smiling_
18.06.2024 11:38
Kitap hakynda nakyllar.
Bilmeýän zadyňy kitapdan sora.
* * *
Işiň ussasy – okamak.
* * *
Kitap okamaýan görýänini görer, kitap okaýan dünýäni görer.
* * *
Okamadyk öküner, dil gysgadyr, sakynar.
* * *
Kitap okamaýan bir dili biler, kitap okaýan kän dili biler.
* * *
Okasaň, bilim alarsyň, hemme zady bilersiň.
* * *
Kitap geçeni, geljegi öwredýän dana.
* * *
Kitap bilen söhbetdeş bolsaň, ýüregiň gysmaz.
* * *
Okaýan il ozar, okamaýan il tozar.
* * *
Kitap okaýanyň ruhy baý.
* * *
Okuwa garrama ýok.
* * *
Kitaby magşuk saý, özüňi ‒ aşyk.
* * *
Kitap eneň-ataň ýaly terbiýeçidir.
* * *
Okamak – iňňe bilen guýy gazmak.
* * *
Kitaby har saklamak günädir.
* * *
Kitap okan magnydan dok.
* * *
Kitapsyz okalmaz, merdiwansyz çykylmaz.
40
523
smiling_
18.06.2024 00:04
Kitap hakynda pelsepeler.
Şahsy kitaphana,
Baýlyk kitaphana.
***
Kitap bilen iş salyşýan,
Sözleşeňde söz alyşar.
***
Kitap aýdar geçeni,
Kitap ertäň açary.
***
Kitaba ýykyl,
Durşuna akyl.
***
Kitap okan bagta ýeter,
Ylym diýen bagta ýeter.
***
Kitap bir dana,
Akyl biýr saňa.
***
Kitaba ömrüni beren,
Bagtyny görer.
***
Kitaby elden goýma ýok,
Näçe okasaň-da doýma ýok.
***
Kitaby harlan,
Çeker «Ah», «Arman».
***
Kitaby söýen,
Jemgyýetde ner!
***
Açjakmy gözleň?
Kitaba ýüzlen!
***
Kitap söýen öz zürýady,
Öwreder saňa köp zady.
***
Kitabyň gymmaty,
Söýýäniň hormaty.
***
Kitap — birek-biregi ýakynlaşdyrýan dostluk köprüsi.
***
Kitaphonyň kitapsyz güni geçmez.
***
Sowat kitapdan başlanýar.
31
57
smiling_
17.06.2024 00:05
HALAL ZÄHMETIŇ HÖZIRI (Tymsal).
Ýeri işläp, bejerip, halal zähmetiňi siňdirip, hasyl almak ýeňil-ýelpaý iş däl. Baýlyk toplamak aňsat, ýerden hasyl almak daýhandan örän köp zähmeti, gujur-gaýraty, sabyr-takady talap edýär. Iň soňunda ýetilýän üstünlik, gazanylan hasyl müň baýlykdan gowy. Halal zähmetiň ýerine geljek zadyň özi ýok. Şu rowaýaty okap hem, halal zähmetiň höziriniň uludygyna ýene bir gezek magat göz ýetirýärsiň.
Gadym zamanlarda bir ýaşulynyň iki ogly bar eken. Ol ýaşuly günlerde bir gün özüniň mirasyny paýlap bermek maksady bilen, ogullaryny ýanyna çagyryp:
— Ogullarym, meniň altyn-kümüşden doly bir sandygym we bol hasyl eçilýän bereketli ýerim bar. Bulardan haýsysy göwnüňize ýarasa, şony alyň — diýipdir.
Ýaşulynyň kiçi ogly altyn-kümüşden doly sandygy alýar, uly ogly bolsa özüne miras hökmünde ýeri kabul edýär.
Aý aýlanyp, ýyllar geçýär. Doganlaryň ulusy ýere yhlas bilen ideg edip, gurplanýar. Kiçi doganyň bolsa, alan baýlygy tükenipdir. Şeýlelikde, ol doganynyň ýanyna gamgyn ýagdaýda gelip, halyny düşündirýär. Dogany bolsa, bu berekediň çeşmesiniň miras galan ýerdigini düşündirýär.
Taýýarlan: Serwi AMANOWA,
TMÝG-nyň Daşoguz welaýatynyň
S.Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.
33
48
smiling_
16.06.2024 11:01
Dostluk hakynda.
Kim bilen dostlaşmakçy bolsaň, ilki ony ýagşy tana, çünki häsiýet juda ýokuşagan zatdyr. Ýagşydan ýagşy häsiýetler, ýamandan ýaramaz häsiýetler ýokuşar.
Ynsan akylyny özüne dost tutunmasa, ýolundan azaşar we il içinde abraýdan jyda düşer.
Özüňden pynhan saklaýan säwlikleriňi dostuňdan gizlemegin. Goý, ol seniň durmuşda goýberen säwlikleriňden aýlanyp geçsin.
Edenini bilmez bilen dost bolmakdan ägä bol. Saňa nep getirjek diýip diňe zyýan getirer.
Hemaýatkär dosta mätäçlik çekme — munuň özi akar suwa mätäçlik çeken ýalydyr. Şer işde saklanmaýan we ýalan sözlän dostuň bar bolsa, ondan daşlaş. Beýle dostdan mert duşman ýagşydyr.
Ynsanyň ýürekden salam bermegi, toý-märekede ýer bermegi we iň gowy sözler bilen ýüzlenmegi onuň saňa dostdugyny subut edýär.
Ynsanlaryň iň ejizi dost tutunmagy başarmaýanydyr. Dostlaryň iň ejizi dostlarynyň goldawyny ýitiren kişidir.
Gysganç bilen dost bolmakdan saklan. Oňa mätäç bolan wagtyň seniň kömegiňe ylgamaz. Erbet kişi bilen hem dost bolmakdan saklan, ol seni kyn günüňde goldamaz. Ýalançy bilen hem dost bolma. Sebäbi ol salgyma meňzär, daşdakyny ýakyn görkezer, ýakyndakyny daş görkezer.
Tawus Halnazarowa,
Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.
37
233
smiling_
16.06.2024 00:28
Dost agladyp, duşman güldürme.
Dost – dost, mamla – rast.
Dost arasyny söz bozar, ýer-ýurdy – suw.
Dost atan daş baş ýarmaz.
Dost başa gözlär, duşman – aýaga.
Dost başyňa iş düşende tanalar.
Dost – dostuň aýnasy.
Dost geňeşde belli, semiz – ýörişde.
Dosta “bolar” diýme, “ýagşy” diý, duşmana «ýagşy» diýme, “göreris” diý.
Dosta bereniňi sorama, Goňşa bereniňi dileme.
Dostsuz başym – duzsuz aşym.
Dostdan sözüň gizleme.
Dost naharyny duşman ýaly iý, duşman naharyndan asla datma.
Dost – ekiz, duşman – sekiz.
“Dostuň” (duşmanyň) tilki bolsa, gapanyň gurulgy bolsun.
Dostuň – ýüzüňe, duşmanyň – yzyňa.
Dostuň dost bolsun, hasabyň – dürs.
Dostuň geldi – baýram boldy.
Dostuň müň bolsa-da az, duşmanyň bir bolsa-da köp.
Dostuňa syryňy berme, onuňam özge dosty bar.
Dostuňy saklama – nepden galmasyn,
Duşmanyň saklama – syryň bilmesin.
38
655
smiling_
15.06.2024 01:31
«Hoz» barada peýdaly maglumatlar.
Hoz (Juglans regia) – hozlar maşgalasynyň adybir urugynyň boýy 20-25 metre çenli ýetýän bir ýa-da köp sütün emele getirýän wekili. Sütüniň gabarasy 150-250 sm barabar. Ýapragy uly uzynlygy 20-45 (55) sm. Gülleri aýry jynsly, ownuk. Miweleri – ýalan şänik ýa-da «hoz» . Daragt adatça aprel-maý aýlarynda gülleýär. Miwesi sentýabr-oktýabr aýlarynda ýetişýär. Hozuň watany Merkezi we Kiçi Aziýa bolup, «grek hozy» diýen adyň dakylmagynda Russiýa Gresiýadan getirilmegi sebäp bolupdyr. Hozuň dünýäde 40-dan gowrak görnüşi bar.
Hoz tohumyndan we töňňeden çykýan ösüntgilerden kemala gelýär. Amatly şertlerde aýry-aýry agaçlar 300-400 ýyla çenli ýaşaýar.
Hozuň ýapragynda 2250-4500 mg % çenli mukdarda С, P, B1 witaminleri, 0,33 mg % karotin, 0,01-0,03 % efir ýaglary, 3-5 % eý maddalary, kwersetin giperozid we kemiferol flawonidler, hinonlar, fenol-karbon turşulyklar, reňk beriji ýuglon saklanýar.
Hozuň maňzy – örän gymmatly önüm, düzüminde 75 %-e çenli ýag, 20 % töweregi beloklar, 7-16 % uglewodlar, 30-50 mg % C witamini, 0,3 mg % B1 witamini, karotin we E, P witaminleri, şeýle hem demiriň we kobaltyň duzlary bar.
Hoz melhemlikleri
Hoz agajynyň 3-4 nahar çemçe (45-75 g) gury owradylan ýapragyny ýarym litr (500 ml) suwa atyp, içi syrçaly gapda haýal ýanýan otda gaýnatmaly. Hasadan geçirip, deri kesellerinde, iriňli ýaralarda ýapgy ýa-da çalgy görnüşinde haýyrlanmaly.
Hozuň 1 kg ter ýa-da guradylan ýapraklaryny 10 litr suwa atyp, agzy mäkäm ýapylýan gapda pessaý otda 30 minut gaýnatmaly. Taýýar bolan pet bilen iriňli dömme çişlerine ýolugan çagalaryň, mäzleriň limfatik kesellerine uçran syrkawlaryň endamyny ýuwmaly.
Maýa BAÝRAMOWA,
Aşgabat şäherindäki agrosenagat
orta hünär okuw
mekdebiniň mugallymy.
33
57
smiling_
14.06.2024 22:06
Gerekmejek zatlar: iñlis alymlarynyñ gülkünç we biderek açyşlary.
Dünýäde manysyz ýa-da gülkünç diýlip hasaplanýan köp sanly açyşlar bar, aýratynam olaryň hatarynda iňlis alymlarynyň gözlegleri kontekstual ýagdaýy bilen uly orun eýeleýär.
Iňlis alymlarynyň özleriniň düşündirişi ýaly, Angliýa köplenç açyşlaryň ylmy gymmatlylygy bilen gyzyklanman, tersine olaryň sensasion täzeçillikleri üçin serişdeleri bölüp berýär.
Üç jojuk
Alymlar doňuzyň öýüniň gyrylan üçegini ýykmak üçin möjegiň sekuntda azyndan 4,8 kilometr tizlik bilen gelip urmalydygyny anykladylar. Bu iň güýçli tornadonyň tizliginden hem 34 esse ýokarydyr. Netije: möjek beýle tizlige ýetip bilmeýär. Ýöne gözlegçiler doňuzyň öýüniň üçeginiň güýjüne aşa baha berlen bolmagynyň mümkindigini çaklaýarlar. Geljekde olar bu jandaryň öýüniň ýykylmagyna täsir edip biljek ähli faktorlary göz öňünde tutup, täze gözlegleri geçirmegi meýilleşdirýärler.
Iň ideal buterbrod
N=C+{fb(cm)•fb(tc)}+fb(Ts)+fc•ta — ine, indi siz ideal derejedäki buterbrodyň formulasyny bilýärsiňiz!
Bu formulany almak üçin iňlis alymlaryna 50 meýletinçi bilen işlemek zerur boldupdyr. Gatnaşanlar 700-den gowrak doňuz sendwiçiniň tagamyna we gurluşyna baha beripdirler. Geçirilen synagyň netijesinde, iň oňat doňuz sendwiçini almak üçin onuň 0,5 desibelden köp bolmadyk mukdarda gysylmalydygy anyklanyldy.
Jeýms Bond we bagryň sirozy
Iňlis alymlary Ýan Flemingiň kitaplarynyň hersinde näçe möçberde spirtli içgini içýändigini sanamak bilen, hakyky durmuşda Jeýms Bonduň bagyr sirrozyndan ölendigi baradaky netijä geldiler. Orta hasap bilen Bond hepdede alty çüýşe arak, “Russiýadan söýgi bilen” atly kitapda bolsa günde üç çüýşe içýärdi. Muňa garamazdan, Bond öz tabşyryklaryny üstünlikli başarýardy.
Bir bakyşda söýgi ýokdur
Köplenç edebi eserlerde we filmlerde, aýdymlarda aýdylýan bir bakyşdaky söýginiň ýerine, aslynda adamlar diňe özüneçekijilik we eýforiýa duýgusyny duýýarlar. Alymlaryň pikiriçe, beýni bar bolan ýatlamalary yzygiderli täzeden ýazyp bilýär. Şol sebäpden, häzirki döwürde duýgularyň güýçli we täsirlidigine, onuňam ilkinji duşuşykdan bäri şeýle bolup gelýändigine ýalan hem bolup özümizi ynandyryp bileris.
Pişikler adamlary öz doganlary hökmünde görýärler
Birnäçe onýyllyklaryň dowamynda pişikleriň özüni alyp barşyny öwrenen biolog Jon Bredşow öý pişikleriniň adamlary özi hasap edýändigi, ýöne özüniň uly görnüşi diýip düşünýändigi baradaky netijä geldi.
Alym muny aşakdaky faktlar bilen delillendirýär: pişikler guýrugyny turba ýaly saklap, özlerine bolan söýgüsini mälim edenlerinde birine garşy sürtýärler. Jemgyýetde kiçi pişikler has uluraklara tabyn bolýarlar. Bu ejesine ýa-da uly garyndaşyna bolan gatnaşykdan gelip çykmak bilen, pişiklere garanyňda kiçi pişijeklere degişlidir.
Wagtyň we onlarça million funtyň biderek harçlanandygyny görkezýän ýene birnäçe mysal:
ördekleriň ýagşy gowy görýändigi subut edildi;
haýsy reňki has gowy görýändigini bilmek üçin çybynlar öwrenilýär;
gulaklaryň ortaça ösüş depgini — ýylda 0,22 millimetr diýlip kesgitlenildi.
1991-nji ýylda gülkünç gözlegler üçin abraýly halkara baýragynyň parodiýasy hökmünde Şnobel baýragy döredildi. Her ýylyň oktýabr aýynda onuň 10 sany Şnobel baýragy berilýär — “ilki güldürip, soň pikirlendirýän üstünlikler üçin”. Ýeňijilere 10 trillion Zimbabwe dollary (takmynan, 10 ABŞ dollary) baýrak gowşurylýar.
Kim bilýär, belki geljekde iňlis alymlarynyň gülkünç gözlegleriniň köpüsi amaly taýdan ornuny tapar.
Peýdalanylan çeşmeler: rambler.ru; m24.ru; zaochnik.ru; style.rbc.ru
38
80
smiling_
14.06.2024 02:12
ABŞ-nyň ýaşaýjysy suw astynda ýüzüp ýörkä mastodonyň ýaşy 10 million ýyl bolan gyýagyny tapdy.
Florida ştatynyň Tampa şäheriniň 29 ýaşly ýaşaýjysy Aleks Lundberg suw astynda ýüzüp ýörkä mastodonyň ýaşy 10 million ýyl diýlip çak edilýän gyýagyny tapdy. Daily Mail-iň habar bermegine görä, agramy 27 kg bolan äpet bölek, takmynan, 7,6 m çuňlukda ýatan eken.
Bişopyň Ylym we tebigat muzeýiniň bilermeniniň sözlerine görä, bu tapyndy "diýseň seýrek" hasaplanýar, sebäbi bu sebitden, adatça, diňe taryhdan öňki akulanyň dişleriniň we mamontyň gyýaklarynyň bölekleri tapylýardy.
Lundberg ekspertiza onuň ylmy ähmiýetini kesgitlär ýaly, tapyndy barada Floridadaky Tebigatyň taryhy muzeýine habar bermeli bolar.
Gyýak böleginiň uzynlygy 1,2 m.
Mastodonlar - 30-20 million ýyl ozal ýaşap geçen mähnet haýwanlaryň ýok bolup giden görnüşi. Bu görnüşiň soňky wekilleri 11 müň ýyl ozal Demirgazyk Amerikada ýitip ýok bolup gidipdir. Mastodonlaryň galyndylary, adatça, Pliosen we Pleýstosen döwründäki çökündilerden tapylýar.
Häzirki wagtda Lundberg taryhy ýadygärligi öz öýünde saklaýar. Ol ýerli teleýaýlyma: "Ony ýatalgamyň gapdalynda, Roždestwo çyralarynyň gutusynda saklaýaryn" – diýip gürrüň berdi.
Çeşme: tmcars.info (12.06.2024)
32
67