Ýoltorba sygmadyk zatlar...
Näme zatlar ýerleşmedi diýýäňmi,
Ýere agram berip duran torbama.
Ýerleşen zatlaram eslije bar-la,
Bir gün gerek ony tutuş dörmäne.
Ýerleşmedi iki jübüt bagymyz,
Säher saýran serçejigem salmadym.
Öýde geçen süýji-süýji günleri
Ýoltorbama ýerleşdirip bilmedim.
Bassyrmanyň aşagynda ýer eden
Gumrujygam hut bir gyra süýşürdim.
Ýerleşmänsoň kakamjanyň didary,
Men oň keşbin didelemde ýygşyrdym.
Aýak seslerinem salasym geldi
Öýlänara işden gelýän agamyň.
Başarsam salardym gülkülerinem,
Gerek bolsa goýup goşlaň galanyn.
Gyş üçin zat gaplap ýören ejemjan,
Gyzgyn ýürek gurban bolsun goý, saňa.
Ýoltorbama salyp giderim ýaly,
Şu günleň birinem gaplap goýsana.
Şu zatlary ýany bilen almasa,
Alyslarda kemine kalp hor bolar.
Ýöne bulaň baryn ýerleşdirerden
Birazajyk kiçi bolýar torbalar.
Şonuň üçin öýden alysda wagtyň
Ýürek sähel kynçylyga arýandyr.
Torbalara sygmaýan zat gaty kän,
Şonuň üçin öýden gaýdaňda hökman
bir zatlar galýandyr.
Awtor: Sähra Seýitmämmedowa