Eneler jomartdyr, giňdir eneler,
Olar kyn pursatyň kömege geler.
Ömürboýy oňa beren jebriňi
Ahyr bir söz üçin bagyşlap biler.
Bagyşlar-da, baky ýumar gözüni.
Agaç ata müner, zemine gider.
Diňe özi gitmez, beren jebriňi,
Sütemiňi ýany bilen äkider.
Sen onsoň aglarsyň. Tutarsyň içiň,
Emma seň gözleriň şol bagta zardyr..
Ene soňky demde günäňi öter,
Ýöne oň ötdügi saňa jezadyr.
Gurbannazar Ezizow