smiling_
15.06.2024 09:51
Limon hakynda maglumatlar.


Taryhy maglumatlara görä limon takmynan XII-nji asyrda peýda bolan eken.

Limonyň watany Hytaý, Hindistan we ýuwaş ummanynyň adalary hasaplanýar.

Dünýä boýunça ýylyna 14 milýon tonna limon hasyly alynýar.

Limonyň bir düýp agajyndan bir möwsüminde ortaça 300-350 däne müwe alynýar.

Limon agajy 40 ýyldan artyk ýaşamaýar. Boýy bolsa 5-7 metre ýetýär.

Bişip ýetişen limonyň umumy agramynyň 3.5 göterimi şekerden ybarat bolýar.

Orta asyrlarada limon ýylan zäherine we ýokançly kesele garşy güýçli derman hökmünde ulanylypdyr.

Limony sowadyjyda goýup bir ýarym aý saklap bolýar.

Limonyň düzüminde şeýlebir maddalar bar, olar bedendäki zäherli maddalary sykyp çykarýar we adamyň horlanmagada uly kömegi bar.

Limonda A,B we P witaminlary hem köp bölegini düzýär.

Gadymy döwürlerde suwa limonyň şerbetini aralaşdyryp, ondan arassaçylyk maksatlarynda ulanypdyrlar.

Eger nahar şor bolsa, limony sykyp suwuny nahara aralaşdyrsaň, naharyň şory şol wagt ýogalýar.

Öňki wagtlar limony sykyp, suwuny gaýnadypdyrlar. Ondan juda köýük, gara suýuklyk alynýar. Alynan suýuklyk matalary boýamakda işledilipdir.

Limona duz aralaşdyrylan şerbeti zeňlän metallaryň zeňini arassalamakda möhüm ornuny tutýar.

Jelaleddin Nasyrallaýew,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrap Geňeşiniň başlygy.
36
736
wolf
21 Iýun 2024
@smiling_, ine munyñ bolýa 🤓👍
wolf
21 Iýun 2024
@smiling_, biraz icgysgync surat ýaly 🙁
wolf
21 Iýun 2024
@smiling_, aý sen olara problema bolaýmasañ😅
wolf
21 Iýun 2024
@smiling_, aý ýöne wui 🙃
wolf
21 Iýun 2024
@smiling_, ýok 😁 saña gerek oydyan ýöne azar beryan haa 😅
wolf
21 Iýun 2024
@smiling_, näme zat 🤣
wolf
21 Iýun 2024
@smiling_, men tayn 😁
wolf
21 Iýun 2024
@smiling_, ooo aýtda 🧐
wolf
21 Iýun 2024
@smiling_, hehe yoklay şahere gaytdymlay 🙂
wolf
21 Iýun 2024
@smiling_, giç ýagşy broo
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.