Goşa soraglar.
Söýgiň ezýetini çeken-de ýazýar,
Çekmedik-de ýazýar, ine şeýdibem
Müňlerçe setirler gazete çozýar,
Radio çozýar,ekrana çozýar.
Posadan öl-myžžyk mawy ekranlar.
Mawy ekranlaryň zolaklaryndan
Posalar şeýle bir süýnüp akýarlar.
Gojalar utanyp, öýden çykýarlar.
Gelinler gyzaryp, ýere bakýarlar.
Gyzlar uýaljyrap, ýüzün bukýarlar.
Eneler gulagyna pagta dykýarlar.
Eý, Söýgi! Ýollaryň kyndy-la seniň.
Onsuzam lezzetiň kändi-le seniň.
Maňlaýyň, gabagyň, ýaňagyň, agzyň
Batgalyk tokaýa döndi-le seniň...
Söýginiň ugrunda käkelemek bar,
Ah çekmek bar, elin owkalamak bar.
Saçyny, çokulny sypalamak bar.
Görküni, akylny apalamak bar.
Kino, teatra, parka gitmek bar.
Ýagyşda taýmak bar, jorka gitmek bar.
Ýene-de turmak bar, jak-jaklamak bar.
Bilinden ýuwaşja gujaklamak bar.
Eý, Söýgi! Ýollaryň köpdi-le seniň.
Birdenkä ýüregiň gopdy-la seniň.
Şeýle aýdymlary diňlän juwanlar,
Bagda nädip otyr gyzar-öýlänler!
Dodaklaryn goýup birek-birege,
Meňzeşip otyrlar goşa soraga.
Barýar gapdalyndan çal saçly aýal,
Emma dikelenok, ol goşa sowal.
Barýar gapdalyndan çagaly ene.
Soraglar has beter gyslyşýar ýene.
Barýar gapdalyndan ak sakgal ata.
Şapbyldyň owazy güýjeýär gaýta.
Bir elinde kitap, birinde goşgy,
Şahyr geçip barýar wasp edip yşgy.
Ýene bir şapbyldy... Gyňralýar şahyr.
Olar diýýär: «Özüň öwredýäň ahyr!..»
Posadan öl-myžžyk mawy ekranlar.
Ekranlara sygman, baga çykýarlar.
Gije däl, ýagtyda geçýär synaglar.
Bükülişip otyr
Goşa soraglar.
Kerim Aga