Gyzlar dünýäsi.
Öň zamanlar bardy şeýle bir wagyr
Aňsadyna bakan Aýal-Gyz dogurar
Bu pikir gelýärdi örän uzakdan
Aýal gyzy hiç çykarman duzakdan
Diýseň-Gyzy boldy planyň-Äheý!!!
Ol bolmandyr-ow diýerler paheý
Gyz kişiniň maşgalasy ahyry
Adam hasap etmezler ol pahyry
Gyz ýurt goramaz Busar oturar
Abraý däl käte ysnat getirer
Gyzdan ýurt eýesi ýa-da nesil bolmaz
Gyzly uzak gülmez,ogully ölmez
Oguldyr atanyň arka daýanjy
Gyz dörän gününden alada ynjy
Şeýle wagyzlardan gulak ganansoň
Erbet nysak hakykata dönensoň
Eşidende atasy Göbek kes sözün
Igenç bilen aýdar Kesiň bogazyn
Ogul bolsa derrew Azan aýdarlar
Eşidenler ýör toýa diýip gaýdarlar
Gyz bolanda Azan Kamat aýdylmaz
Toý tomgy hiç ynsandyram üýdülmez
Müýnli bilar gyz dogran Aýal hem!
Gaýtargy bermäne etmez hyýal hem
Dogmasyndan ata göwnü şat bolmaz
Gyz dogdy dogmady parhyny bilmez
Enesem gyzyna etmez kän geleň
Çem gelen ýerinde ýatar baş ýalaň
Açlykdan gyz pahyr aglasa ýekän
Diýerler-Lal bolda ýat-ýer çeken
Lak atanlar diýer-Başyň sogrulsyn
Paheý janyň çyksyn-Boýnuň omrulsyn
Ýylgyryp bökejekläp gelsede gola
Ele almaz diýer Jähennem bola
Ogul ýaly görülmez gyz gowurak
Mahlasy tutular saýak sandyrak
Gülüp oýnamaga ýarap başlansoň
Özün bilip hapalygy taşlansoň
Hajyk hujyk bir azajyk bakylar
Manjuk dagdan näzik boýuna dakylar
Bu nä-başy kesilen diýip taşlarlar
Kem kem welin iňirgenip başlarlar
Alty ýedi ýaşda bogup-Gulpagyn
Iýers-diýrler munyň ýagly çelpegin
Tur otura ýarandan soň neýlärler
Ýumuş buýrup bir werziş eýlärler
Enesi öwreder oturşyn turşyn
Gulpagyny göýberip saçyny örşün
Birnäçe wagt gezer-Bökejekläp towsup
Gulpagyny tasadyp ger ýana öwsüp
Bagy üzülip dökülmese hünjüsi
Hiç bir zatdan bolmaz onuň ünjüsi
Şol wagt göýä bir açylýan Gunça
Oýun edip degişerler käte ençe
Çekinmezler ýalan ýaşryk öwmekden
Gandyrlar gulagny satyp sowmakdan
Baý bu gyza örän gymmat bahadyr
El ýetmejek iň ýokary şahadyr!
Bermeris hiç kime bolmasak belet
Agalary geýer ýüpekden halat
Salmarys gapydan her öňi ýeteni
Ýeňňelerine getirmese keteni
Her gün şeýdip köp degerler oýundan
Gägirip doýarys diýip çelpek toýundan
Kä agladyp Käte-Käte söýerler
Satylmany şol wagt boýna goýarlar
Yhlas bilen iş öwreder ejesi
Gündiz keşde,ik egirder gijesi
Ýüňüň gowsuny darap çüprek tüýtmesin
Dokma ýuwrup gerip haly çitmesin
Mahlasy birkemsiz ugradyp işe
Öz gözünden salman saklar hemişe
Göze görünip ýetişensoň gyz halky
Gülüp oýnap gezmäge hiç ýok haky
Adam barka geplemäge utanar
Myhman gelse derrew beýlesin öwrer
Elek çelek bakmaz dört ýana garap
Gabagyn galdyrman otyr sülmüräp
Dört tärim el işi bir tenha sözi
Täleý takdyr hakda diňlenmez sözi
Şeýleräk bolsada gyzyň ykbaly
Aýry bolar garyp baýyň ahwaly
Barly ýerden:Baýdan-Begden-Handan
Sawçy gelip başlar o ýan bu ýandan
Alandan soň gelýänleriň habaryn
Sorarlar düýplije tanşy ýar ýerin
Diýerler:Nesibäň bolsa ýetersiň
Gaýdyp ýene-de bir habar tutarsyň
Dernärler nähili kowmun tiresin
Iglik-gulluk soňam boýun göwresin
Azajyk göz ýetse bir şikesine
Gelme diýip ýol taparlar dessine
Gowün ýetse bir zadyna ýerbe-ýer
Güýjüň bolsa diýrler-durma geliber!
Kesmek üçin gyzyň malyny uly
Ýygnanşyp gelerler dört bäş ýaşuly
Gyz atasy çagyr kowum gardaşyn
Ýaşuly ýaşkiçi ýakynyň daşyň
Iki ýan gerilişip çaý paý içerler
Ýüzden-ýüzdrn galyňyn biçerler.
Goşgyň dowamy inniki postlarymda nesip bolsa
Bellik:Gaýrat edip Awtoryny bilýänem bolsaňyz ýazmaň goşgy gutoransoň ýazjak!!!