeli käbir zatlary şu yzygiderlikde sanap bileris:



Rahat ýatmaýan ýeriňde gowy uky alyp bolmaýar. Şonuň üçin ilki bilen ýatýan otagymyzyň howasy, temperaturasy, garaňkylygy ýerinde we ýatagymyz oňaýly bolmaly;Hergün şol bir sagatda uklamaly;Uklamazdan ozal belli bir edýän zadymyz bolmaly (kitap okamak, aýdym diňlemek we ş.m), şol işe başlanymyzda beýnimiz uky sagadynyň ýakynlaşýandygyny bilip bedeni taýynlar ýaly;Elektroniki enjamlardan uzak durmaly, ýatanyňyzda hem azyndan 3 metr uzakda goýmaly;Günlük aladalary, planlary däl-de gowy zatlar hakda pikirlenmeli;Gündizleri mümkin bolsa 12:30 – 13:00 sagatlary aralygyda (bolmadyk ýagdaýynda başga wagtda) 15 minutdan 30 minuda çenli uklamak maslahat berilýär. Uklamaga mümkinçilik ýok bolsa azyndan 20 minut gözleriňi yummak hem ýeterlik. Gündizki ýarym sagat uky gije alynan 2 sagat uka deň hasaplanýar. Şol sebäpli 20 minut sizi has aktiw saklar. Emma gündizki ukyny 30 minutdan geçirmek maslahat berilmeýär;Hemişeki gije ukyňyzy belli bir sebäpden bir günlik azaldan bolsaňyz, gündiz onuň öwezini dolmaly;Ýatmazdan 2.5 – 3 sagat öňünden nahar iýmek we kofe içmek gowy uka zyýanly, aç ýatmak has peýdaly;



Geçmişde uky bilen wagt ýitirmek islemeýän kişiler ony azaltmagyň dürli usullaryny orta goýupdyrlar. Esasy monofaz (bir gezekde ukyny bölmän uklamak) we polifaz (ukyny gysga wagtlyk günüň dowamynda birnäçe böleklere bölüp uklamak) ýaly iki bölege bölýärler. Mysal üçin: Leonardo Da winçi usuly (her 4 sagat üçin 15 minut uklamak arkaly bir günde jemi 1.5 sagat uky), Uberman usuly (her 4 sagat üçin 20 minut uklamak arkaly bir günde jemi 2 sagat uky), Tesla usuly (2 sagat gije ukusy we gündiz diňe 20 minutlyk uky), Everyman usuly (gije 1.5-3 sagat gündiz bolsa üç gezek 20 minutlyk uky) ýaly usullar uklamagyň polifaz görnüşine degişli bolsa Siesta usuly ýagny 5 sagat gije ukusy, 1.5 sagat bolsa gündiz ukusy monofaz uky görnüşine degişlidir. Bu usullary göni durmuşa geçirmek aňsat däl. Herkim özüne gerek bolan biologiki uky sagadyny bilip şoňa görä özüni alyp barmaly bolýar.



Ýene bir bellemeli zadymyz, aňsat ukydan turup bilmek üçin:



sagat gurup bir gezek oýananymyzdan soň ikinji gezek uka gitmezlik,turan badymyza yşyk ýakmak, töweregi ýagtyltmak,birzatlar bilen meşgullanmak,6:00 – 8:00 sagatlary aralygynda uklamazlyk,kofeinden uzak durmak,bu düzgüni üznüksiz ýerine ýetirmek üçin bir aý öňünden başlamak maslahat berilýär.



Uky günüň dowamyndaky başarjaňlygymyzda esasy roly oýnaýar. Gowy uky netijeli iş, netijeli iş bolsa bizi üstünlige akidýär. Şol sebäpden hem ukymyzy dogry almak durmuşymyzy özgertmekde iň esasy faktor bolup durýar.

27
65
sofii
23.10.2023 09:28

Smile belgiläliň:



Dekabr-uruşjaň😠



Ýanwar-mähirli☺️



Fewral-ajaýyp,gowja🤩



Mart-ýuwaş😌



Aprel-ýerli-ýerinde gaharjaň😁



Maý-owadan,stilist😎



Iýun-öýkelek,ýöne tiz bagyşlaýan😊



Iýul-sabyrly,baştutan😃



Awgust- ýerli-ýerinde gysganç,alçak🙃



Sentýabr-deňsiz-taýsyz😉



Oktýabr-şatlykly😄



Noýabr-açykgöwünli🥰




Sorag-jogap alşalyň!

29
224
sofii
21.10.2023 15:19

Ol elmydam gowlugmyzy diledi,

Onuň ady dillermiziň dürüdi.

Eje diýlen söz üç harp bolsa-da,

Şol ,,eje" sözünden dünýä döredi.


Eje sözi giden mukaddes däl mi?

Käbäm,enem diýlen sözlerem galdy.

Döwüri hiç haçan günäkär etmäň,

Döwürem adamlaň özüne bagly!

24
73
sofii
20.10.2023 19:21

,,Gije gorkjak däl"-diýseňiz, okap,suratlaryny görüp bilersiňiz!



Tarrar – XVIII asyrda ömür süren fransuz. Ol bir wagtda 15 adamyň iýýän naharyn gutarmagy mümkin.Şeýle-de ol pişigi, gurjagy ýa-da ýylanbalygy bütinleý ýuwdup bilýär.


Ol şoň ýaly doýmaz bolsa hem,örän arryk bolupdyr. Onuň agramy 45 kilogrammdan ýokary çykmaz eken. Emma hemmesin iýip bitirenden soň,onuň garny edil şar ýaly ulalyp durupdyr.


Gara gözli adamlar.

Bu keseliň bir görnüşidir.Bu kesel adamlarda 6-16 ýaşlarda peýda bolmagy mümkin, gaty seýrek keseldir (1-nji surat)


Fletbulk monstr

1952 ýylyň 12-nji sentýabrynda 3 çaga asmannan ýere tarap belgisiz zadyň ýykylanyn görüpdirler. Olar fletbulk monstr atly syrly janly zady tapyp aldy.Şondan soň daş-töweregi duman basyp,gorkunçly pyşyrdyly sesler eşidilip başlady. Soňrak şol ýeri mekan eden adamlar şol dumana birnäçe hepde ýürekleri bulaşan eken (2-nji surat)


Kölege adamlar

Kölege adamlar -dünýäni kölegeli düýş hökmünde kabul edýär.Bu adamlar hakynda dinde de, dürli dessurlarda-da aýdylyp, sypatlandyrylypdyr.


Bu adamlary öwrenip ýörenleriň aýtmagy boýunça, olary diňe belli bir wagtda görüp bolýan eken (3-nji surat)

35
253
sofii
18.10.2023 13:21

Her ki­miň soň­ky de­mi­ne çen­li özü­ni üýt­get­mä­ge we ös­mä­ge müm­kin­çi­li­gi bar.

M. F. Ra­ýan.


Şow­suz­lyk, tä­ze­den baş­la­mak üçin müm­kin­çi­lik, ýö­ne indi has akyl­ly.

Gen­ri Ford.


Ýüregiňizde nä­çe­räk köp söý­gi, paý­has, gö­zel­lik, hoş­ni­ýet­li­lik dö­ret­se­ňiz, ola­ry daş-tö­we­re­gi­ňiz­dä­ki dün­ýä­de şon­ça-da köp gö­rer­si­ňiz.

Te­re­za ene.


Özü­ňiz bi­len de­ňeş­dir­me­li ýe­ke-täk adam, ol öň­ki geç­mi­şi­ňiz­dir. In­di on­dan hem go­wy bol­ma­ly ýe­ke-täk adam – bu ine sen­siň.

Zig­mund Freýd.


Has güýç­li adam­lar bi­len tür­gen­le­şiň. Baş­ga­la­ryň bo­ýun syn­ýan ýe­rin­de bo­ýun syn­maň. Şon­da ýe­ňip bol­ma­jak ýer­de ýe­ňer­siňiz.

Brýus Li.


Sport zal­la­ryn­da çem­pi­on bo­lup bol­ma­ýar. Çem­pi­on ada­myň için­dä­ki is­leg­den, ar­zuw­dan, mak­sat­dan dö­re­ýär.

Mu­ham­met Aly.


Her kyn­çy­lyk güýç­len­mek üçin müm­kin­çi­lik­dir.

Dýuk El­ling­ton.


Ýyl­dyz­la­ra ym­tyl­ýan adam yzy­na öw­rül­me­ýär.

Leo­nar­do da Win­çi.


Ha­la­ýan kä­ri­ňi­zi saý­laň, şon­da öm­rü­ňiz­de bir gün hem iş­le­me­dik ýa­ly bo­lar­sy­ňyz.

Kon­fu­siý.


Eger-de düýp­süz uçuda uzak wagt­lap si­ňe se­re­dip dur­sa­ňyz, uçut hem si­ze se­re­dip baş­la­r.

Frid­rih Nisşe.


Öm­rü­miz pa­ýaw­lap bar­ýar­ka biz di­ňe iki za­da: az sö­ýe­ndigi­mi­ze we az sy­ýa­hat ede­ndigi­mi­ze gy­na­na­rys.

Mark Twen.


Mak­sat­lar hiç ha­çan ýö­ne­keý bol­ma­ly däl­dir. Olar se­ni iş­le­tmek üçin çylşyrymly bol­ma­ly­dyr.

Maýkl Felps.


Ýaş – bu di­ňe kel­lä­ňiz­de özü­ňi­ze go­ýan çä­gi­ňiz­dir.

Jek­ki Joý­ner-Ker­si.


Şow­suz­lyk­dan gork­maň, se­bä­bi bu üs­tün­li­ge bar­ýan ýo­lu­ňyz­dyr.

Leb­ron Jeýms.


Dur­muş özü­ňi tap­mak­dan yba­rat däl. Dur­muş özü­ňi­zi dö­ret­mek­dir.

Ber­nard Şow.

33
115
sofii
17.10.2023 08:38

Manyly...

22
116
sofii
15.10.2023 08:16

Ýylgyryň!😁

33
340
sofii
14.10.2023 20:36

Salam,agzalar!

Men bu gün sizlere manyly eserlerden bölekleri beýan edeýin.



Üç elek

Bir adam Sokrata şeýle diýipdir:

—Bilýäňmi,dostuň maňa sen hakda nämeler diýdi?

—Dur,aýtjak bolýan zadyňy ilki üç elekden geçir-diýip,Sokrat ony saklapdyr.

—Nämedir bir zady aýtmankaň,ony üç elekden geçirip görmek gerekdir.Ilki bilen hakykat eleginden geçir.Munuň hakykatdygyna ynamyň barmy?

—Ýok,ýöne eşiden zadym...

—Diýmek,sen munuň çyndygyny-ýalandygyny bileňok.Onda ikinji elekden-ýagşylyk eleginden geçireli.Sen men hakynda ýagşy zat aýtmakçy bolýaňmy?

—Ýok,tersine...

Sokrat sözüni dowam edipdir:

—Diýmek,sen hakykatlygyna ynamyň bolmasa-da men hakda erbet zat aýtmakçy bolýarsyň.Üçünji elegi—peýdalylyk elegini göreli.Aýtjak bolýan zadyňy eşitmegim hökmanmy,maňa peýdasy degjekmi?

—Ýok,onuň saňa zerurlygy ýok.

Sokrat sözüni jemläp,şeýle diýipdir:

—Şeýlelikde,seniň aýtjak zadyňda ne hakykat,ne ýagşylyk,ne-de peýda bar.Onda ony aýtmak nämä gerek?



Tohumlyk däne

Bir daýhanyň ýetişdirýän galla hasyly hemişe beýlekileriňkä garanyňda has bereketli bolýan eken.Bu ugurda yglan edilen bäsleşiklerde-de ol elmydama baýrakly orunlara mynasyp bolar eken.Geçirilýän sergilerde ol beýleki kärdeşlerine iň gowy tohumlyk däneleri paýlar eken.

Ondan munuň sebäbini soranlarynda,ol şeýle jogap beripdir:

—Beýle etmek diňe bir beýleki daýhanlara peýdaly bolman,eýsem,maňa-da bähbitli bolýar.Şemal arkaly ösümlikler biri-birini tozanlandyryp durýar.Eger töweregindäkileriň hasyly pes derejede bolsa,garşylyklaýyn tozanlandyrma meniň mellegimde hem hasylyň pesligine getirýär.



Utanç

It öň aýaklaryna daýanyp,haý-

bat atyp üýrýärdi.Onuň gabat garşysynda bolsa haýadyň düýbüne dykylyp,tüýlerini hüžžerdip duran pişik çagajygy bardy.Ol agzyny giňden açyp, naýynjar mawlaýardy.Hol beýlärekde duran iki sany oglan indiki boljak tomaşa garaşýardy.

Şol barmana-da bir aýal penjireden garap,soňam howlukmaçlyk bilen bosaga çykdy.Ol gele-gelmäne, iti kowdy-da, oglanlara azmly gygyrdy:

—Utanaňzokmy?!

—Näme üçin utanmalymyşyk?

Biz hiç zat edemzok ahyry!

—Wah,şol hiç zat etmedigiňiz üçin utanmaly!—diýip,ol aýal gaharly jogap berdi.

38
174