Ýaponiýaly 108 ýaşly ene iň garry dellek-zenan diýlip ykrar edildi.
Ýaponiýaly 108 ýaşly ene iň garry dellek-zenan diýlip ykrar edildi
Surat: RBK Life
Ýaponiýanyň 108 ýaşly raýaty Sisui Hakoisi dünýäde iň uzak ýaşly dellek-zenan diýlip, yglan edildi. Onuň bu derejesini «LongeviQuest» kompaniýasy tassyklady diýlip, Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda aýdylýar.
Sisui Hakoisiniň salony Tokiodan üç sagatlyk uzaklykda, Totigi prefekturasynda ýerleşýär. Iş ýerinde zenanyň uruşdan öňki döwürden bäri ulanyp gelýän gaýçysy hem bar.
Hakoisi dellekçilik bilen 14 ýaşynda gyzyklanyp başlady, Tokiodaky dellekhanada bu ugurdan tejribe aldy. 1934-nji ýylda, 18 ýaşyndaka ol dellekçilige synag tabşyrdy, tiz wagtda onuň hemişelik müşderileri peýda boldy.
Sisui Hakoisi köp kynçylyklary, şol sanda urşy hem başdan geçirdi. Tokio bombalananda, zenan çagalary bilen Totigä göçüp bardy. 1953-nji ýylda Sisui özüniň salonyny açdy, şondan bärem bu ýerde işläp gelýär.
Uzak ýaşly zenan durmuşda üç kada eýerýändigini gürrüň berýär: hiç kime gahar etmeli däl, göriplik etmeli däl we hiç kim bilen jedelleşmeli däl. Häzir Hakoisi wagtynyň köp bölegini garrylar öýünde geçirýär, emma müşderileri haýyş etseler, işe çykmaga taýýardygyny aýdýar diýip, «rbc.ru» ýazýar.