seneca
12.10.2023 17:47

Bilim hakykatyň edil özi ýa-da anyklyk däldir. Bilim adamlary "hakykaty" gözleýändiklerini we derňew edýändiklerini kabul etseler hem, hakykatlary "döretmezler" ýa-da bilmezler. Bilim adamlary terminleri, teoriýalary öňe sürýärler we bularyň dogrulygyny ýa-da ýalňyşlygyny barlaýarlar. Barlanan ýa-da tassyklanan teoriýalaryň ýalňyş ýa-da ýetmezçilik edýän taraplaryny tapmaga synanyşýarlar, bulary täzeden barlap, möhüm bolan ýagdaýynda üýtgedýärler.

Bilim bir din ýa-da ynanç däldir. Dinler durmuşyň manysy, nämäniň sogap nämäniň günädigini, haýsy adamlaryň jenneti, haýsy adamlaryňam dowzahy bolýandygyny we ş.m zatlary kesgitleýärler. Bilim bolsa fiziki zatlara, älemiň düýbüne, gurluşyna we tebigatyna düşünmäge synanyşýar. Bilimiň syn edip, derňew we akyla daýanyp gazanan maglumatyna ylmy maglumat diýilýär. Bilimiň esasy seljermesi tebigat hadysalary bilen baglanyşyklydyr. Psihologik, sosiologik, ykdysady, medeni maglumat görnüşleri hem tebigy hadysalara degişlidir.

Kanun – Gaýtalanan syn we derňewler bilen, şol bir şertlerde şol bir netijeleri berýändigi anyk bellenen, akyla we logika uýýan, umumy taýdan kabul edilen, üýtgemeýän aýratynlyk gazanan, ýalňyş bolmak ähtimallygy bolmaýan hakyky informasiýa diýilýär.

Gipoteza – Dürli faktorlary düşündirip bilmäge ukyby bolan, dogry görünmegine garamazdan dogrulygy heniz näbelli çaklamalardyr.

• Bir çaklamanyň gipoteza hökmünde hasaplanmagy üçin iki aýratynlygy bolmalydyr:

- Dogrymy ýa-da däldiginiň heniz näbelli bolmagy.

- Göni test edip bolmazlygy.

Eger bir kişi çykyp "şu şeýledir" diýse, öňe sürlen zada gipoteza diýilýär.

• Bu kişiniň gipotezasy eger ençeme kişi tarapyndan tassyklanan bolsa teoriýa öwrülýär.

• Has soňra bu meselä indi teswir goşup bolmaýan bolsa kanun bolýar. Emma hiç kim bu meseläni ýatyrmaga ýekeje söz hem tapmasa sözüň doly manysynda kanun bolýar. Meselem:

– Bir daş alyp, ony ýokary galdyryp soň elimizden goýbersek, ol hökmany suratda aşak düşer, sebäbi dartyş güýji bardyr. Bu ylmy kanundyr, hiç kim "ol düşmeýär" diýip bilmez. Bilim teoriýasyz, çaklamasyz bolmaýar. Bilim teoriýasyz bolmaz, sebäbi bilim teoriýa bilen başlaýar.

Informasiýanyň (maglumatlaryň) görnüşleri.

1. Gündelik (kadasyz) maglumat.

2. Dini maglumat.

3. Sungat maglumaty.

4. Tehniki maglumat.

5. Ylmy maglumat.

6. Filosofik (pelsepe) maglumat.

1. Gündelik maglumat - bu gündelik durmuşymyzda duş gelýän maglumatlardyr. Meselem hemme kişi ýagyşyň ölleýändigini, oduňam ýakýandygyny biler.

2. Dini maglumat - tebigata we ynsana degişli her hadysany mukaddeslik düşünjesine eýerip düşündirýän maglumatlaryň görnüşi.

• Dini maglumat öz gözbaşyny mukaddes kitaplardan, wahyýlardan alýar.

• Bu maglumatlar soraglanmaýar, ynanç ýoly bilen kabul edilýär, ýagny dogmatikdir. Tebigat, dini maglumata gabat gelmeýän bolsa, ýalňyş ol maglumatda däl-de tebigatyň özündedir. Dini maglumatyň aýratynlyklary:

- Dogmatikdir.

- Tankyda ýapykdyr.

- Gündelik durmuşdaky hereketleri kesgitleýär.

- Üýtgeşmelere ýapykdyr.

- Ynanç bilen bilnip, iman bilen kabul edilýär.

- Hakykatdygy subut edilip bilinmez.

Din dünýägaraýyşlaryň hem bir görnüşidir. Dünýägaraýyş hökmünde ol filosofiýa hem ýakynlaşýar. Din hem edil filosofiýa kimin adamzady gyzyklandyrýan baky meselelere özüçe jogap agtarýar.

3. Sungat maglumaty - çeper oýlanma esaslanan maglumat. Sungat dünýäni estetiki usullaryň üsti bilen özleşdirmekligiň görnüşidir. Bilimde hakykat gözlenilýän bolsa, sungatda gözellik gözlenilýär.

4. Tehniki maglumat - Adam zähmeti bilen döredilen ýokary öndürijiligi gazanmak üçin ulanylýan maglumat. Meselem maşynlar, mehaniki gurallar, desgalar tehniki maglumatyň esasynda döredilýär. Şuwagt esasan hem, tehnologiýa diýlip atlandyrylýar. Tehniki maglumatyň aýratynlyklary:

- Adamyň umumy peýdalaryna hyzmat edýär.

- Gündelik durmuşy aňsatlaşdyrmak maksat edinilýär.

5. Ylmy maglumat - subutnamalara esaslanýan maglumat. Älemi, jemgyýeti we adamy öwrenmegi özüniň baş maksady hasaplaýan, öz gözleglerini syn etmäge, derňewe we akyla esaslanyp edýän, dürli serişdeleriň kömegi bilen gazanylan kadaly maglumata ylmy maglumat diýilýär. Düzümi gaty giňdir. Ylmy maglumatlar, özüniň öwrenýän maglumatlaryna görä 3 bilim toparyna bölünýär. Olar:

1. Formal bilimler.

2. Tebigat bilimleri.

3. Ynsan bilimleri.

Formal bilimler - matematika, geometriýa we ş.m.

Tebigat bilimleri - tebigaty öwrenýän biologiýa, fizika, himiýa, zoologiýa ýaly bilimler.

Ynsan bilimleri - adamy we jemgyýeti öwrenýän bilimler, psihologiýa, sosiologiýa, antropologiýa, taryh, filosofiýa we ş.m. Jemgyýeti sosial filosofiýadan we sosiologiýadan başga ylymlar hem öwrenýär. Mysal üçin, taryh, syýasaty öwreniş, demografiýa, medeniýeti öwreniş, hukugy öwreniş ýaly ylymlar.

Bu ýerde syýasaty öwreniş özbaşdak ylym hökmünde XIX asyryň II ýarymynda emele gelipdir.

Syýasaty öwreniş – syýasat we onuň ähli hadysalary baradaky umumy , integrsion ylym bolup durýar.

Demografiýa – bu ilaty öwrenýän ylmyň adydyr. Aslynda, demografiýa sözi demos – halk we grapho – ýazýaryn diýen manylary aňladýan gadymy grek sözlerinden emele getirilen düşünjedir. Demografiýanyň esasy öwrenýän obýekti ilatdyr.

Taryh – geçmişi öwrenýän ylym.

6. Filosofik maglumat - akylyň, pikiriň we sorag bermegiň esasynda döredilen maglumatlaryň jemi.

• Filosofik maglumata sorag bilen, soraglamak bilen ýetilýär.

• Filosofiýanyň soraglary "ýaşaýyşyň manysy" ýaly kategoriýalarda jemlenen soraglardyr. Meselem:

- Durmuşyň manysy näme?

- Hakykat näme?

- Gözellik näme?

- Adalat näme?

- Jemgyýet näme?

- Erbetligiň çeşmesi näme?

- Ahlak näme?

- Din näme?

Filosofik maglumat, ylmy maglumat ýaly bir zady ençeme böleklere bölüp däl-de, umumy görnüşde öwrenýär. Bir zady düşündirmek üçin tankyt ýaly rasional (akyla esaslanýan) usullary ulanýar. Filosofiýanyň düşündirişlerinde "anyklyk" ýa-da "soňlanmak" ýokdur. Filosofiýada filosofyň şahsyýeti we geçmişi möhüm orny eýeleýär. Ýer alýan jemgyýetden we döwürden täsirlenýär. Şol bir wagtyň özünde döwri we jemgyýete täsirini ýetirýär.

Pelsepe etmegiň ilkinji iki şerti şulardyr: ilki bilen bir sorag hakynda diýiljek hemme zady diýip bilmek mertligine eýe bolmak, ikinjisi, oňa bir mesele hökmünde garamak üçin özünden belli bolan hemme zadyň açyk ýagdaýda aňyňda bolmagy.

Filosofiýa - bilim gatnaşygy.

Filosofiýa hem, bilim hem hakykaty gözleýärler. Pikirlenmek ukybyna uýýandyrlar, tankyda ikisi hem açykdyr, älemi, adamy, ýaşaýyşy düşündirmäge synanyşýarlar. Eger biz hakykaty öwrenjek bolsak onda pelsepewi we ylmy maglumaty öwrenmeli bolarys.

Filosofiýa - din gatnaşygy.

Filosofiýa dine garşy däldir. Filosofiýa üçin din, öwrenilmeli temalaryň diňe biridir. Filosofiýa girýän käbir meseleler diniňem meseleleridir. Filosofiýa bile diniň meselelere garaýşy gaty tapawutlydyr. Filosofiýa meseleleri akyla, logika we hakykata esaslanyp çözmäge synanyşýar, tankytlaýar. Dinde welin esasy zat imandyr. Jogaplardan şübhe duýulmaýar, Taňrydan gelýändir. Dini aň, esasan, ynançlar ulgamydyr. Dini ynançlaryň iň esasylarynyň biri, iň ýokary, adatdan daşary güýjüň – Hudaýyň, barlygyna bolan ynançdyr. Dini ynançlara görä Älemi ýaradan hem, bütin adamzadyň durmuşyny edara edýän hem, adamlary eden etmişlerine görä jezalandyrýan hem, sogap işleri üçin ýalkaýan hem Hudaýdyr. Filosofiýa bilen din özara baglanyşýar. Dindar hökmünde tanalan ençeme adamlar pelsepe edendirler, ençemesi filosofdyr. Filosofiýa düşünje dünýämizi baýlaşdyrýar.


Ulanylan çeşmeler.

Web çeşmeler:

1.https://www.verywellmind.com/religion-improves-health-2224007

2. https://www.felsefe.gen.tr/bilgi-turleri-nelerdir/

3. "Bilim Nedir, Ne Değildir" makala, www.siirt.edu.tr.

Beýleki çeşmeler:

1. Ö.B. Muhammetberdiýew, "Filosofiýa", Aşgabat “Ylym” neşirýaty 2011.

2. N. Suwhanow, "Filosofiýa", Aşgabat-2010

3. Arthur Shopenhauer, "Üniversiteler ve Felsefe", Say Yay, 1. Baski, Istanbul 2008.

4. "Bilim Nedir?", Timur Karaçay, 12.10.2010.

5. Ata Çarygulyýew, "Syýasaty öwrenişiň taglymat esasy we taryhy", Aşgabat–2010.

38
1 711
seneca
10.10.2023 18:52

Hemmämiziňem söhbetdeşlikler-de halamaýan soraglarymyz bardyr. Kimi ýüzugra sorar, kimi çyndanam bilesi gelýäni üçin, kimi gaharlandyrmak üçin, kimi düşünjesizlikden. Oturansyň bir ýerde, gelerde bir sorag berer welin bary rahatlygyň bozular. Bu makala-da söhbetdeşliklerde hijem berilmeli däl soraglary belläp geçmekçi.


1. Okuwy (işi) näme etdiň?

Iň esasy bolgusyz soraglaryň biri bilen başlalyň. Bu adaty soragdyr we işleýän üçinem okaýan üçinem ýigrenç döredýär. Bir gürrüň gidip durandyr gyzygyp, birden saňa "okuwy dynmadyňmy?" diýip sorar, ýa-da "işi näme etdiň?" diýer. Eger bir söhbetdeşlikde şeýle soraglar bilen tema açsaňyz adamlarda size garşy ýiti ýigrenç dörär. "Hmm, okuw dynmadymy heniz?", saňa näme? Seniň puluň bilen gidýänmi, saňa münip gidip gelýänmi? Şeýlebir içi boş, şeýlebir manysyz sorag welin şular ýaly "standart" soraglary gaty bolgusyz edip soraýanlar gaty kändir. Okuw gutarsyn diýeli, pomidor gelip senden şuny sorar, "işi näme etdiň?", "düşünmedim?", "iş diýýän how, iş ýokmy hany, iş", saňa näme, ene-atam soranok saňa galypdyrmy?


2. Näçe aýlyk alýaň?

Ikinji samsyk soragymyz bolsa, "näçe aýlyk alýaň?" soragy. Maşgalada, garyndaşlar arasynda hem berler şeýle soraglar, "işi girdiňmi?", "hawa şükür agam", "hmm, näçe alýaň?", saňa näme, "pylança alýan" diýse bir bölegini sen islejekmi? Gaýrat edip adamlaryň şahsy çägine girýän soraglary bermäň, söhbetdeşligi togtadýan soraglary bermäň.


3. Alan aýlygyň ýetýärmi?

Dünýäniň belki iň manysyz, iň düşünjesiz adamyň soragy berip biler. Umuman eger düşünjesiziň barypýatany bolsa ýaňky gürrüňiň yzyny şeýle dowam etmegi mümkin, "ýetýärmi bu saňa?", ýa-da "aý ola az eken, eklenib-ä bilmersiň onuň bilen", soňam gürleşýän kişisi "aý nätjek, ýetirmeli bolar-da" diýişdirip sowjak bolar, ahaw bolarmy beýle zat, nähili gowy zat, işe giripsiň, öz aýagyň üstünde durmagyň lezzetini ýaşarsyň, hi bir "ýetýärmi saňa?" mysaly bolgusyz bir sorag bolup bilermi?


4. Semrediňmi/horlandyňmy?

Adamlaryň şahsy çäklerine, iň şahsy ýeri bolan bedene degişli soraglaryň manysyzdygyny bilmeýän birtopar adam bar. Oturansyň bir ýerde, birden öňüňdäki "semräpsiňmi sen?" diýer, hem birden garaşylmadyk ýagdaýda berler bu sorag, diňläň, şu "semräpsiňmi?" sözi, sögünç bilen deň diýen ýalydyr, gaty ýaralaýan soragdyr. Soň kişi şony kellesine goýýar, çykaryp bilmeýär, ýa-da şuňa meňzeş soraglaram bardyr, "garalypsyňmy sen?", "bu eşigi näme üçin geýdiň?", "ony näme üçin etdiň?" ýaly soraglaram şuňa degişlidir. Söhbetdeşlikde kg bilen söze girmek ýerine, has pozitiw zatlardan gürrüň edip bilersiň.


5. Men owadanmy?

Ýene-de bizi kyn ýagdaýda goýýan, bolgusyz soraglaryň birem bir kişiniň saňa eşigini, keşbini, owadanlygyny, häsiýetini soramagydyr. Birden gökden düşen ýaly çykar we tarp, saňa "nähili men owadanmy?" diýip sorag berer. Şu soragy berseler hem adamlaryň hökman gyşyk zat diýmejegini bilýändirler, ýöne şonda-da soraýandyrlar. "Men owadanmy, dogryňy aýt ýöne çekinme", "owadan" diýseň "bilýädim-le" diýer, jan adam bilýän bolsaň näme üçin soraýaň? Ýa-da eşigini sorar, hökman aýtdyrar, etme gaýrat et, ýörite ýalan sözlemäg-e mejbur edýäň meni. Adamlaryň tassyklamagyna mätäç bolmaly däl.


6. Boýuň näçe?

Ýene bir bolgusyz soraglaryň biri adamlaryň boýuny soramakdyr. Gürleşip oturansyň bir ýerde, soň biri "boýuň näçe seň?" diýip sorar. Senem "pylança diýersiň" welin, "aý ýok-la onça däldir, hany tur hany" diýer, ýagny seniň maksadyň näme? Näme görkezjek bolýaň? Kime bir zat subut etjek bolýaň? Näme üçin beýle gürrüň açýaň, saňa näme?


Gaýrat edip islendik meselede diýjek zatlarymy pikir edip göreliň "bu adamlara ýaraýarmy?" diýip, hemme zat hemme ýerde diýiliberenok. Hemme zadyň wagty bolşy ýaly, hemme zadyň ýerem bar, düzgünem bar, şertem bar.

32
189
seneca
09.10.2023 14:35

Adamyň özüne ynanmagy onuň durmuşynyň islendik pursatynda wajyp bolan zatdyr. Özüňe bolan ynam hemme zadyň başlangyjydyr. Ynam bolmasa döredijilik bolmaýar. Döredijilik bolmasa hiç bir zat, şol sanda emeli gurşaw hem bolmaýar. Emeli gurşawa-da adam tarapyndan döredilýän emeli gymmatlyklaryň ählisi girýär. Ynam bar ýerde umyt bardyr. Bu zatlar barada aýdylara gep kän bolsa-da köp kişiniň özüne bolan ynamy juda pes. Biz bu makalamyzda, özüňe ynanmak we ony gazanmak bilen baglanyşykly käbir zatlar barada gürrüň edip geçeris.


Özüňe ynamy nädip gazansa bolar?


Özüňe ynanmagyň wajypdygyny öwrenen bolsak, onuň nädip gazanmalydygy barada öwreneliň. Birinji bilen, özüňe ynam diýlen zat bir emel bilen gazanylmaýar, sebäbi emel sözüniň özi ýalňyş. Bu ýerdäki zatlar bir emel däl, aslynda biziň hakyky etmeli we ýerine ýetirmeli zatlarymyz. Meselem pozitiw bolmak barada agzasak köp kişi şular ýaly zatlaryň bir emeldigini, özüniň bolşy ýaly hereket etmek isleýändigini nygtaýar. Emma pozitiw bolmak gündelik durmuşymyzda iň esasy zatlaryň biridir. Pozitiw adamlar töweregine üýtgeşik tüýsli energiýa ýaýradýarlar. Olaryň energiýasy beýleki adamlaryň hem ruhyny galkyndyrýar. Pozitiw adamlar ruhubelent adamlardyr. Ýüzümizdäki ol ýylgyryşy kiçijek zat hasap etmäliň, ol köp zadyň açarydyr. Şonuň bilen bir hatarda, özüňe ynam gazanmak hem pozitiw bolmak bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Özüňe ynanmagy biriniň sizi diňe goldap durmagy bilen bir hasaplamaň, sebäbi goldawlar, alkyşlar, bu zatlar sizi beýleki adamlara mätäç eder, sebäbi hemme ynanjymyzy beýlekileriň alkyşyna görä ölçeýäris. Özüňe ynanmagy başarmak üçin, şu aşakda görkezilen käbir zatlara üns bermek size peýdaly bolup biler.


1. Özüňi gaty tankytlamak.


Ilki bilen özümizden başlalyň. Aslynda özüňe ynanmakda esasy mesele seniň özüň, sebäbi hemme zat aslynda saňa bagly. Adamlar gündelik durmuşynda özüni mydama tankytlamak bilen hereket edýär. Bu tankytlar diňe bellibir çäkde saklansa peýdaly we gowy netijeleri berjekdir. Emma tankyt ol çägiň gyzyl çyzgysyndan çykdymy eýýäm zyýanly bolup başlar. Şol sebäpli özümizi tankytlaýan mahalymyz, bu tankydyň nähili ölçegdäki tankytdygyny barlalyň. Meselem bir zat başarmadyk diýeli, ol başarmadyk zadymyz üçin özümizi tankytlamak diňe bize zyýan berer, sebäbi boljak iş bolupdyr. Ýa-da ýalňyşdyk diýeli, ýalňyşyň netijesini synlap, içiňi çüýredip oturanyňdan peýda bolmaz. Şol sebäpli esasy ýerine ýetirmeli zadymyz, indiki işimize üns bermek. Mydama "bu gezek bolmady, emma indiki gezek gowy taýynlyk görsem, başarjagyma ynanýaryn" ýa-da "bu gezek ýalňyşypdyryn, emma şu zatlary etmesem, indi ýalňyşmaryn" diýmegi başarmaly. Ýalňyşan bolsaňyz diňe ýalňyşa nämäniň sebäp bolandygyny öwrenip, indiki gezek şolary gaýtalamajak bolmaga üns berip bilersiňiz, ýalňyşyň peýdaly tarapy şoldur.


2. Özüňizi öwüň.


Özüňizi gaty tankyt astyna almaly däldigini öwrendik, indi özümizi öwmegi hem öwreneliň. Şeýle sorag ýüze çykýar, gaty tankytlap özüňe ynamy ýykyp bolýan bolsa, özüňi öwüp ony gazanyp hem bolarmy? Elbetde bolar. Eger bir gowy iş eden bolsaňyz, özüňizi öwüň. Meselem ýolda bir çaga dur diýeli, şony elinden tutup ýoldan geçirdiňiz, köp kişi bu hereketiň kän bir üýtgeşik zat däldigini pikir eder. Emma siz örän gowy zat etdiňiz, we adaty adamlar ýaly üns bermezlik etmeli däl-de, özüňizi "men gowy iş etdim, çaganyň ýoldan geçmegine kömek etdim, berekella" diýip öwmeli. Elbetde muny iç sesiňiz bilen diýmeli. Ýa-da mundan hem ujypsyzja bir zat etseňizem, özüňizi öwüp, alkyşlamaly. Bu size özüňiziň ynamyňyzy gazanmak ýolunda kömek eder.


3. Başga adamlary diňlemek.


Elbetde adamlaryň pikiri, baha berişi, tankydy wajypdyr emma her bir adam hem gowy maslahat berjek derejede akylly däl. Her adamyň düşünjesi üýtgeşik. Şol sebäpli sizi tanamaýan, siziň bilen kän gatnaşmaýan adamlaryň pikirlerini gözüňizde ulaltmaň. Esasanam negatiw sözler diýip, keýpiňizi bozan adamlary hiç diňlemäň. Näme bu negatiw sözler? Meselem, bir zat etjek bolaňyzda "başarmarsyň", "edip bilmersiň", "bolmaýmasa", "bolup bilmez" diýýän adamlary hiç haçanam diňlemäň. Şahsyýeti kämilleşdirmek ugrunda "başarmarsyň", "edip bilmersiň" ýaly sözler özüňe ynamyň ganhor sözleridir. Siz "başaryp bilerin" diýip hereket ediň, netijede bir zat etjek bolan mahalyňyz ýoluňyzda her dürli böwetler çykar. Bular käwagt maşgalaňyz hem bolup biler.


4. Geçmişi gorjalamak.


Geçmişi gorjalamakdan hijem peýda tapmarsyň. Geçmişden diňe bir zat öwrenip bilersiňiz, olam ýalňyşlaryňy we olary gaýtalamazlygy. Elbetde her bir adam geçmişinde erbet, hatda aňa zeper ýetirjek zatlar başyndan geçiren bolmagy mümkin. Netijede hemme maşgalada ene-ata akylly-zehinli bolup duraýanok. Emma geçmişde nähili zatlary başdan geçiren bolsaňyz, olar geçmişde galdy. Indi ol zatlar ýok. Geçmişde bolan zatlaryň häzirki durmuşyňyza täsir etmegine ýol bermäň. Geçen zat geçdi, emma geljek öňde, wagt öňe tarap hereket edýär, yza aýlanmaýar. Şol sebäpli geçmişiňizdäki erbet wakalary unutmasaňyzam olary dowam etdirmäň. Eger ol gaty erbet bir hadysa bolsa, ol zäheri ýaşadyp näme etjek?


5. Jemgyýetçilik gatnaşyklaryna goşulmak.


Adamzat - jemgyýetiň önümi. Şol bir wagtyň özünde sosial jandar. Şol sebäpli adam gatnaşyk gurmaga, pikir alşyp berişmäge mätäç. Eger siz öýüňizde, hiç zat bilen işiňiz bolman, diňe bir zatlar bilen meşgul bolup ýören bolsaňyz özüňize zyýan edersiňiz, özüňize muny dözmäň. Daşaryk gidiň, dünýä bilen tanyşyň, meselem bir kursa ýazylyň, bir seýilgähe aýlanyň, köpçülige goşulyň, umuman, jemgyýetçilik gatnaşyklaryna goşulyň.




Ulanylan çeşmeler:


1. Haluk Tatar, "Zafer sizlanarak kazanilmaz", Destek Yay, 20. Baski, Mart 2019.

2. Sam Horn, "30 adimda özgüven", Koridor Yay, Istanbul 2022.

40
354