smiling_
11.11.2024 20:08
Siz haýsy aýda? :)
8
226
smiling_
09.11.2024 13:52
Şu 5 adamdan peýda gelmez.

- Meñki bitsin señki ýitsin, diýýän ýalançylardan.

- Asyl sebäbini bilmän, şol tema hakynda gybat edip, gep ýaýradýan gybatkeşlerden.

- Pes adamlary ezip ulanýan, wezipeliñ wagtlaýyn etegine girýän ikiýüzlilerden.

- Allanyñ adyny berip, ant içip awy ýalaýan kezzaplardan.

- Öz bähbidini her kimden öñe goýýan, pul üçin hemme zady etjek nadanlardan!
19
1 071
smiling_
08.11.2024 23:01
Öz sylagyñ artdyrmak üçin 5 madda.

1• Ýagdaý nähili bolsa-da, üsti başyñ arssa we abat bolsun.

2• Gürleşen wagtyñyz diñlemegi başaryñ, gözlerine seredip gürleşiñ.

3• Öz etmedik işiñiziñ öwgüsini almañ.

4• Satyn almadyk zadyñyzyñ, soñky bölegini iýmäñ.

5• Çakylykmy Mürehetmi hökman biliñ!
15
1 253
smiling_
07.11.2024 20:49
Sen ekeniñ näme gazanan bolsam,
Şolañ ählisinden beýik utuşym.
Wiý, belki-de bilýänem dälsiñ
Ýaraýar maña.
Adymy üýtgeşik edip tutuşyñ) 🤍
9
77
smiling_
07.11.2024 15:27
Syr bolup saklamaly zatlaryñ

- Iş maksatlaryñ

- Indiki ädimiñ

- Eden ýagşylyklaryñ

- Iñ güýçli tarapyñ

- Iñ uly gorkyñ

- Bankdaky hasabyñ
8
402
smiling_
05.11.2024 21:41
Şeýlemi 🙄
6
76
smiling_
04.11.2024 20:26
Meniñ ähli arzuwlamda adyñ bar,
Sen meniñ ýaşaýşym, barlygym, bagtym.
Wagtal - wagtal sesiñ eşdip durmasam,
Geçenok wagtam.

Ýyladyp gursagmy Günüñ çoguna,
Goşgy düzýän, saýasynda agajyñ.
Goşgukeş bolanym señ üçin ýalan,
Maña çyn.

Diñe goşgukeş däl, suratkeş boldum,
Pikkasso deý, çekýän seni gähi-de.
Bethoweniñ ,,Elizasyna" hiñlenýän,
Seýilgähde.

Gursagymda Ezizowyñ ,,Serpaýy",
Goşgulary bagryñ ezýär biçäreñ.
Gülçyrañ yşygna ýazýan hem pozýan,
Gijara.

Imrinýärkäm goşga, çarçuwamyzdan,
Mylaýym ýylgyryp bakýar, ýyldyz - Aý.
Arzuwlarma nakgaş kimin esedip,
Ýylgyraý!


L'autore: Mährijemal Nowruzowa
10
123
smiling_
27.10.2024 22:24
Nähili düşünjegimi bilmedim... ýa ýaşym ýetenokmy nämemi :)
12
123
smiling_
23.10.2024 22:15
Bagt näme?

Bagt näme diýip berýäñmi sowal?
Özä maña şeýle eşdildi owaz.

Bagt dälmi bu dünýäde bolmagyñ
Bagt dälmi gürläp eşdip bilmegiñ

Bagt ahyr görýän bolsa dideleñ
Körä şondan özge bagtam idemez

Bolmasa bolmasyn akja mersedes
Agsak üçin sagdyn aýaklaram bes

Soñkudan aýfonyñ bolmasa eger
Kemsinme ejeñden jañ gelse ýeter

Bagt däl dört gatly jaýyñ bolmagy
Bagt barja çatmañ mähre dolmagy

Diýjek bolýan zadym üýtgeşik zat däl
Pul bilen tapylýan zatlar bagt däl

Bagt bar zadyña etmekdir şükür,
Bagty Alla diñe şükürden ýet:ir.
14
85
smiling_
23.10.2024 18:15
Men saña şeýle bir garaşdym ýarym...

Men saña şeýle bir garaşdym ýarym
Syrkawyñ dermana, serhoşyñ jama
Takwanyñ azana, derwüşiñ nana
Zeminiñ apgyrdan basan daglaryñ
Garaşyşy ýaly aýdyñ asmana...

Älemiñ ebedi sawçysy şapak
Her gün dünýäñ odun tutaşdyranda
Kökenýüzük dakynan tüm gijeler
Gam bilen ylhamy sataşdyranda
Diñe señ hyýalyñ güýç boldy maña.
Älemem, güneşem, gadym şapagam
Ylhama ýugrulan gijeki gamam
Perdesini syran bihaýa aýam
Bar belañ körügi Goja Hudaýam
Bahana-la, bahana...
Ýogsa-da olar,
Habar bermedimi halymdan saña...?!

Iñ bolmanda aýyñ sallançagyndan
Umydymyñ kepän dodaklaryna
Aby-Haýýat bolup damarsyñ öýtdüm
Solgun düýşümede inmedi mähriñ
Boş galan ellermi göge galgadyp
Kelemenläp ýatan ýerime gaýtdym.


Awtor: Taýmaz Seýit
11
77