shahyr_1999
20.09.2024 06:35
Bu gün şeýle üýtgeşik gün ,
Ýürek joşýar galkýar göwün .
Gutlamaga doglan güniň ,
Ýazdym bir goşgy gelnejem .
.................................................
Bir gyzyň birde ogluň bar ,
Ýazlar seniň mähriňe zar .
Sen baglarda alma hem nar ,
Gara gaş , syýa saç gelnejem .
..................................................
Kyrk dokuz ýaşyňa ýetdiň ,
ALLAM ömrüň uzak etsin .
Dert aladaň bary gitsin ,
Seniň başyndan gelnejem .
...................................................
Ak halat akja ýektaýyň ,
Bolmaz seniň deňiň taýyn .
Sen misli bölegi aýyň ,
Şöhle saçýan gün gelnejem .
.............................................
Gutlaýan ýene bir ýola ,
Galam alyp bu gün gola .
Ömrüň uzasyn ýyllara ,
Dilegim size gelnejem
5
22
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.