sofii
14.10.2023 20:36

Salam,agzalar!

Men bu gün sizlere manyly eserlerden bölekleri beýan edeýin.



Üç elek

Bir adam Sokrata şeýle diýipdir:

—Bilýäňmi,dostuň maňa sen hakda nämeler diýdi?

—Dur,aýtjak bolýan zadyňy ilki üç elekden geçir-diýip,Sokrat ony saklapdyr.

—Nämedir bir zady aýtmankaň,ony üç elekden geçirip görmek gerekdir.Ilki bilen hakykat eleginden geçir.Munuň hakykatdygyna ynamyň barmy?

—Ýok,ýöne eşiden zadym...

—Diýmek,sen munuň çyndygyny-ýalandygyny bileňok.Onda ikinji elekden-ýagşylyk eleginden geçireli.Sen men hakynda ýagşy zat aýtmakçy bolýaňmy?

—Ýok,tersine...

Sokrat sözüni dowam edipdir:

—Diýmek,sen hakykatlygyna ynamyň bolmasa-da men hakda erbet zat aýtmakçy bolýarsyň.Üçünji elegi—peýdalylyk elegini göreli.Aýtjak bolýan zadyňy eşitmegim hökmanmy,maňa peýdasy degjekmi?

—Ýok,onuň saňa zerurlygy ýok.

Sokrat sözüni jemläp,şeýle diýipdir:

—Şeýlelikde,seniň aýtjak zadyňda ne hakykat,ne ýagşylyk,ne-de peýda bar.Onda ony aýtmak nämä gerek?



Tohumlyk däne

Bir daýhanyň ýetişdirýän galla hasyly hemişe beýlekileriňkä garanyňda has bereketli bolýan eken.Bu ugurda yglan edilen bäsleşiklerde-de ol elmydama baýrakly orunlara mynasyp bolar eken.Geçirilýän sergilerde ol beýleki kärdeşlerine iň gowy tohumlyk däneleri paýlar eken.

Ondan munuň sebäbini soranlarynda,ol şeýle jogap beripdir:

—Beýle etmek diňe bir beýleki daýhanlara peýdaly bolman,eýsem,maňa-da bähbitli bolýar.Şemal arkaly ösümlikler biri-birini tozanlandyryp durýar.Eger töweregindäkileriň hasyly pes derejede bolsa,garşylyklaýyn tozanlandyrma meniň mellegimde hem hasylyň pesligine getirýär.



Utanç

It öň aýaklaryna daýanyp,haý-

bat atyp üýrýärdi.Onuň gabat garşysynda bolsa haýadyň düýbüne dykylyp,tüýlerini hüžžerdip duran pişik çagajygy bardy.Ol agzyny giňden açyp, naýynjar mawlaýardy.Hol beýlärekde duran iki sany oglan indiki boljak tomaşa garaşýardy.

Şol barmana-da bir aýal penjireden garap,soňam howlukmaçlyk bilen bosaga çykdy.Ol gele-gelmäne, iti kowdy-da, oglanlara azmly gygyrdy:

—Utanaňzokmy?!

—Näme üçin utanmalymyşyk?

Biz hiç zat edemzok ahyry!

—Wah,şol hiç zat etmedigiňiz üçin utanmaly!—diýip,ol aýal gaharly jogap berdi.

38
174
ghjkc
16 Oktýabr 2023
😂
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.