sh_shamko_
14.06.2022 17:19
Eje hakda

Ýene ýylgyr ejem
Seň gülüşiňden doýaýyn
Seň birja ýylgyrşyň
Men gurbany bolaýyn

Bolsadyň bir bag yssyda
Men kölegäň bolaýyn
Ýylgyranyňda gülip
Gamly wagtyň solaýyn

Seň ýüregiň giň umman
Bar günämi bagyşlaýaň
Üşän wagtym ýyladyp
Özüň garda gyşlaýaň

Seň üçin tapawdy ýok
Älem jahan gyşmy ýaz
Çagalarymyň ýüzleri
Solmaýsady bar hyýal

Bagyşla meň üçin
Sessiz aglan günleriňe
Hiç wagt görmedim gaharyňy
Başymy goýan elleriňe

Seň üçin ýazdym setirleri
Sen ony geňleme
Belki kän samyrdaýan
Sen meni diňleme

Seň ýylgyrşyň many
Bar derdimiň dermany
Her gün seni görmän
Gezip bilmen dünýäni

Sorasa Allam eý oglum
Sözle näme islegiň
Diýerdim bul ömrümi
Jan ejeme bersedim

Ýeke islegim meniň
Şol arzuwym bitsedi
Ejeler bu dünýede
Ömür baky gezsedi

Ynjytmadyň ogluňy
Käýemediň bir gezek
Nädip meni bagyşladyň
Sözle Käbäm her gezek

Sen ýerdäki bir gudrat
Ak ýürekli Perişde
Her sekintda minutda
Ýanyňda men her işde

Inni ulanyp ýetişdim
Ser salýaryn geçmişe
Seň terbiýäň tenimde
Öwrederin her kişä

Seň gynanan günleriňe
Bu gün nokat goýaýyn
Ýylgyr jan käbäm
Ýylgyrşyňdan doýaýyn

Diňe sen mynasyp söýülmäne
Käbäm diýmäne dileg etmäne
Diňe sen mynasyp günne görmäne
Eliň öpmäne seni öpmäne

Ýylgyr eje aglama
Ýüregimde seniň ornuň bar
Sensiň ýeke baryma
Men seň bilen biz seň bilen


Heniz Ejeleriňiz ýaşaýarka gadyryny biliň
Hemme wagt gujaklaň
Ejeňizi gujaklamaga ogşamaga
Hiç haçan utanmaň sebäbi eje
Size ýekeje gezek berilýä
Ikinjisi berilmeýä.

Döneýin Käbelerimize
Allam hemme käbelerimiziň başy dik bolsun❤️
19
89
sh_shamko_
sh_shamko_
13.06.2022 23:24
Kimiň ýadyna düşýä şul sözler... "Maşyn gelýä signal kakýa Biiiipp " Çagalyk sözlerden başga nämeler ýadyňyza düşýä
sh_shamko_
12.06.2022 11:36
Duzsyz soraglar we çalaja gülkünç #post 4

12 Diýeliň siz haýwanat bagyna gitdiňiz we maýmynlaryň ýanyna bardyňyz surata düşmek üçin maýmynlaeyň ýanyna golaýlaşdyňyz welin maýmyn siziň telefonyňyzy alyp gaçdyda içip otyran suwlarynyň içine oklady siziň telefonyňyzam iPhone 15 pro max 2 Tb
Sorag:Siz telefonyňyzy nädip şotaýdan alardyňyz gapysa gulyply dur içine girip bilýän işgärlerem ýok.

13 Siz daşary ýurda gitdiňiz meselem Hytaýa we siz magazina bardyňyz magazindan 1 kaktus bilen 2 sanagam şeker alma almakçy we sizem Hytaýça bileňizok terjime etýän enjamyňyzam goýup gaýdypsyňyz.Size şol zatlaryň duran witranasyna barmak bolanok diňe işgärler baryp bilýä.
Sorag:Satyja nädip düşündirerdiňiz eliňiz bilenem görkezip bileňizok el galdyrsaňyz ýalňyş düşünip urşýa siz bilen ola size Çan çu çannaka çuki pakşan puski diýip gürleýä nädip alarsyňyz şo miweleri?

14 Diýeliň siz Afrikada bir çöle düşdiňiz we çöl boýunça ýekeje dükan bar siz dükandan 5 dollarlyk suw allyňyz we satyja 100 dollar berdiňiz satyjam size diýýä men mundan 5 dollar alyp bilmen bölegim ýok diýýä siziňem ýanyňyzda bölek ýok telefonuna soň oklaryn diýseňizem satyjyda telefon ýok birine jaň ederin diýseňizem žarýadyňyz ýok zarýatnik tapyp zarýada goýjak diýseňizem tok ýok ýollanam hiç kim geçenok
Sorag:Nädip 5 dollar tölärdiňiz satyjam şony tölemeseň gidenok diýýä alan suwymy yzyna goýjak diýseňizem otaýda bir alan zadyňy yzyna goýmak bolanok yzyna goýsaňyzam 15 sutka näme ederdiňiz
10
130
sh_shamko_
11.06.2022 21:16
Duzsyz soraglar we çalaja gülkinç #post 3

9) Diýeliň siz toýa aýdymçy bolup bardyňyz žiwoý dälle öňki aýdan aýdymyňyza hiňlenip dursyňyz.
Sorag:Şeýdip aýdyp durkaňyz djeý şol aýdymyň gapdalyna dapalnitilni aýdyp goşdy ýalňyşyp we siziň ýalannan aýtýanyňyz bilinne hemme kişi size seredip dur näme ederiňiz Djeýi urardyňyzmy ýa toýdan gaýdardyňyzmy?

10) Diýeli siz gyssagly duşuşyga barýaňyz dykylşyk awtobusa münniňiz we münip barýakaňyz biri aýagyňyzdaky köwşüň padoşyny basyp gaçyrdy
Sorag: Näme ederdiňiz ýanyňyzda köwüş almana pul ýok pul bolsada magazin ýok

11) Diýeliň siz birine ýalňyşyp 300 tmt pul okladyňyz ol oklan nomeriňizem öň öçük duran nomer
Sorag:Özüňize sögerdiňizmi ýa Altyn asyra baryp nomuň eýesini tapyp şondan alardyňyzmy? Ol nomuň eýesem men ulanamok öçürlip goýlan nom berjekdäl diydi näme edersiňiz?
13
161
sh_shamko_
10.06.2022 23:01
Duzsyz soraglar we çalaja gülkinç #post 2

5) Diýeliň siz bir oba gitdiňiz we baran obaňyzda diňe ýekeje dükan ba oňam içinde siziň maňlaýyňyza ýekeje baržom galypdyr siz aldyňyz we dükandan daşlaşdyňyz ýolda eliňizden ýaňky baržom gaçdyda atylly yzyňyza gaýdyp dükandan suw almakçy bolsaňyzam dükanyň eýesi suw ýok diýýä
Sorag:Dükança sögünerdiňizmi ýa öz maňlaýsyzlygyňyza gynanardyňyzmy?

6) Diýeli siz öz ýaşaýan şäheriňizden başga welaýata toýa gitdiňiz ýanyňyzdada diňe ýekeje eşigiňiz bar siz toý güni agşamyna gitjek bolup köýnegiňizi ütüklemäne birine berdiňiz oda köýnegiňizi ýakdy başgada köýnegiňiz ýok başgalaryndan alaýyn diýseňizem size bolanok olaň köýnekleri ýekeje adamyňky bolýa oňam eşikleri hapa ýuwup guratmaly
Sorag:Siz näme ederdiňiz ýakana gargynardyňyzmy ýa köýnegi alyp ýuwup geýerdiňizmi ony etýänçaňizem toý sowulýa näme ederdiňiz?

7) Diýeli siziň agzyňyz bekli bir ýerde birine daşarda garaşyp otyrsyňyz bir çaga siziň öňüňize geçdi we kalbosa bn çörek alyp size süýjedip iýip başlady sizem hiç ýere gidip bileňizok garaşyp duran adamyňyzam hiç ýeri tapanok siz şoňa ýolbelet bolmaly
Sorag:Şol çagany gowy edip bir gezek ýeňsesine doňdyrardyňyzmy ýa garaşýanym näme bolsa şo bolsun diýip taşlap giderdiňizmi?

8) Diýeli siz awtobusda we awtobusyň içi depme dykyn dykylşyk hiç ýere hereket edip bolanok 1 adam düşse 5 adam münýä şo dereje inni her geçenem siziň aýagyňyza basyp geçýä
Sorag:Awtobusdan düşip beýleki awtobusa garaşardyňyzmy beýleki awtobusam 1.5 sagatdan gelýä sizem howlukmaç
Ýada düşmän her basyp geçene sögünip urşyp durardyňyzmy?

Şular ýaly postlaň dowamy gelsinmi?
14
203
sh_shamko_
09.06.2022 21:28
#Duzsyz soraglar we çalaja güllürýän postlar 1

1) Gije ýatyrkaňyz kelläňizden çibin çaksa näme ederdiňiz?

2) Siz öýlän ara gül ýaly süýji düýşde ýatyrsyňyz we jigiň gelerde sapagyň ujyny ölläp ýüzüňize degirip başlar gözüňizi açarsyňyzam welin bir bakal suw sepip gaçsa özüňizi nähiljek duýardyňyz?

3) Diýeli siz dünýäniň iň owadan gyzy (oglany) saýlandyňyz ýaňy bir begenip täjiňizi alyp kellänize geýersiňizem welin adyňyz ýalňyş okalypdyr diýip täjiňizi sizden alyp iň soňky ýer bolana berseler nähili gargynardyňyz?

4) Siziň bir iç ýakgynç oglan jigiňiz bar we biram hiç zady boýnuna almaýan gyz doganyňyz bar uly gyz doganyňyz kiçi oglan jigiňizi urdy we onam siziň üstüňize oklady jigiňiz bilen dilleşip we siziňem subutnamaňyz ýok
Sorag:Haýsyna has güýçli sögünerdiňiz?

Bul postyň maksady prosta degişmek we jogaplaryňyza garaşýan
10
193
sh_shamko_
sh_shamko_
08.06.2022 22:06
#Degisme
sh_shamko_
07.06.2022 00:07
bah bah
4
134
sh_shamko_
sh_shamko_
04.06.2022 11:36
#Gysgaça
sh_shamko_
03.06.2022 18:54
Kim haýsy alymyň durmuşy hakda gyzyklanýan bolsa bilesi gelýän bolsa ýazsyn şul posta
Alymlaryň durmuşyndan Postlaryma dowam etmekçi
7
148