Asman ýuwaşlykdan elegni eläp ,
Ownujak damjalar zemine düşýär .
Hasrat doly gözlem toýuňa garap ,
Aglamazlyk üçin zordan göreşýär .
........................................................
Senem ak lybasly öňümde dursun ,
Ähli aklyklary özüňde jemläp .
Ýolumyz aýyran aýralyk gursun ,
Bu bolup durşuma seredýäň geňläp .
...........................................................
Ine bir natanyş ýanyna geçip ,
Tutdy seň pamyk deý akja eliňden .
Birden akyl huşum serimden uçup ,
Gitme Gülüm sözler çykdy dilimden .
.............................................................
Ne hä jogap berdiň ne de diňlediň ,
Hiç zat bolmadyk deý barýarsyň ýöräp .
Meniň aşyk bolan gyzym senmidiň ,
Du : run men yzyňda naýynjar garap .