sh_shamko_
15.12.2022 21:56
Äri är etýänem Aýal gara ýer etýänem Aýal.
Goşulýaňyzmy?
19
105
6
sh_shamko_
14.12.2022 19:57
Admin bolmak isleyanlerem habarlasyp biler. Bellik:Konkursymyzdaky yerler sanalgydyr sol sana yetyanca alyarys sol sana yetenson alynyan dallir.
16
113
3
sh_shamko_
10.12.2022 22:54
Sorag:Sekuntda Minutda Günlerde, nämäni tapyp bolýar? Ýöne Ýyllarda Asyrlarda nämäni tapyp bolmaýar?
Logikaňyzy işlediň hany :))
15
112
4
sh_shamko_
09.12.2022 09:59
Adam ölen wagty ilki ýüregi durýamy ýa beýnisi işlänokmy? Şul soragyň jogaby şu günki postumda aýtmak isledim gysgaça.
Adam ölende ilki bilen ýüregi durmaýar.Beýni ýürege funksiýa ugratmasyny goýýar. Eger-de belli bir wagtyň içinde ýürek işledilmese Beýni ölýär.
Ýene-de bir zat adamyň ýüregi 10 minutlap işlemese we 10 minudyň içinde ýürek işledilmese ölüp bilýär.
Ýalňyş ýeri ýada düzeltmeli ýerleri bolsa teswirler açyk :))
20
111
6
sh_shamko_
08.12.2022 02:41
On soz beripdim :))
28
346
26
sh_shamko_
29.11.2022 22:20
Salowmaleýkim :))
Şul programma ilkinji bolup kimiň agza bolandygyny bilýäňizmi?!
19
171
13
sh_shamko_
25.11.2022 08:08
Ganhor daýza Gyş aýynyń şuwlap ówúsýán sowuk howasy dińe aýaklaryń barmaklarynyń uçlaryny dońduryp alyp barýandyr. Garańky gijelerde bolsa asman sarymtyk buluda gaplanan.Kóçeleriń dińli yşyklarynda
19
175
5
sh_shamko_
24.11.2022 19:12
Doňdurma hekaýa #bölüm 2
Birsalymdan onuń eline jań geldi: Alo jigim náme úcin biz bilen nahar edinmáge gelmediń? diyip Merdanyń
dogany seslendi. Menmi...men dońdurma almaga gitdim, házir geljek diýip telefony óçúrdi. Nahardan sońra bular
gúlúşipbegenşip her hili gúrrúńler edip oturdylar. Merdan eli paketli kafenyń gapysyndan aýak átdi: Ohoo
Merdanjan náme getirdiń diýip kakasy seslenende hemmeler Merdana bakyp gúlúşdiler. Siz úçin maroźna diyip
paketdan tortly maroźnany cykaryp stoluń ústúnde goýdy. Hyzmatçylar torty tarelka bólúşdirip olaryń óńlerinde
goýdy.Merjen bu torty onuń dońýúreklilik edip getiren doń parçalarydygyna dúşúndi. Óńler mekdepde okaýarkalar
Merdan mugallymdan birugsat klasdaky duran kitaby alyp óýúne ákidende Merjen muny tutuş okuwçylaryń
arasynda mugallyma aýdypdy.Mugallym Merdana gygyran gúnúnde gaýdyşyn Merdan Merjene hem ózúne küçük
guyguçly dońdurma alyp beripdi. Bir gún hem synag gúni olar bir soragnamanyń ústúnde dúşúnişmandiler.Bu
dúşúnişmezlikden sońra dawa ýúze çykypdy.Şol gún Merjen Merdandan óykeledi we şonda hem ońa dońdurma
alyp beripdi.
Okuw gutaranyndan sońra bularyń çağa endikleri ýatdan çykyşyp birekbiregiń gównúne degmándiler.
Merjen kellesinde şol kiçilik dówúrlerini ýatlap oturdy.
Dońdurmadan sońra bular turmak bilen boldylar.Merdanyń kakasy bilen Merjeniń kakasy óńrákden ýórediler we
baglyga girip çilim otladylar.Merjen bolsa Merdanyń ýanynda: Merdan senden jogaby eşitmedim; Wagty gelende
dúşúnersiń!
* * *
Aradan bir aý geçdi. Merdan gúngúnden horlanyp barýardy.Onuń óydákiler bilen işi ýokdy, óz başyna bir zatlara
gúýmenip oturardy.Bu gún bolsa ol penjireden agaçlary synlap otur. Merjeniń halaşýan oglany hakynda eşidip şol
gún gaty gabanjańlyk harasatyna çúmúpdi we ol harasat házirem dowam edýárdi. Merjeniń toý çakylyk bukjasy
bularyń óýúne gelip gowuşdy.Merdan bu çakylygy okamady we onuń durmuşa çykjak toýuna gidesi gelmedi. Şol
gún gúnortanlyk Merdanyń ejesi onuń otagyna girip : Merdanjan sen náme beýle hasratlara çúmúp gúngúnden
horlanýań, seń derdińi náme?Merdan içindaki toplap gezen harasatyny, góz ýaşlary bilen daşyna dókdi; Men şu
dúnýáde ýaşasym gelenok eje!Men ómrúmde bir gyzy sóýúp halap, gówún ýóredip iń sońunda men ońa
sóýýándigimi aýdyp bilmedim Ejeee...Ine bu gún bolsa onuń durmuş toýy ol gidip barýar Ejeee...;diýip Merdan
ýassygy gujaklap togurlanyp aglaýardy. Ejesi ondan kóýúne gelmeýán haýran galdyryjy hakykaty eşidip oturgyja
ózúni oklady.''Káşgá men dońýúrek Merdandan Merjenden gówni galandygyny soran bolsadym.Ýóne olar
çagalykda hem oynap gúlúşip gezerdiler.Men bularyń ikisinede beletdim olar dostdylar''diýip ejesi içgepledipdi.
Merjeni bolsa şol gún toý lybaslaryny geýdirip toýa taýynlapdylar.Agşamlyk bularyń toýundaky aýdym saz kóçelere
ýaşaýyş jaýlaryna dow berip durdy. Toý wagty ýaşlary garşylamak dúzgúni berjaý edilipdi.Merjene óýlenjek ýigit hem
ońa mynasyp taýdy. Toýda tans oýnalyp saz çalyndy.Asuda saz çalynanda ýaşlary tansa çagyrdylar.Toý gyzyşdy gyz
tarapdan hem oğlan tarapdan gutlag sózleri aýtdylar.
Şol wagt Merjen getirlen tortly dońdurma gózú dúşdi.Ol eýlesine beýlesine seredip Merdany gózledi, ýóne
tapmady.Ony kimiń goýanyny hem bilip bilmedi. Merjen gahar bilen ýerinden turdyda bu torty tans oýnalýan
meýdança zyńyp goýberdi.
Bu tortuń gyrasynda bolsa hatjagazda''Merjenjan gelip bilmánime gynanýan men bu torty óz dostumdan iberdim.Men keselhanada óykenim sowuklap ýatyryn we indi meniń iń sońky gúnlerim...'' Bu haty okan eden
bolmady.Ol tansly aýak astynda galdy. Şol gún agşamlyk ýary gije Merdan bu ýalançy bilen hoşlaşdy. Merjeniń
óykenine hem sowuklama degip gyzdyryp ýatdy we birnáçe gúnden sońra ol hem amanadyny tabşyrdy.
Soňy...
20
158
5
sh_shamko_
23.11.2022 20:30
Dońdurma
Gyş gúnleriniń ilkinji aýydy
Merdan óz halaýan gyzy Merjeni yatlap gamgussa batýardy.Gyş mówsúminiń agaçlary gurap ýerden çykyp duran
jadygóý kempirleriń dyrnaklaryna meńzáp duran şahalar asmana dadyperýat bilen bakyp durana meńzeýár.
Merjeniń maşgalasy Aşgabatdaky başga bir raýonyna góçúp gidipdiler.Óńler Merdan dagylar bilen bir gońşy bolup
ýaşaýardylar.Merjen bilen Merdan biribirine dúşúnişýán dostdylar, syrdaşdylar.Olar biribirinde sur
saklamaýardylar.Sońra aýlar gúnler geçip bularyń gońşylary Aşgabadyń başga bir yerine góçúp gidipdiler. Merjeniń
Merdana beren gymmatbaha sagady Merdan úçin gymmatly sowgatdy. Aylar geçdi gúnler geçdi.Gońşylar biribirleri
bilen telefon aragatnaşygynda gúrleşyárdiler,tázelik alyşyardylar.
Gúnleriń bir gúni hem bular kafeda duşuşup oturşyk etdiler.Merdanyń maşgalasy bilen Merjeniń maşgalasy
kafeda górúşdiler.Merjen Merdany górenine beğendi.Olar kafedan çykyp pyýadalaryń geçelegelerinde ýóráp
gúrrúńdeş boldular: Merdan men bir oğlan bilen halaşýan. Náhili oğlan?Men basym seni oń bilen tanyş ederin
nesip bolsa.Ol oğlan diýseń gównaçyk hemde agras. Muńa náhili dúşúnmeli gównaçyk hemde agras; diyip
Merdan ýylgyrdy. Aý şeyledá bilemok. Sen óz halan oglanyń sypatyny bileńoga diýip Merdan gównaçyk halda
baglara seretdi. Merdan besetsene...
Oyun etýánle; diyip Merdan telefonunu çykaryp sagada seretdi.
Meń beren sagadymy náme úçin dakynańok?!
Dakynasym gelenok.
Náme boldaý Merdan óykeledińmi menden.
Yok! Şol pursat Merjeniń telefonuna jań geldi:
Alo gyzym geliń nahar sogaýar.Merdanjanada gel diý . Bor eje házir barýan diyip telefony óçúrdi
Merdan gideli bize garaşýarlar nahar taýyn!
Işdáń acyk bolsun men dok; diyip Merdan gidiberdi.Merjen bilen onuń arasyndaky sowaşyklyk şu yerdenem
bildiripdi.
Merjen gynanyp yzyna dolandy. Merdan bolsa daş depip ýóráp barýardy
Birsalymdan onuń eline jań geldi: Alo jigim náme úcin biz bilen nahar edinmáge gelmediń? diyip Merdanyń
dogany seslendi. Menmi...men dońdurma almaga gitdim, házir geljek diýip telefony óçúrdi. Nahardan sońra bular
gúlúşipbegenşip her hili gúrrúńler edip oturdylar. Merdan eli paketli kafenyń gapysyndan aýak átdi: Ohoo
Merdanjan náme getirdiń diýip kakasy seslenende hemmeler Merdana bakyp gúlúşdiler. Siz úçin maroźna diyip
paketdan tortly maroźnany cykaryp stoluń ústúnde goýdy. Hyzmatçylar torty tarelka bólúşdirip olaryń óńlerinde
goýdy.Merjen bu torty onuń dońýúreklilik edip getiren doń parçalarydygyna dúşúndi. Óńler mekdepde okaýarkalar
Merdan mugallymdan birugsat klasdaky duran kitaby alyp óýúne ákidende Merjen muny tutuş okuwçylaryń
arasynda mugallyma aýdypdy.Mugallym Merdana gygyran gúnúnde gaýdyşyn Merdan Merjene hem ózúne küçük
guyguçly dońdurma alyp beripdi. Bir gún hem synag gúni olar bir soragnamanyń ústúnde dúşúnişmandiler.Bu
dúşúnişmezlikden sońra dawa ýúze çykypdy.Şol gún Merjen Merdandan óykeledi we şonda hem ońa dońdurma
alyp beripdi.
Okuw gutaranyndan sońra bularyń çağa endikleri ýatdan çykyşyp birekbiregiń gównúne degmándiler.
Merjen kellesinde şol kiçilik dówúrlerini ýatlap oturdy.
Dońdurmadan sońra bular turmak bilen boldylar.Merdanyń kakasy bilen Merjeniń kakasy óńrákden ýórediler we
baglyga girip çilim otladylar.Merjen bolsa Merdanyń ýanynda: Merdan senden jogaby eşitmedim; Wagty gelende
dúşúnersiń!
Dowamy indiki postda nesip bolsa :))
23
198
9
sh_shamko_
21.11.2022 22:44
Atgulaksyz tabyt hekaýa #bölüm 3
Ýene top oklary ýeri sarsdyrmaga başlady. Mergenler ýerli-ýerden hyrlylaryny
alyp, galaň depesine alňasadylar. Käselerde ýarpy galan çaýlar sarsgyna titräp
galdy. Şuwlap gelýän oklaryň gala ýetmän ýarylýany, ary köýen ýaly galyň diwara
urulýany, galadan aşyp içine düşýäni haýsy. Ýeriň goduklaýşyny, galaň oburlyp
gaýdyşyny Orazyň gözem görýär, gulagam eşidýärdi, emma göwnüne bu zatlar
düýş, ýalan ýalydy. Öň «Wah, şu toplary bolmasady, atyşsalar, gylyç salyşsalar
ýeňilsegem mert ýeňilsek» diýýän ýigidiň akylynda ne ýeňiş bardy, ne-de ýeňiliş.
Ol biparham daldi, emma urşuň parhynam öňki ýaly duýmaýardy. Hyrçyny dişläp
«Hany, gaýratyňyz bolsa, biiňiz boýnuňyzy görkeziň» diýip mäşäni gysmaga
taýýar bolup ýatan mergen şol bir wagtyň özünde-de ala daňdanky eli saçakly
gyzyň akylyndangitmeýänine nähili düşünjegini bilmeýärdi. Ýigitligiň joşguny
diýse, oňa sähelçe-de pis pikir bilen seretmändi. Dogrusy, seredeninem bilmeýärdi.
Onuň diňe gözleri görüpdi, ýüregem kabul edipdi. «Gala elden gitjek bolup durka
bigaýratlap, ejizläp ýördügimmikä?» diýip oýlanan ýigit ýeke duşmanyň görnenini
dileýärdi. Hamala öz gaýratyny özüne subut etmek isleýäýärdi. Hakykatdanam,
ýüregi ýerinden üýtgäne meňzese-de, hyrlyň uzyn nili çalaja-da titränok. Gurşun gülle edil barmaly ýerine nokat goýan ýaly barjak.
Bi ýerde ölüm bilen jan çaknyşanokmy?
Oraz ajy ýuwdundy. Kyrk-elli ädim öň ýanynda ýarylan top okundan onuň
gözýetimi tozana gaplandy. Ol bolsa tozanyň arasyndan gyzyň köýneginiň alaja
bagjygynyň döşüni tutup duran gülýakasynyň üstünden çalaja sallanyp durşuny
aýyl-saýyl görýär.
Mergen göz gytagyny murty ýaňy garalyp başlan oglanlara aýlady. Iki sany
ýigidekçe-de hersi bir ýaragy okdan dolduryp, mergene uzatmaga taýýar bolup dur.
Ahala belli Oraz mergene kömekçi edilip her öňýeten oglan bellenmeýär. Olar
buýsanç bilen mergene seredýäler. Gurşun gülleleri, dykylmaly keçe bölejiklerini,
hatda därä çenli ölçege laýyklap taýýar edip goýupdyrlar.
O ýyl Oraz oglandy. Edil şu işşekçerleriň ýaşyndady. Garahassalyk diýdiler, «awçy
jigim» diýip ýanyndan aýyrmaýan doganyny alyp gitdi. Şonda ejesi onuň tabydyna
atgulak daňypdy. Öýlenmän dünýeden öten ýigidiň tabydynyň baş ujuna atgulak
daňylýanyny Oraz şonda görüpdi. Iki sany biri gyzylja, beýlekisi gülli matanyň
şemala pasyrdaýşyndan ol tä gonamçylyga barýançalar gözüni aýryp bilmän
gidipdi.
Şol atgulaklaryň şu wagt ýadyna düşmesinden mergeniň süňňi gowşap gitdi. O
matalar beýle-de dursun, Oraz ömri gysga ýazylan agasynam kän bir ýatlap öz-
özüni örtäp ýörmeýärdi ahyryn. Ýa şeýtanyň oýnymyka? Duşmanyň gelşi, çadyr
gurap, galany etekläp ymykly oturşy, ok-däriň, mergenleriň, batyrlaryň güngünden azalmasy, indi näçe gündir adamlary alada goýan, ýeriň aşagyndan gelýän
düňküldi sesleri... ýüregimde howsala, gorky döredip ýörmükä? Ajalyň özünden
gelşi gorkunçmyka?
Gorkyny bilmez adam-a ýokdur. Ynsan haýwan däl ahyryn, damagynyň
çalynjagyny bilse-de arkaýyn ideklenip barar ýaly. Aý, haýwanam aňsat arkaýyn
ideklemersiň, gaty eldeki janawer bolaýmasa. Ýöne ynsanyň ölüme düşünşi
haýwanyň düşünşinden başgarak bolaýmasa. Ölüm bir zat, gorky başga. Ajaldan
gaçyp gutulmak ýok, bir başa bir ölüm – oňa düşünip bolýar, kaýylam bolýaň ýöne
gorky başga – ony düşündirip bolmaýa. Ýüregiň gopmasa aždarha geläýsin, emma
bir gopsa...
Sähel salym öň saçagy alyp, zordan «Taňryýalkasyn» diýeňde ýüregim gopdy
diýjek bolýamyň? Hakykatdanam şo wagt menden beter özüni ýitiren kim bardy bu
dünýede? Gorky diýilýän şomuka? Adam gorksa utanmazmy, ýöne Oraz şol
pursaty aňynda aýladygyça, gaýta, ýüregi süýji, ýakymly syzlaýardy. Niçik boldy
bar zat birden reňkini üýtgetdi. Hatda gorkam tanadanok. Ölüm diriligiň içine girip
gitdi, dirilik ölümiň, ak gara siňdi, gara aga. Birdenem doganynyň tabydyna
daňylan mata bölekleri pasyrdap ýüzüni sypap geçen ýaly boldy. Şol bada-da
duşman tarapdan gara göründi. Oraz sähel salymda ony didiwana mündürdi.
Dowamy inniki postda nesip bolsa :))
19
79
0
Yene yükle