Men saña şeýle bir garaşdym ýarym...
Men saña şeýle bir garaşdym ýarym
Syrkawyñ dermana, serhoşyñ jama
Takwanyñ azana, derwüşiñ nana
Zeminiñ apgyrdan basan daglaryñ
Garaşyşy ýaly aýdyñ asmana...
Älemiñ ebedi sawçysy şapak
Her gün dünýäñ odun tutaşdyranda
Kökenýüzük dakynan tüm gijeler
Gam bilen ylhamy sataşdyranda
Diñe señ hyýalyñ güýç boldy maña.
Älemem, güneşem, gadym şapagam
Ylhama ýugrulan gijeki gamam
Perdesini syran bihaýa aýam
Bar belañ körügi Goja Hudaýam
Bahana-la, bahana...
Ýogsa-da olar,
Habar bermedimi halymdan saña...?!
Iñ bolmanda aýyñ sallançagyndan
Umydymyñ kepän dodaklaryna
Aby-Haýýat bolup damarsyñ öýtdüm
Solgun düýşümede inmedi mähriñ
Boş galan ellermi göge galgadyp
Kelemenläp ýatan ýerime gaýtdym.
Awtor: Taýmaz Seýit