smiling_
14.03.2025 08:56
Eger-de 'Gitmelimi?!' ýada 'Galmalymy?!' diýen sowalyñ arasynda ikirjeñlenýän bolsañ, oýlanman git! Çünki eger galmagyñ ähmiýetli bolan bolsa, onda gitmek hakynda pikir hyýalyñ kör köçesindenem geçmezdi...
8
105
smiling_
13.03.2025 20:40
Sen gitseñ boşap, galmaz bu dünýä,
Seniñ bilşiñ ýaly zar däl dostlaryñ.
Ölsem, nä bolar diýip oýlanma,
Unudular, sowulan soñ ýaslaryñ.

Ömür çäkli, wagt bolsa geçip dur,
Boluber herkimiñ özüne görä.
Sežde bilen rahat tapyp özüñe,
Ýaşagyn törüñi imana büräp.

Her tanyş bilişe, zerur men diýme,
Kim üçin möhüm sen, kime hökman däl.
Başarsañ köseme özüñi göwnüm!
Özüñe özüñçe, hiç kim lukman däl.


Öwezgeldi Taganow
9
97
smiling_
13.03.2025 15:01
Men senden sowan soñ, bagyşla diýýäñ
Nirden biljek, neneñ ha:lda goýanyñ.
Gaýta:ma, gaýtadan başlaly diýýäñ,
Nirde gördüñ, külüñ gaýta ýananyn.

Öwezgeldi Taganow
7
101
smiling_
12.03.2025 21:42
J:añ etdim bolmady, ha:lyña goýdum,
Seniñ söýmezliga bahanañ köpdür.
Her zady bahana edip saklajak boldum,
Belki bile bolmak, ýazgytda ýokdur.

Öwezgeldi Taganow
10
70
smiling_
12.03.2025 15:08
Käteler, barzatdan doýan mahalym,
Ujypsyz zada hem gelse gaharym.
- "Hany ejizleme, saklan akylym"
Özüñe gel diýme, gel diý ýanyma,
Çünki señ gujagyñ rahat janyma...
8
63
smiling_
12.03.2025 07:16
Söýgi, şoldur öýtdüñ, islegiñi etse,
Gitdiñ, bilseñ-de aldanjagyña.
Öñem, köp aýdypdym, ýadyñda bolsa
Söýgiñ çydamaz diýip,
gabanjañlygyma...


Öwezgeldi Taganow
7
32
smiling_
12.03.2025 00:36
Ynam berip, söýen bolsañ ýürekden,
Gümanlar göwnüñe, ýalan salmazdy.
Aýnaman özüñi saklan bolsadyñ,
Beren wadam, boş gep bolup galmazdy!


Öwezgeldi Taganow
7
32
smiling_
11.03.2025 18:24
Ukyñ güýji ýetmez, göwün ýadasa
Ynam, nola ýeter seni aldasa.
Doýýan eken hemme zatdan adamzat,
Gyzykmaga, arzuw höwes galmasa.

Awtor.. Öwezgeldi Taganow
11
95
smiling_
10.03.2025 20:24
Gyz:

Seni küýsäp ýürek zaryn aglaýsa,
Aýralyk hasraty bagrym daglaýsa.
Durmuş ykbalymyz özge baglaýsa,
Şonda-da ýat edip söýermiñ meni.

Oglan:

Bagtdan aglar aglasada ýüregiñ,
Aýrylman özgesi däldir geregim.
Bolsañ-a sen bolmasañam ölerin,
Göwnüñi şat edip söýerin seni.
8
109
smiling_
09.03.2025 23:02
Ýaponiýaly 108 ýaşly ene iň garry dellek-zenan diýlip ykrar edildi.

Ýaponiýaly 108 ýaşly ene iň garry dellek-zenan diýlip ykrar edildi
Surat: RBK Life
Ýaponiýanyň 108 ýaşly raýaty Sisui Hakoisi dünýäde iň uzak ýaşly dellek-zenan diýlip, yglan edildi. Onuň bu derejesini «LongeviQuest» kompaniýasy tassyklady diýlip, Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda aýdylýar.

Sisui Hakoisiniň salony Tokiodan üç sagatlyk uzaklykda, Totigi prefekturasynda ýerleşýär. Iş ýerinde zenanyň uruşdan öňki döwürden bäri ulanyp gelýän gaýçysy hem bar.

Hakoisi dellekçilik bilen 14 ýaşynda gyzyklanyp başlady, Tokiodaky dellekhanada bu ugurdan tejribe aldy. 1934-nji ýylda, 18 ýaşyndaka ol dellekçilige synag tabşyrdy, tiz wagtda onuň hemişelik müşderileri peýda boldy.

Sisui Hakoisi köp kynçylyklary, şol sanda urşy hem başdan geçirdi. Tokio bombalananda, zenan çagalary bilen Totigä göçüp bardy. 1953-nji ýylda Sisui özüniň salonyny açdy, şondan bärem bu ýerde işläp gelýär.

Uzak ýaşly zenan durmuşda üç kada eýerýändigini gürrüň berýär: hiç kime gahar etmeli däl, göriplik etmeli däl we hiç kim bilen jedelleşmeli däl. Häzir Hakoisi wagtynyň köp bölegini garrylar öýünde geçirýär, emma müşderileri haýyş etseler, işe çykmaga taýýardygyny aýdýar diýip, «rbc.ru» ýazýar.
8
125