sh_shamko_
09.02.2024 20:48
Tuweleme menem ýyldyz bolupdyryn :)).
Su wagt goryan sag bolsun aytyan hemmanize :)).
37
157
sh_shamko_
07.02.2024 08:26
Täsinlikler #post 29

1) Ýagyşdan soň gelýän ysyň adyna "Petrikor" diýilýär.

2) Siriýada 16.000 den köp çaga her ýyl Leonel Messiniň berýän haýyr sahawatlary arkaly mekdebe gatnaýar.

3) Stan Larkin peresatka garaşýarka 17 aýlap ýüreksiz ýaşady. Ýüregiň deregine ýüregiň işini ýerine ýetirýän aparat bilen gezýärdi arkasyndaky sumkasynda göterip. Ýöne ol muňa garamazdan basketbol oýnamany başardy.

4) Albert atly oglan okuw gutardyş dabarasyna gyz söýgülisini çagyrýar. Ýöne gyz muňa boýun towlap gelmeýar. Oglan oýun edip Kylie Jenneri çagyrýar we Kylie Jenner onuň dabarasyna gelýär.

5) Morgan Freeman-yň gulagyna gulakhalka dakynmagynyň sebäbi. Birdan başga bir ýerde aradan çyksa tabydynyň "Rpo6" pulyny tölär ýaly dakynýar.

6) "Челябинск" şäherindäki bir kafeda. Mekdep okuwçylary 5-lik baha alsa mugt lawaş berilýär.

7) 31 ýaşanyňyzza ömrüňiziň Milliard sekundyny başdan geçirýärsiňiz.

8) Bir hepde öň ýuwulan ýassyk daşlarynda hajathana oturgujynnan 17.000 esse köp bakteriýa bolýar.
42
149
sh_shamko_
05.02.2024 10:00
Gülmek üçin begenje garaşmaň.
_Belki-de hiç gülmän ölüp gidersiňiz.

Victor Hugo.
38
183
sh_shamko_
05.02.2024 00:53
Denesdirip gordum iki sany nokady
Bir nokada-bir nokatlyk san sygdy.
Yasasyn yasasyn goreç nokady.
Her nokat icine yer asman sygdy


Kerim Aga.
31
36
sh_shamko_
02.02.2024 18:50
Goşa soraglar.

Söýgiň ezýetini çeken-de ýazýar,
Çekmedik-de ýazýar, ine şeýdibem
Müňlerçe setirler gazete çozýar,

Radio çozýar,ekrana çozýar.
Posadan öl-myžžyk mawy ekranlar.
Mawy ekranlaryň zolaklaryndan
Posalar şeýle bir süýnüp akýarlar.

Gojalar utanyp, öýden çykýarlar.
Gelinler gyzaryp, ýere bakýarlar.
Gyzlar uýaljyrap, ýüzün bukýarlar.
Eneler gulagyna pagta dykýarlar.

Eý, Söýgi! Ýollaryň kyndy-la seniň.
Onsuzam lezzetiň kändi-le seniň.
Maňlaýyň, gabagyň, ýaňagyň, agzyň
Batgalyk tokaýa döndi-le seniň...

Söýginiň ugrunda käkelemek bar,
Ah çekmek bar, elin owkalamak bar.

Saçyny, çokulny sypalamak bar.
Görküni, akylny apalamak bar.

Kino, teatra, parka gitmek bar.
Ýagyşda taýmak bar, jorka gitmek bar.

Ýene-de turmak bar, jak-jaklamak bar.
Bilinden ýuwaşja gujaklamak bar.

Eý, Söýgi! Ýollaryň köpdi-le seniň.
Birdenkä ýüregiň gopdy-la seniň.

Şeýle aýdymlary diňlän juwanlar,
Bagda nädip otyr gyzar-öýlänler!

Dodaklaryn goýup birek-birege,
Meňzeşip otyrlar goşa soraga.

Barýar gapdalyndan çal saçly aýal,
Emma dikelenok, ol goşa sowal.

Barýar gapdalyndan çagaly ene.
Soraglar has beter gyslyşýar ýene.

Barýar gapdalyndan ak sakgal ata.
Şapbyldyň owazy güýjeýär gaýta.

Bir elinde kitap, birinde goşgy,
Şahyr geçip barýar wasp edip yşgy.

Ýene bir şapbyldy... Gyňralýar şahyr.
Olar diýýär: «Özüň öwredýäň ahyr!..»

Posadan öl-myžžyk mawy ekranlar.
Ekranlara sygman, baga çykýarlar.

Gije däl, ýagtyda geçýär synaglar.
Bükülişip otyr
Goşa soraglar.

Kerim Aga
38
83
sh_shamko_
02.02.2024 08:47
Salam hemmanize. Turdunyzmy sag aman.
Ertiriniz hayyrly bolsun. Gowmy yagdaylarynyz?.
28
49
sh_shamko_
01.02.2024 11:35
Yslam birdir :)).
34
34
sh_shamko_
11.01.2024 09:30
#Sensiz atjak eken daňlaram...🍂
28
184
sh_shamko_
03.01.2024 19:10
Belli bir yasdan son ene atanyn komegi bolman oz ayaklarynyzyn ussunne durup bilersinizmi?
Yas tapawut edenok 10-15-20 tapawdy yok.
Yone ene atanyzdan yekejede komek almaly dal.
28
111
sh_shamko_
01.01.2024 00:00
1 ýyl 8766 Sagat, 525.960 minut, 31.557.600 sekuntdyr.

Biz şunça wagtyň içinde her birimiz aýry aýry köp zatlary ýaşandyrys. Elbetde gaty beğen ýerimizem bolandyr gynanan ýerimizem bolandyr. Özümiz üçin köp zatlary edendiris.

Begençler bilen gynançlar bilen şatlyklar bilen şowhunlar bilen köne 2023-nji ýyly tamamladyk. Sag aman 2024-nji ýyla aýak basdyk. Şul posty paýlaşan bolsam sizem okan bolsaňyz täze ýyla girendiris we sagat 00:00 bolandyr.
Geçen ýyl sizde her hili wakalar bolannyr. Geliň şol ýyldaky erbet zatlary wakalary Unudup gyzykly gowy wakalary gürrüň bereliň.
Täze ýyl güni edilýän işler.
Ir bilen sagat 8:00 dan soňra täze ýyl taýýarlygy başlanylýar. Her kim bir işiň ujundan tutýar her kim bir zatlar bişirýä. Köpüsi "Manty Palow Şaşlyk somsa we ş.m" Abede golaý ýada abetden soňra tort alynyp gelinýär. Köpüsi zakaz etýär köpüsi taýaryny alýar. Öýlän 16:00 dan soňra bolsa ýuwaşlyk bilen kilýonkaň üstüne zatlary goýup başlaýarlar. Ir bilen klýonkany ýazyp üstüni boş goýýanlaram bar. Agşam 19:00 da bolsa nahar iýilip başlanylýar. Belki onnanam ir. 20:00 da bolsa şähere aýlanmana çykylýar kimisi ýolkalara gitýär kimisi garyndaşlaryna kimisi dostlaryna. 22:00 dan soň ýada öň herkim öýli öýüne ýygnanýar we 00:00 bolmagyna garaşýar. Käbirleri ýatyp galýar gyzykly ýeri sypdyrýarlar. We sagat 00:00 bolly. Herkim daşarda Gar sepişýänler haýsy Jyzyrdowaç ýakýanlar haýsy. Asmana dileg şaryny uçurýanlar hem bar dileg edip. Ertesi güni ir bilen sagat 09:00 da Dünýä belli Mamalar güni. Her kim Mamalaryna gitýär täze ýyllaryny gutlaýarlar. Garaz her kim täze ýyl günini şuňa meňzeş geçirýärler. Ýöne esasy zat bagt bilen abraý bilen asudalyk bilen agzybirlik bilen girýärler täze ýyla.

Hemmämiziň ýetip gelen täze ýylyňyz bilen gutlaýan. Ähiljäňiz islän arzuwlaryňyza ýetiň.
34
76