sh_shamko_
10.08.2022 17:07
Gyzlar dünýäsi.

Öň zamanlar bardy şeýle bir wagyr
Aňsadyna bakan Aýal-Gyz dogurar

Bu pikir gelýärdi örän uzakdan
Aýal gyzy hiç çykarman duzakdan

Diýseň-Gyzy boldy planyň-Äheý!!!
Ol bolmandyr-ow diýerler paheý

Gyz kişiniň maşgalasy ahyry
Adam hasap etmezler ol pahyry

Gyz ýurt goramaz Busar oturar
Abraý däl käte ysnat getirer

Gyzdan ýurt eýesi ýa-da nesil bolmaz
Gyzly uzak gülmez,ogully ölmez

Oguldyr atanyň arka daýanjy
Gyz dörän gününden alada ynjy

Şeýle wagyzlardan gulak ganansoň
Erbet nysak hakykata dönensoň

Eşidende atasy Göbek kes sözün
Igenç bilen aýdar Kesiň bogazyn

Ogul bolsa derrew Azan aýdarlar
Eşidenler ýör toýa diýip gaýdarlar

Gyz bolanda Azan Kamat aýdylmaz
Toý tomgy hiç ynsandyram üýdülmez

Müýnli bilar gyz dogran Aýal hem!
Gaýtargy bermäne etmez hyýal hem

Dogmasyndan ata göwnü şat bolmaz
Gyz dogdy dogmady parhyny bilmez

Enesem gyzyna etmez kän geleň
Çem gelen ýerinde ýatar baş ýalaň

Açlykdan gyz pahyr aglasa ýekän
Diýerler-Lal bolda ýat-ýer çeken

Lak atanlar diýer-Başyň sogrulsyn
Paheý janyň çyksyn-Boýnuň omrulsyn

Ýylgyryp bökejekläp gelsede gola
Ele almaz diýer Jähennem bola

Ogul ýaly görülmez gyz gowurak
Mahlasy tutular saýak sandyrak

Gülüp oýnamaga ýarap başlansoň
Özün bilip hapalygy taşlansoň

Hajyk hujyk bir azajyk bakylar
Manjuk dagdan näzik boýuna dakylar

Bu nä-başy kesilen diýip taşlarlar
Kem kem welin iňirgenip başlarlar

Alty ýedi ýaşda bogup-Gulpagyn
Iýers-diýrler munyň ýagly çelpegin

Tur otura ýarandan soň neýlärler
Ýumuş buýrup bir werziş eýlärler

Enesi öwreder oturşyn turşyn
Gulpagyny göýberip saçyny örşün

Birnäçe wagt gezer-Bökejekläp towsup
Gulpagyny tasadyp ger ýana öwsüp

Bagy üzülip dökülmese hünjüsi
Hiç bir zatdan bolmaz onuň ünjüsi

Şol wagt göýä bir açylýan Gunça
Oýun edip degişerler käte ençe

Çekinmezler ýalan ýaşryk öwmekden
Gandyrlar gulagny satyp sowmakdan

Baý bu gyza örän gymmat bahadyr
El ýetmejek iň ýokary şahadyr!

Bermeris hiç kime bolmasak belet
Agalary geýer ýüpekden halat

Salmarys gapydan her öňi ýeteni
Ýeňňelerine getirmese keteni

Her gün şeýdip köp degerler oýundan
Gägirip doýarys diýip çelpek toýundan

Kä agladyp Käte-Käte söýerler
Satylmany şol wagt boýna goýarlar

Yhlas bilen iş öwreder ejesi
Gündiz keşde,ik egirder gijesi

Ýüňüň gowsuny darap çüprek tüýtmesin
Dokma ýuwrup gerip haly çitmesin

Mahlasy birkemsiz ugradyp işe
Öz gözünden salman saklar hemişe

Göze görünip ýetişensoň gyz halky
Gülüp oýnap gezmäge hiç ýok haky

Adam barka geplemäge utanar
Myhman gelse derrew beýlesin öwrer

Elek çelek bakmaz dört ýana garap
Gabagyn galdyrman otyr sülmüräp

Dört tärim el işi bir tenha sözi
Täleý takdyr hakda diňlenmez sözi

Şeýleräk bolsada gyzyň ykbaly
Aýry bolar garyp baýyň ahwaly

Barly ýerden:Baýdan-Begden-Handan
Sawçy gelip başlar o ýan bu ýandan

Alandan soň gelýänleriň habaryn
Sorarlar düýplije tanşy ýar ýerin

Diýerler:Nesibäň bolsa ýetersiň
Gaýdyp ýene-de bir habar tutarsyň

Dernärler nähili kowmun tiresin
Iglik-gulluk soňam boýun göwresin

Azajyk göz ýetse bir şikesine
Gelme diýip ýol taparlar dessine

Gowün ýetse bir zadyna ýerbe-ýer
Güýjüň bolsa diýrler-durma geliber!

Kesmek üçin gyzyň malyny uly
Ýygnanşyp gelerler dört bäş ýaşuly

Gyz atasy çagyr kowum gardaşyn
Ýaşuly ýaşkiçi ýakynyň daşyň

Iki ýan gerilişip çaý paý içerler
Ýüzden-ýüzdrn galyňyn biçerler.


Goşgyň dowamy inniki postlarymda nesip bolsa

Bellik:Gaýrat edip Awtoryny bilýänem bolsaňyz ýazmaň goşgy gutoransoň ýazjak!!!
33
374
sh_shamko_
09.08.2022 19:30
Ulanylyşy has ýönekeý bolan ilkinji otly çöp 1831-nji ýylda Dole şäherinde, on dokuz ýaşly fransuz talyby Çarlz Sauria tarapyndan döredildi.
14
128
sh_shamko_
07.08.2022 19:09
Ýalançylar gury çyksada ýapdan
Eden ýagşylygym çyksada ýatdan
Ýekeje dilegim Eý eziz Allam
Bedenimi däl wyždanymy düşürme tapdan...
14
69
sh_shamko_
05.08.2022 16:01
#Gülmek ömürden ;))

Картошка-Kärtişke
Стакан-Ystakan
Термос-Termiz
Кружга-Kürüşge
Ведро-Bedre
Полотенца-Platinsa,Palatinsa
Одеяло-Adýal
Шкаф-Yşkaf
Телефон-Tell
Автобус-Awdowuz
Братышка-Brişka
Лагер-Lägir
Отдых-Oduh
К700-Kasymsot
Все равно-Sörawno
Совсем-Sapsim


Bir azajyk gülensiňiz diýip umyt etýän ;))
21
170
sh_shamko_
31.07.2022 21:52
Adam baýlygy pul däl maşgalasy
Men şeýle baý sebäbi bar ene atam
Galan zadyňam bir zady bolar
Kömek etýär Allam ♥️🤲
20
210
sh_shamko_
30.07.2022 11:37
Günämizi bagyşlaýar eneler
Sebäp-
Eneleriň ak süýtli döşi
Köp köp garalygyň günäsini örtýär
Şeýdibem kemelýär eneleň ýaşy

Ene balasyna buýurdy ýumuş
Ol diýdi: Özüň et oň ýaly işi
Ýandy ene. Emma ötdü günäsin
Kemeldi enäniň ýene bir ýaşy.

"Öýe wagtynda gel
Giç gelme balam!!"
Ogly bolsa enä çenedi gaşyn
"Wah näme etsemkäm?"
Emma günäsini ötdü
Kemeldi enäniň ýene bir ýaşy.

Ýigrimi ýaşyny doldurdy ogul
Gapak ýaly boldy tüýlüje döşi
"Inni ata bolduň
Adam bol oglum"
Gysyldy gysylde enäniň dişi.

Ene dişini gysdy otuz iki gezek
Her gezek gysanda
Gaçdy bir dişi
Enäniň her gaçan dişine derek
Ýaprak deý saralyp
Gaçdy bir ýaşy
16
73
sh_shamko_
26.07.2022 21:23
Dana geçip barýar derýaň duşundan
Ýolda saýrap otyr bir ajaýyp guş
Awçy guşy atdy degdi döşünden
Dana kişi etdi şeýle bir gargyş
Ol gargyş şeýle bir ýürekden çykdy
Öldürdi awçyny direltdi guşy
Danaň awça eden şol näletinden
Hem guşa siňdiren muhabbetinden
Döredi dünýäde ilkinji goşgy.

Halaýan goşgylarymdan...
19
89
sh_shamko_
25.07.2022 16:56
Näme bilen oýun etsek edeliň
Zöhrelik bilen
Tahyrlyk bilen
Garrylyk bilen
Jahyllyk bilen
Ýöne etmäliň,
Şahyrlyk bilen
Hem oýun etdirmäliň
Şahyrlykh bilen.
12
182
sh_shamko_
sh_shamko_
11.07.2022 01:37
Salam hemma ilki bn Su gun owrenmelin dali gyzy hemem men yeke tak Sakallasymyn doglan guni Nace yasanyna bilemok sakallas yone garranyna bilyan gaty garradyn tuweleme yenede garra munnanam beter
sh_shamko_
07.07.2022 17:33
Salam Hemmä
Şu gün agyz beklenýän eken Allajan hemmäňiziňki kabul bolsun eden arzuwlaryňyzy Allahym kabul etsin
Rysgalyňyz hiç haçan peselmesin diňe artsyn
Allahym size hiç hili erbetlik görkezmesin Elmidama ýanyňyzda bolsun elmidama gowylyklar bilen gowy adamlar bilen gabat getirsin
Janyňyz sag bolsun Allahym ýaryňyz bolsun 🤲
Okalýan dogasyny bilemok şu gün bilsem hökman goýjak
Lä ilaha illallah ❤️
13
97