Eje hakda
Ýene ýylgyr ejem
Seň gülüşiňden doýaýyn
Seň birja ýylgyrşyň
Men gurbany bolaýyn
Bolsadyň bir bag yssyda
Men kölegäň bolaýyn
Ýylgyranyňda gülip
Gamly wagtyň solaýyn
Seň ýüregiň giň umman
Bar günämi bagyşlaýaň
Üşän wagtym ýyladyp
Özüň garda gyşlaýaň
Seň üçin tapawdy ýok
Älem jahan gyşmy ýaz
Çagalarymyň ýüzleri
Solmaýsady bar hyýal
Bagyşla meň üçin
Sessiz aglan günleriňe
Hiç wagt görmedim gaharyňy
Başymy goýan elleriňe
Seň üçin ýazdym setirleri
Sen ony geňleme
Belki kän samyrdaýan
Sen meni diňleme
Seň ýylgyrşyň many
Bar derdimiň dermany
Her gün seni görmän
Gezip bilmen dünýäni
Sorasa Allam eý oglum
Sözle näme islegiň
Diýerdim bul ömrümi
Jan ejeme bersedim
Ýeke islegim meniň
Şol arzuwym bitsedi
Ejeler bu dünýede
Ömür baky gezsedi
Ynjytmadyň ogluňy
Käýemediň bir gezek
Nädip meni bagyşladyň
Sözle Käbäm her gezek
Sen ýerdäki bir gudrat
Ak ýürekli Perişde
Her sekintda minutda
Ýanyňda men her işde
Inni ulanyp ýetişdim
Ser salýaryn geçmişe
Seň terbiýäň tenimde
Öwrederin her kişä
Seň gynanan günleriňe
Bu gün nokat goýaýyn
Ýylgyr jan käbäm
Ýylgyrşyňdan doýaýyn
Diňe sen mynasyp söýülmäne
Käbäm diýmäne dileg etmäne
Diňe sen mynasyp günne görmäne
Eliň öpmäne seni öpmäne
Ýylgyr eje aglama
Ýüregimde seniň ornuň bar
Sensiň ýeke baryma
Men seň bilen biz seň bilen
Heniz Ejeleriňiz ýaşaýarka gadyryny biliň
Hemme wagt gujaklaň
Ejeňizi gujaklamaga ogşamaga
Hiç haçan utanmaň sebäbi eje
Size ýekeje gezek berilýä
Ikinjisi berilmeýä.
Döneýin Käbelerimize
Allam hemme käbelerimiziň başy dik bolsun❤️