sh_shamko_
21.11.2022 22:44
Atgulaksyz tabyt hekaýa #bölüm 3

Ýene top oklary ýeri sarsdyrmaga başlady. Mergenler ýerli-ýerden hyrlylaryny
alyp, galaň depesine alňasadylar. Käselerde ýarpy galan çaýlar sarsgyna titräp
galdy. Şuwlap gelýän oklaryň gala ýetmän ýarylýany, ary köýen ýaly galyň diwara
urulýany, galadan aşyp içine düşýäni haýsy. Ýeriň goduklaýşyny, galaň oburlyp
gaýdyşyny Orazyň gözem görýär, gulagam eşidýärdi, emma göwnüne bu zatlar
düýş, ýalan ýalydy. Öň «Wah, şu toplary bolmasady, atyşsalar, gylyç salyşsalar
ýeňilsegem mert ýeňilsek» diýýän ýigidiň akylynda ne ýeňiş bardy, ne-de ýeňiliş.
Ol biparham daldi, emma urşuň parhynam öňki ýaly duýmaýardy. Hyrçyny dişläp
«Hany, gaýratyňyz bolsa, biiňiz boýnuňyzy görkeziň» diýip mäşäni gysmaga
taýýar bolup ýatan mergen şol bir wagtyň özünde-de ala daňdanky eli saçakly
gyzyň akylyndangitmeýänine nähili düşünjegini bilmeýärdi. Ýigitligiň joşguny
diýse, oňa sähelçe-de pis pikir bilen seretmändi. Dogrusy, seredeninem bilmeýärdi.
Onuň diňe gözleri görüpdi, ýüregem kabul edipdi. «Gala elden gitjek bolup durka
bigaýratlap, ejizläp ýördügimmikä?» diýip oýlanan ýigit ýeke duşmanyň görnenini
dileýärdi. Hamala öz gaýratyny özüne subut etmek isleýäýärdi. Hakykatdanam,
ýüregi ýerinden üýtgäne meňzese-de, hyrlyň uzyn nili çalaja-da titränok. Gurşun gülle edil barmaly ýerine nokat goýan ýaly barjak.
Bi ýerde ölüm bilen jan çaknyşanokmy?
Oraz ajy ýuwdundy. Kyrk-elli ädim öň ýanynda ýarylan top okundan onuň
gözýetimi tozana gaplandy. Ol bolsa tozanyň arasyndan gyzyň köýneginiň alaja
bagjygynyň döşüni tutup duran gülýakasynyň üstünden çalaja sallanyp durşuny
aýyl-saýyl görýär.
Mergen göz gytagyny murty ýaňy garalyp başlan oglanlara aýlady. Iki sany
ýigidekçe-de hersi bir ýaragy okdan dolduryp, mergene uzatmaga taýýar bolup dur.
Ahala belli Oraz mergene kömekçi edilip her öňýeten oglan bellenmeýär. Olar
buýsanç bilen mergene seredýäler. Gurşun gülleleri, dykylmaly keçe bölejiklerini,
hatda därä çenli ölçege laýyklap taýýar edip goýupdyrlar.
O ýyl Oraz oglandy. Edil şu işşekçerleriň ýaşyndady. Garahassalyk diýdiler, «awçy
jigim» diýip ýanyndan aýyrmaýan doganyny alyp gitdi. Şonda ejesi onuň tabydyna
atgulak daňypdy. Öýlenmän dünýeden öten ýigidiň tabydynyň baş ujuna atgulak
daňylýanyny Oraz şonda görüpdi. Iki sany biri gyzylja, beýlekisi gülli matanyň
şemala pasyrdaýşyndan ol tä gonamçylyga barýançalar gözüni aýryp bilmän
gidipdi.
Şol atgulaklaryň şu wagt ýadyna düşmesinden mergeniň süňňi gowşap gitdi. O
matalar beýle-de dursun, Oraz ömri gysga ýazylan agasynam kän bir ýatlap öz-
özüni örtäp ýörmeýärdi ahyryn. Ýa şeýtanyň oýnymyka? Duşmanyň gelşi, çadyr
gurap, galany etekläp ymykly oturşy, ok-däriň, mergenleriň, batyrlaryň güngünden azalmasy, indi näçe gündir adamlary alada goýan, ýeriň aşagyndan gelýän
düňküldi sesleri... ýüregimde howsala, gorky döredip ýörmükä? Ajalyň özünden
gelşi gorkunçmyka?
Gorkyny bilmez adam-a ýokdur. Ynsan haýwan däl ahyryn, damagynyň
çalynjagyny bilse-de arkaýyn ideklenip barar ýaly. Aý, haýwanam aňsat arkaýyn
ideklemersiň, gaty eldeki janawer bolaýmasa. Ýöne ynsanyň ölüme düşünşi
haýwanyň düşünşinden başgarak bolaýmasa. Ölüm bir zat, gorky başga. Ajaldan
gaçyp gutulmak ýok, bir başa bir ölüm – oňa düşünip bolýar, kaýylam bolýaň ýöne
gorky başga – ony düşündirip bolmaýa. Ýüregiň gopmasa aždarha geläýsin, emma
bir gopsa...
Sähel salym öň saçagy alyp, zordan «Taňryýalkasyn» diýeňde ýüregim gopdy
diýjek bolýamyň? Hakykatdanam şo wagt menden beter özüni ýitiren kim bardy bu
dünýede? Gorky diýilýän şomuka? Adam gorksa utanmazmy, ýöne Oraz şol
pursaty aňynda aýladygyça, gaýta, ýüregi süýji, ýakymly syzlaýardy. Niçik boldy
bar zat birden reňkini üýtgetdi. Hatda gorkam tanadanok. Ölüm diriligiň içine girip
gitdi, dirilik ölümiň, ak gara siňdi, gara aga. Birdenem doganynyň tabydyna
daňylan mata bölekleri pasyrdap ýüzüni sypap geçen ýaly boldy. Şol bada-da
duşman tarapdan gara göründi. Oraz sähel salymda ony didiwana mündürdi.

Dowamy inniki postda nesip bolsa :))
19
79
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.